Teswirler (14)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

TÜRKMENISTANDA HALKALAÝYN WE DOLY GÜN TUTULMA HADYSASY HAÇAN BOLAR?

3 minut alar

TÜRKMENISTANDA HALKALAÝYN WE DOLY GÜN TUTULMA HADYSASY HAÇAN BOLAR?

 29.04.1976-dan bäri halkalaýyn, 30.06.1954-den bäri doly gün tutulma hadysasy Türkmenistanyň territoriýasynda bolup geçmedi. Indi haçan boljagyny bilmek isleseňiz bu makalamy okamaga dowam ediň! 😌🙌

Ýer ýü­zü­niň haý­sy­dyr bir ýe­rin­de Gü­nüň ýa-da Aýyň tu­tu­landy­gy­ny met­bu­gat we te­le­ýaý­lym ar­ka­ly görensiňiz, eşi­den­si­ňiz. Eý­sem, Gün nä­dip tu­tul­ýar­ka? Bu ha­dy­sa Aýyň Ýer bi­len Gü­nüň ara­ly­gy­na gir­me­gi esasynda ýü­ze çyk­ýar. Aýyň bu he­re­ke­ti Ýe­re kö­le­ge sal­ýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýer Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ýar. (Meniň şahsy garaýşymyň beýle däldigni bildirmek isleýän. Meniň üçin gün ýeriň daşyndan aýlanýar 😌🙌) Ýe­riň hem­ra­sy Aý hem Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Bu he­re­ket bel­li ara­lyk­lar­dan Ýe­riň haý­sy­dyr bir ýe­rin­de Gün ýa-da Aý tu­tul­mak ha­dy­sa­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ýag­ny Gün, Aý we Ýer deň çy­zy­gyň ug­run­da ýerleşýär. Ylmyň kömegi ar­ka­ly tu­tul­ma ha­dy­sa­sy­ny bir­nä­çe ýyl, hat­da asyr öňün­den anyk­la­mak müm­kin. Gün üç gör­nüş­de tu­tul­ýar – hal­ka­ly, bö­lek­le­ýin we do­lu­ly­gy­na. Gü­nüň tu­tu­lan wag­tyn­da­ky şe­ki­li­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy Aýyň, Ýe­riň we Gü­nüň he­re­ke­ti­ne bag­ly bol­ýar. Aý Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýan ma­ha­ly el­lips şe­ki­lin­de bol­ýar we öza­ra uzak­ly­gy yzy­gi­der­li üýt­ge­ýär. Tu­tul­ma wag­tyn­da Aý Ýe­re ýa­kyn bol­sa, dia­met­ri Gü­nüň­ki­den has uly bo­lup gö­rün­ýär we Gü­nüň ýü­zü­ni tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly ört­ýär. 

Aý Ýer­den uzak­da bol­sa, Gü­ni tu­tuş­ly­gy­na ör­tüp bil­me­ýär, di­ňe iç­ki bö­le­gi­ni ýap­ýar. Mu­ňa hal­ka­ly Gün tu­tul­ma­sy di­ýil­ýär. Aý dur­ýan ýe­ri­ne bag­ly­lyk­da, Gü­nüň bel­li bir bö­le­gi­ni ýap­ýan bol­sa, bö­lek­le­ýin Gün tu­tul­ma­gy di­ýil­ýär. Ýy­lyň do­wa­myn­da Gün tu­tul­ma ha­dy­sa­sy dünýäniň dürli ýerinde 2-5 ge­zek bo­lup geç­ýär.

Doly we Halkaly Gün tutulmagy, gönüden-göni görmek mümkin bolan belli bir ýerde (lokasiýada) ajaýyp wizual tomaşa görkezýär.  Şeýle-de bolsa, aýyň kölegesiniň düşýän diametriniň takmynan 260 kilometre golaý meýdandan daşarda bu ajaýyp hadysany, ýapylma möçberi azalýandygy üçin "Bölekleýin Gün Tutulmasy" hökmünde synlamak mümkin.  Bu, asmanyň dinamikasy bilen synlaýjylaryň Ýerdäki pozisiýalarynyň arasyndaky täsiriň ajaýyp mysalydyr.  Gyzykly tarapy, astronomiki hasaplamalaryň netijesinde bu täsin tejribäniň takmynan 100-150 ýyldan soň şol bir ýerde gaýtadan başdan geçirilip bilinjekdigini çaklamak mümkin.  Bu, asmanyň syrlarynyň we wagtyň geçmegi bilen baglanyşygyň tebigatyň ritmleri we ähliumumy sikller hakda bize hemişe täze zatlary öwredip biljekdiginiň subutnamasydyr.

Indi bolsa Türkmenistanda Halkaly we Doly gün tutulmalaryň haçan boljagny açyklamazdan ozal, Türkmenistan üçin indiki gün tutulma hadysasy 02.08.2027-de bolup geçer. Dünýäniň 10-dan gowrak döwletinde bu hadysany Doly tutulma şekilinde synlamak mümkin bolsa-da, Türkmenistanda bu hadysa  bölekleýin şekilde synlap bileris.

Indi bolsa gepi köpeltmän garaşýan maglumatyňyzy berip başlasam... Nobatdaky Türkmenistanyň çäginde synlap boljak Halkalaýyn gün tutulma hadysasy 11.06.2048ý.-da bolup geçmegine garaşylýar. 

Ýokarky suratlarda görşümiz ýaly, goýy gyzyl zolagyň içinda Halkalaýyn gün tutulmasyny has amatly synlap bolýan bolsa, ol zolakdan daşarda güniň ýapylma möçberi azalýar...

30.04.2060-da bolsa Türkmenistanyň çäginde Doly gün tutulma hadysasynyň bolup geçmegine garaşylýar.

Suratdan görşümiz ýaly bu tutulmany has gowy şekilde Köneürgenç, Daşoguz, Boldumsaz, Gazojak şäherlerinde synlamak mümkin. 


Peýdalanylan çeşmeler: 

  1. https://kitapcy.ru/news/25_nji_oktyabr_gun_tutulmasy/2022-10-17-23610
  2. https://www.timeanddate.com/
  3. https://www.solar-eclipse.info/en/
139 |
|