Şahsyýeti Ösdürmek

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Disclaimer ⚠️: Bellik mowzukda siziň şahsy düşünjelerňize, pikirleriňize garşy pikirleriň bolmagy ähtimal! Öňünden duýdyrmady diýmäň we bu pikirler awtoryň şahsy pikirleri bolup hakykat bolmaga dalaşgärlik etmeýär we bu mowzukdan aljak täsirlenmeleriňize we kararlaryňyza awtor jogapkär däl! Nädip hakyky erkek bolmaly? Bellik 2: ⚠️ bu tema diňe erkekler üçin, 18 ýaşdan kiçilere we gyzlara, zenanlara aýallara (umuman femine jandarlara) okamak gadagan! ❌ Salam erkekligiň nämedigne düşünmeýän mikrotestasteronuslar we estrogenuslar. Nädip erkek we hakyky maşgalanyň kakasynyň nähili…

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Bu gyzlardan uzak dur

Bu gyzlardan gaç. Erkekler barada, erkekleriň nähilekdigi, nähilek gyzlary halaýandygy, nähili häsiýetleriniň howpludygyny, nähili erkeklerden uzak durmalydygy we ş.m birtopar zat barada ýazgylar, makalalar, wideolar bar. Esasanam nähilek erkekleriň howply bolýandygy, nähilek erkekleriň ikilik edýändigi, nähilek erkekleriň psihopat, narsist we dälidigi barada gaty kän maglumatlar bar. Erkekler we olaryň dünýäsine degişli gaty kän zat bolandygy üçinem, aýallara degişli zatlar kän ýok ýa-da gürleşilenok, ýa-da gaty öňe çykanok. Şeýle-de aýallar barada erkeklere bir zatlar gürrüň berýän,…

Bir ýylda meniň gazananlarym

Hemme kişem ömrüniň her pursatynda, näçe ýaşasa ýaşasyn durmuşdan ders almaga, bir zatlar öwrenmäge dowam edýär. Hemme kişi üçinem üýtgeşik, bir zadyň başlangyjy bolan, täsin ýyly bolandyr. Menem şu ýyl barada, şu ýylda gazanan, ýitiren, başdan geçiren zatlaryma bir ser salmak isledim. Indi muny her ýyl dowamly ýerine ýetirmek isleýärin, siziň hem etmegiňizi maslahat berýärin. Soň haçanam bolsa, göwnüňiziň islän pursady şol ýazan zadyňyza seredersiňiz, we nähili öňe gidendigiňizi, kämilleşendigiňizi derňäp, geçen ýyla (ýyllara) görä…

Bir ýylda meniň gazananlarym

Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Zigmund Freýd, Awstriýaly psiholog, lukman, psihoanaliz taglymatynyň esaslandyryjysy, 1856-njy ýylda Fraýberg şäherinde dünýä indi. Ol filosofiýa we psihologiýa ylmyna örän uly goşant goşan özboluşly şahsyýetdir. Onuň aýdanlary döwründe ýazgarylsa-da, häzirki döwürde içgin öwrenilýär we psihologiýada giňden ulanylýar. Ol öz işlerinde adamy, onuň işjeňligini, medenileşmegini we tutuş medeniýeti emele getirmegini beýan edipdir. Gyzyklanýan ugry: filosofiki antropologiýa. Zigmund Freýd Freýdiň tassyklamagy boýunça adam öz haýwan ata-babalaryndan nesil boýunça alýan instinktiw meýilleriň, ilki bilen jyns we özüňi halas…

Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Iň köp eşidýän zatlarym: okajak, baýajak, biznes etjek, gowy ýerde işlejek, abraýly hünäriň eýesi boljak, abraý gazanjak, tanymal boljak, lukman boljak, komitetşik boljak, ministr boljak we ýene köp zat... Näme sebäpden adam boljak diýýänler az-azka?.. Ýa-ha biziň hemmämiz ynsanlygyň aňrybaş nusgasy ýa-da ynsanlygyň ýüz garasy! Ýokarky arzuwlary eşidesim gelenok! Özümem ýokardaky arzuwlar bilen ýaşamok. Gymmatlyk meniň gözümde adam eli bilen elläp bolmaýan zatlarda. Eger sen bir zady alyp bilýän bolsaň (gazanyp däl), onda ol gymmatlyk…

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Özüň bolmak üçin "ýok" diýip bilmek

Bu temadaky aýdyljak zatlary hemme kişiniňem bilmeli zadydyr diýip pikir edýärin. Temamyz, adamlara "ýok" diýip bilmek. Aňsat zat ýaly görünýän bolmagy ahmal, emma hiç beýle aňsat zat däl aslynda. Adamlar köp halatda "ýok" diýmegi başaranoklar. Aslynda "özüne ynamly" diýip hasaplaýan köp adamlarymyzyňam arasynda "ýok" diýip bilmeýän ýerleri bolýar. Aslynda bu doly ýagdaýda "özüňe ynam" bilenem däl-de, häsiýetimiz, ýetişdirilişimiz, şahsy aýratynlyklarymyz bilen baglanyşykly. Ilki bilen, şuny bilmelidir. Biz, "ýok" diýip bilşimize görä erkindiris. Munyňam sebäbine ýazgyny…

Özüň bolmak üçin "ýok" diýip bilmek

Dünýäniň awtonastroýkalary

Dünýäniň awtonastroýkalary: Meň göwnüme mydama erbet gyzlar ýaraýar, (sterwa diýilýänler) gözi gaşy gaharjaňdygyny aýdyp duran gyzlar bolýara ana şolar, mähirli gyzlar näme üçindir gözüme ilenok. Sebäbi mende bilim kän, köp kitap okaýan, bilim diýen zat bolsa puldan gymmat, puly adamyň elinden alyp bolýar, bilimi alyp bolanok, bilimi ol dünýäde hem. ulanyp bolar. Onsoň men öz bilimime buýsanmaz ýaly, maňa erbet gyz gerek, meni mydama başga tarapdan kemsider ýaly, şeýle gyzlar şol sebäpden meň göwnüme hem…

Ýanymda göterýän depderçämden pikirler... (

Siz hemişe yhlas edip işlän zadyňyzy alyp bilmersiňiz. Ýöne beýlekileriň saňa goýan we beren zadyna razy bolsaň hemişe şolary alarsyň. Siz işlemäni birden öz standartlaryňyzdan geçýän zat döredip bilmeýäňiz. Döredijilkde iki düzgün: Hezil edip işleýän adam ýeňýändir. Pellahana barýan ýol/Dagyň depesine çykyş progresiň iň gyzykly ýeridir. Başlamak üçin batyrlyk + tebigy taýdan saňa aňsat gelýän zada ünsüňi berip işläp bilmek + şol işde tutanýerlilik edip sabyr bilen kiçi ýeňişlere ýetmek + işlemek = Ine siziň…