Teswirler (11)

Ýüklenýär...
User Avatar

GÖÇÜRIJILIK WE DÖREDIJILIK BARADA OÝLANMA

2 minut alar

 

3D animation ideas for beginners; Start-to-Finish guide (Easy to follow)
source: ideas for beginners

 

Beýik açyşlar we täze öwüşginler hakyky sungatyň döremegine sebäpdir. Sebäpler bir ýere jemlenmese, ne açyşlar ne-de ösüşler peýda bolýar. Sungatda kämilleşme bolmasa, sungat sungatlygyna galmaz. Sungat kämillik bilen deň derejede gitmese ol elmydama ýitmäge borçludyr. 

 

Naýbaşy eser döretmek üçin adama wagt we döredijilik gerek. Döredijilik täze pikirler, ajaýyp ideýalar we original taslamalar arkaly peýda bolýar. Ösüşe eýe, kämilleşmäge ukyply her bir pudaga sungat diýilýär. Sungatda özgeriş we ösüş bolmasa, ol ýitmegin howpy astyndadyr. Döredijilik üçin irginsiz gözleg we synçylyk zerurdyr. Tebigata ýakyn bolýan adamlaryň döredijiliginde elmydama bir tapawutlylyk bolýar. Olaryň hiç haçan ýazan eserinde, oýlap tapan sazynda, taraşlan heýkelinde ýa-da çeken suratynda galplyga duş gelmersiň. Galplyk, döredijilik bilen hiç haçan deň derejede ýaryşyp bilmez. Sungaty döretmek beýiklikdir we beýiklik elmydama ýokary derejä mynasypdyr. Belentlerden belentde ýerleşýän her bir dag aslynda bir sungat eseridir. Olary ne ýasap ne-de göçürip bolýar. Asmana bir syn ediň, onuň durşy, onuň bolşy täsin bir eseriň subutnamasydyr. Onuň ne deňi ne-de taýy bardyr.

 

 

Ençeme eseri döredip, pellehana ýetdim diýensoňam adamyň ýazyş usulynda käbir üýtgeşmeleriň bolmagy adaty bir ýagdaýdyr. Hakykata ymtylýan her bir ýazyjy hiç haçan göçürijilige we galplyga bil baglamaz. Göçürijilik bilen hiç haçan bir ýere baryp bolmaz. Baraýaňda hem uzak ýol alyp bilmersiň. Ýazyjy öz stilini tapmaga çemeleşmelidir. Ony tapmagyň ýeke-täk usuly, ýadawsyz zähmet we irginsiz gözlegdir.

 

159 |
|