Hekaýa

Şasenemiň hekaýasy…

Her Mejnunyň bir Leýlasy bar. Her Mejnunyň maksadyna ýetmegi üçin geçmeli bir çöli bar. Ýöne Mejnunyň gözi şol çöli we içindäki kynçylyklary görmez. Ol özüniň söýgüsiniň ululygyna sereder. Her söýýän jübütiň gowuşmasy üçin pida etmeli, el çekmeli zatlary hökman bardyr, eger hakykatdan hem söýýän bolsa. Bu waka şeýle başlandy…. 1-nji sentýabrdy. Säher bilen kim okuwa, kim işe howlugýardy. Men bolsa uniwersitete howlugýardym. Sebäbi talyp bolmak arzuwym hasyl bolupdy. Okuwymyň ilkinji güni hem begenýärdim, hem aljyraýardym……

Şasenemiň hekaýasy…

Üstünligiň syry

Adamyň biri parkda ýeke özi oturdy, kellesini elleriniň arasyna syrly-syrly pikirlenýärdi. Işleri bulaşyp, batmaklayga ýakyn bolan telekeçi biridi. Näme etse etsin işleri düzelmeýärdi. Bir tarapdan kredit berenler ony gyssaýarka, beýleki tarapdan-da bir topar adam töleg edilmegine garaşýardylar. Erbet içi gysypdy, hiçbir çözüw ýoluny tapyp bilenokdy. Şonuň üçin hem parkda ýadawlykdan ýeňlemek üçin oturýardy. Edil şol wagt hem ýanyna garry ýaşuly geldi-de: “Gaty gamgyn görünýäňle. Seni birahat eden bir zadyň bardygy belli...Meň bilen paýlaşmak isleýärmiň?” diýip…

Üstünligiň syry

Sabyrly derwiş

Bir gün derwişiň biri çörek almak uçin çörek dükanyna gelip bir giden adamlaryň yzyna nobata durupdyr. Ençeme wagt geçenden soň adamyň çörek alma wagty gelende çörek satýançy, nämedir bilinmeýän bir sebäpden gaharjaň ýüzi bilen “Ýok saňa çörek!” diýip derwişi kowupdyr. Derwiş by, urana elsiz söwene dilsiz. Hiçzat diýmäni ýene-de nyzamyň iň yzyna geçip çörek üçin nobata durupdyr. Ençeme garaşanyndan soň ýene çörek almak nobaty gelende hälki satyjy önkisi ýaly derwişi itekläp, gygyryp kowup goýberipdir. Derwiş…

Syrly gapy

SYRLY GAPY (fantastiki hekaýa) Daň şemaly mylaýym öwüsip, guşlaryň jürküldisi owaz bolup eşdilýän,gül-gülalekleriň hoşamaý ysy kalbyňy heýjana salýan ýaz säherleriniň biridi. Melike daň bilen oýanyp öyüň işine gümra bolup ýördi. Onuň yz ýany bolsa jigisi Maksat oýanypdy. Melike 21 ýaşynda, ýetişen gyzdy, Maksat bolsa 16 ýaşynda ýetginjekdi. Melike jigisini gaty gowy görýärdi, ezizläp saklaýardy. Melike her gün jigisinden we kakasyndan öň turup ertirligi taýýarlap goýardy. Doganlaryň ejesi Maksat 2 ýaşlyjaka aradan çykany sebäpli bulara kakasy…

Bilim ýatdan çykar, emma halypa hiçwagt

Ol gün beýleki günlerden biraz tapawutlydy. Okuwçylaryň çekindikleri ýöne hosdarlary deýin gowy görýän mugallymlaryndan käbirleri ýokdy. Okuwçylaryň arasynda dürli görnüşde gepler bardy. Şonda hem olaryň gelmeklerine umyt bilen garaşýanlar bardy. Olardan biri hem Alydy. Aly mekdebiň abraýyny bilimi bilen ösdürmäge jyrjaşýardy. Onuň mugallymdan ýakyn halypasy Kemal mugallymyň hem bugün soňky ders berdigi gün boljakdy. Emma mundan Aly bihabardy. Kemal mugallym Aly we dostlaryny dersden soň ýanyna çagyrdy. Durmuşa söýgi bilen seredýän bu oglanlar belki bugünden…

