Sungat

Meniň düşünýän hem-de düşünmeýän zatlarym...

"Doýanyna dokuz gün, semränine sekiz gün..." Halk pähimi. Enem kä bir pisindi oturmaýan adamsyna “Hýäk bende, doýanyna dokuz gün , semränine sekiz gün-diýileni-dä. Taňryň beren gününi göterinmäge-de i:njik gerekdir- diýerdi...Meniň çaga aňym ol wagtlar bu sözleriň birine-de düşünmeýärdi. I:njik küje, Taňry küje?.. Asla, ol sözler düýbünden başga zatlar barada aýdylan ekeni. Her iýmişiň öz möhleti bolşy ýaly halkyň mizemez paýhasyna ýetmek üçinem wagt gerek bolýar. Men, inçeden aýlawly bu paýhasyň, bary-ýogy görümsiz göterimler baradalygyna, has…

Meniň düşünýän hem-de düşünmeýän zatlarym...

Türkmen nusgawy gitara sungatynda täzelik

Ýaňy ýakynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan aýdym-saz we sungat mekdepleri üçin nusgawy gitara baradaky ilkinji okuw kitaby Türkmenistanda ilkinji gezek neşir edildi. Okuw kitaby barada aýtsak, ol 9 bapdan we 200 sahypadan ybarat bolup, birnäçe görnüşde ululy-kiçili sazlardan, esasan çagalar we ýörite sazçylyk sungat mekdeplerinde okaýan ýaşlar üçin niýetlenendir. Şeýle hem kitapda okuwçylaryň tehniki ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin maşklar we gônükmeler bar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda uly zähmet siňdirilen bu okuw kitabynyň awtorlary barada aýtsak,olar Maýa…

Türkmen nusgawy gitara sungatynda täzelik

Hudožnik kim? –diýip sorag saldylar...

Geň zat-Hudožnik-diýlende, ony hemme kişi tanaýan ýaly... Ýöne, onuň kimdigini welin bilýän ýok... Onuň kimligini Hudožnigiň özem bilmeýärmikän diýýärin. Çünki, gözüne ilen tegmilden keşp ýasamaga, göwün hyýaly gözünden uçmanka, ony kalbyna salmaga howlugyp ýörşüne, özi barada pikir etmäge, onuň wagty hem ýetmeýär... Ýakup Annanurow iş ornunda. Göwün hyýalyny, ömür salyny Gözlerniň nuruny reňklere eýläp Möwjy:za döredýär-ajaýyp dessan Soňra hiç kim bilmez ony gaýtalap... Maral Annanurowa iş ornunda. Hawwa, Hudožnigi gaýtalamak mümkin däl. Ony diňe göçürmek…

Hudožnik kim? –diýip sorag saldylar...

Häsiýet-ykbaly taplaýar. Meniň “men” bolmagyma ýeten täsirler...

Hawwa, durmuş şertleri häsiýetiň kemala gelmegine täsirini ýetirýär. Tutanýerli, erjel häsiýet ykbaly, durmuşy özgerdýär. Bizem, çagalykdan, her kimiň öz orny, öz borjy, kesgitli maşgalada-berk düzgünde terbiýelenipdik. Berk düzgün...Ol-ýaşymyzyň, ýagdaýymyzyň çataýjak işi tabşyrylyp, ýokary netijäni aňladardy. Edil. haýal-ýagallyk ýaly harsallygam hasaba geçmezdi. Diňe, ýokary hilli zatlar, kanagatly hasaplanýardy. Nahar siňňin bişmeli, iş sünnä bolmaly. Öý-işik, gap-gaçlar ýalpyldap durmalydy.. Şeýle talapkär häsiýeti üçin ejemiň daşyndan ýörgünli ady- “TK”- tehniki kontroldy. Uly-kiçi, hemmämiz şol kontrola boýundyk. Belki, şol…

Häsiýet-ykbaly taplaýar. Meniň “men” bolmagyma ýeten täsirler...

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Mona Liza we syýahatçylar. Çeşme: [1] Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.…

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Düşünenler bilen galasym gelýär...

M. Annanurowa, “Aşgabatda säher çagy” Sag-aman daň atýar-ýagtylýar jahan Guşlaryň dilinde ýüz dürli kelam Zemine ýaýylýar-Kelamlar başy- Es-salam giň dünýä, es-salam ynsan- Netiň abat bolsun-päliň abadan!!! Meniň pikirimçe: Bar zadyň özi-özi hakynda iň takyk maglumat berip durkan, hakykata deňeşdirmäň üsti bilen göz ýetirip bolýar! Hawwa, bu ýazgylar, meniň köp ugurly döredijiligime-surat sergilerimdir merkezi metbugatdaky çykyşlyryma bolan gyzyklanmalara, “Watan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan berilen jogap bolmaly. Sebäbi meniň çeper döredijilikden başga-da, arhitekturanyň taryhy we şu güni, 90-njy…

Düşünenler bilen galasym gelýär...

Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr

“Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr.” Çarlz Darwin. Döredijilik- ynsan göwnüniň sudura giren keşbi bolansoň, eseriň “tagamyny almak” üçin ilki bilen awtoryň göwün ýaýlasynyň “howasyny” duýmak zerurdyr. M. Annanurowa, “Ak göwne tagzym” Sen şeýle kiçiňiň hem şeýle giňdiň Bu gün bolsa buz üstünde lowlaýaň Gözüň görejinde ýer tapan Göwün Neçün giň jahana sygmajak bolýaň Ýatlamalaň dünýesinde ylgaşlap Surnugaňda arzuw a:tly salgymdan Gyrtyç basan köne güzeriň taşlap Torgaý bolup galgap gaýtdyň ýaýlamdan Haýsy…

Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr

GÖÇÜRIJILIK WE DÖREDIJILIK BARADA OÝLANMA

source: ideas for beginners Beýik açyşlar we täze öwüşginler hakyky sungatyň döremegine sebäpdir. Sebäpler bir ýere jemlenmese, ne açyşlar ne-de ösüşler peýda bolýar. Sungatda kämilleşme bolmasa, sungat sungatlygyna galmaz. Sungat kämillik bilen deň derejede gitmese ol elmydama ýitmäge borçludyr. Naýbaşy eser döretmek üçin adama wagt we döredijilik gerek. Döredijilik täze pikirler, ajaýyp ideýalar we original taslamalar arkaly peýda bolýar. Ösüşe eýe, kämilleşmäge ukyply her bir pudaga sungat diýilýär. Sungatda özgeriş we ösüş bolmasa, ol ýitmegin…

GÖÇÜRIJILIK WE DÖREDIJILIK BARADA OÝLANMA

Sungatyň güýji :-)

Waka: Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň aýaklarydy. Işdeş dostum irden işe geldi. Ýüzi salyk. Güp ýaly çişen gözlerinden gijäni çirim etmän ukusyz geçirendigini aňsaň boljak. -Dos, näme boldy? Ýaman ýüzüň salyk-la,-diýsem, ajymtyk ýylgyryp, başyny ýaýkaýar: -Aý, aglajakmy, güljekmi, düşüner ýaly däl... -Hä, näme boldy? -Äý, düýn işden soň oglanlaryň biriniň ogul toýuny gutlamaga gitdik. Sagat onlarda öýe barsam, ejem ýarym-ýaş bolup aglap otyr. “Allajanlarym näme heýhat gopduka?” diýip janym kekirdegime geldi. “Eje, näme boldy?” diýip aljyrasam,…

Sungatyň güýji :-)