Türkmen

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys

Orta mekdebi gutaranymda, kompýuterler bilen baglanyşykly bir zatlar etmek isleýändigimi bilýärdim, ýöne takyk näme edip biljegimi bilemokdym. Daş-töweregimdäkilere-de diňe programmist bolmak isleýändigimi aýdýardym. Ýöne, haýsy ýoldan gitmelidigimi ýa-da bu ýollaryň meni nirä eltjegini bilemokdym. Daş-töweregimde ýagdaýy meniňki bilen meňzeş, üstünlikli mysallar ýokdy. Öz ýolumy özüm anyklamaly boldum. Ýyldyz Tehniki Uniwersitetini taşlap, Bilkent uniwersitetine geçenimde ýagdaý ýuwaşdan üýtgäp başlady. Bilkent uçurymlarynyň köpüsiniň Google, Facebook ýaly uly tehnologiýa kompaniýalarynda işleýändigini gördüm. Olaryň käbiri bilen tanyşmak mümkinçiligimem boldy.…

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys

BITARAPLYK – ABADANÇYLYGYŇ ÝOLY

Bitaraplyk Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynda döwletleriň syýasy agramy öňe sürýän gymmatlyklarynyň adamzadyň bähbitlerine laýyk gelmegi, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeliligi bilen kesgitlenýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir daşary syýasatyň aýratyn ugry bolmak bilen çäklenmän, eýsem döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny kesgitleýän strategik ösüş filosofiýasyna öwrüldi. Wagtyň synagyndan üstünlikli geçen bu syýasy ýörelge häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň pugtalanmagynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmeginiň we ýurdumyzyň ählumumy başlangyçlarynyň goldanylmagynyň…

BITARAPLYK – ABADANÇYLYGYŇ ÝOLY

MUKADDES GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ ÇÜWEN YKBALY

Garaşsyzlyk – her bir halkyň taryhyndaky iň beýik, iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ol diňe bir döwlet özbaşdaklygynyň nyşany bolman, eýsem halkyň milli buýsanjynyň, erkin pikiriniň, öz ykbalyny özi kesgitlemek hukugynyň hem-de geljege bolan ynamynyň beýanydyr. Türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuw eden mukaddes maksady bolan Garaşsyzlyk ýurdumyz üçin täze taryhy eýýamyň başlangyjyna öwrüldi. Şanly 35 ýyllyk şöhratly ýol geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we durmuş taýdan uly ösüşlere eýe bolandygyny, halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar…

EÝ, MÄHELLE, GÜNDELIK GEPLEŞIKLERDE ULANÝAN SÖZLERIMIZ AZALÝAR !

Türkmen dilinde jemi 50.000 sözüň bardygyny bilýärsiňizmi ? Wikipedia öz resmi web-saýtynda bu barada belläp geçipdir. Gyzyklanýanlar üçin çeşmesi aşakda görkezilendir. Türkmen dilimiziň baýdygyna garamazdan, günlük ulanýan sözlerimiziň sany 300 ýa-da 400-i geçýän däldir diýip pikir edýärin. “Munuň sebäbi nämedenka?” - diýip özüňize sorap gördüňizmi? Menem şu soragy özüme köpden bäri soraýaryn. Aşakda käbir jogaplar bilen özümi kanagatlandyrmaga synanyşdym. Garaýyşlaryňyz bar bolsa goşant goşup bilersiňiz! Soňky döwürlerde kitap okaýanlaryň sany barha azalýar diýip köp ýerden…

EÝ, MÄHELLE, GÜNDELIK GEPLEŞIKLERDE ULANÝAN SÖZLERIMIZ AZALÝAR !