Bilim ýatdan çykar, emma halypa hiçwagt

Damja 1 - Tümlük

Salam eziz diňleýiji ýa-da okyjy. Men damja. Ýöne siziň bilýän damjalaryňyzdan däl. “Damja bilen damjaň arasynda näme tapawut bolsun?” diýýän bolup bilersiňiz. Hawa şeýle seredeniňde kän bir tapawudam ýok ýaly. Ýöne men edil şuwagt siziň görüp eşdip biljek ýeriňizde däl. Men ummanyň müňlerçe metr aşagynda. Bäri şeýle bir çuň welin bärde hiçhili ýagtylygam ýok. Tümlügiň iň goýy gatlagynda gezip ýörün. “Eger hemme ýer tümlük bolsa, onda tümlükdedigiňi nirden bilýäň?” diýip bilersiňiz. Aslynda siziň aýdýanyňyz dogry,…

Damja 1 - Tümlük

Özüni mata ýaly duýýan gyz

(hekaýa) - Iň gowusy maňa eliňizem, diliňizem degirmeseňizläň, gelineje! - Men nä biläýin gyz, suratlarda gaşsyz ýaly bolup duraňsoň biraz reňkläýjekdim... - Reňklemäň! Nä size sypatymdan zeýrendimmi?Ýa gelýän-gidýänler, soraýan-ideýänler, gyzyňyzyň gaşy hilal, ýöne biz galyň gaşlylary halaýas diýäýýämi? *** Maňa indi ullakan gyz bolupdyr diýýäler. Gowy gyz diýýämişler, temek diýýänlerem barmyş. Garaz birgiden myş-mişler. Ýöne men özümi soňky wagtlar mata hasaplaýan. Hamala kimdir biri meni nätanyş ülkeden, köne döwürden getirip, öýi elmydama akan-dökän bolan tikinçiň…

Özüni mata ýaly duýýan gyz

Damja 3 – Ýol we ýoldaş

Salawmaleýkim, ýene men geldim. Ara gaty köp wagt salanymy bilýärin. Sizden ötünç soraýaryn. Beýle köp wagt görünmezligimiň elbetde bir sebäbi bar. Siziň öňüňize bahanasyz çykmak biderejik bahanaly çykmakdan has aýyp bolardy, şeýle dälmi? Şunça wagtlap gözden ýitenimiň esasy sebäbi ýolda bolanlygym. Ýadyňyza düşýän bolsa ýokary çykmak üçin iki sany zadyň esasydygyny bilipdim – süýjemek we ýylamak. Ikisi hem içki dünýäm bilen baglanşykly meseleler bolmagyna garamazdan, olar meniň daşky dünýämi hem örän üýtgetdi. Çyndanam ýuwaş-ýuwaş ýokary…

Klero

Bu bir meňzetme... Käte şeýle-de bolaýýar! Uly tokaýda ýalňyz öýjagaz... Öýüň içinde täsin bir oglanjyk; göräýmäge adaty ýaly... Onuň hem saçlary bar, özem altyn öwüsýär, sarymtyl bugdaý reňkli; onuň hem burny bar, ne uzyn, ne-de kelte, ne inçe, ne-de ýogyn, adaty bir burun; onuň hem gözleri bar, goňur, asman ýyldyzlary ýaly şöhle saçýar, hamala diýersiň iň bagtly adam; onuň hem gaşlary bar, ne has ýogyn, ne has inçe, ýöne welin ussat suratkeş çekendir diýersiň; onuň…

Damja 4 – Merjeniň mejnuny

Salam, barmysyňyz. Ýene men geldim, aýtjak zatlarym bar. Buşluk, umman ýagtylyp başlady. Gözüme köp jandarlar görnüp başlady. Ýagty dünýäniň dürli-dürli reňkleri bar eken. Tümlükden çykmak juda üýtgeşik duýgy. Her bir täze reňki görenimde öň bu ýerlere gelip gören ýoldaşlarymdan olaryň atlaryny soraýaryn. Olar diýseň gyzykly. Gyzyl, ýaşyl, sary, gök hemmesem ýaman owadan. Hiç haýsyny beýlekisinden üstün görüp bilmedim. Haýran galyp töweregime seredip barýardym welin birden hemme reňki özünde jemleýän bir balykda gözüm eglendi. Şeýle bir…

Damja 4 – Merjeniň mejnuny