Tebigat

ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝADAKY ORNY WE JEMGYÝETÇILIK JOGAPKÄRÇILIGI

Häzirkizaman ekologiýa meseleleri diňe alymlaryň, döwlet edaralarynyň ýa-da halkara guramalarynyň çäginde galmaýar. Olar gündelik durmuşymyzyň, pikirlenişimiziň we geljegiň gönüden-göni bir bölegine öwrüldi. Bu meseleleriň merkezinde bolsa, aýratyn bir jemgyýetçilik topary – ýaşlar durýar. Sebäbi geljek hem-de geljegiň nähili boljakdygy ýaş nesliň şu günki gün nähili karar kabul edýändigine baglydyr. Ýaşlar jemgyýetiň iň hereketli, üýtgeşmelere açyk we täzelige çalt uýgunlaşýan gatlagydyr. Hut şu aýratynlyklary sebäpli, ýaşlar ekologiýa meselelerinde hem hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýärler. Ekologiýa bilen…

EKOLOGIÝA — GELJEGIŇ GÖZBAŞY

Tebigat adamzadyň öýi, ony goramak bolsa, biziň her birimiziň borjumyzdyr. Adamzat XX-XXI asyrlarda ösüşde ägirt uly sepgitlere ýetdi: senagat, tehnologiýa, şäherleşme, döwrebap durmuş serişdeleri... Ýöne bu ösüşiň täsirlerinden bir zat yza galýardy – tebigat. Günübirin ösýän şäherler, çykdaýjysy köp bolan önümçilikler, suwuň we howanyň hapalanmagy, tokaýlaryň gyrylmagy – bularyň hemmesi ekologiýamyzyň durnuklylygyny howp astynda goýýar. Ekologiýa bu diňe ylmy düşünje däl – ol biziň ýaşaýyş şertimizdir. Sagdyn tebigat bolmasa, sagdyn durmuş bolmaz. Şonuň üçinem, häzirki…

Hrizantemalar haçan gülleýär?

Soragyň jogaby kimden soraýanyňa görä üýtgeýär. Botanika kitaplary bilen garnyny doýuran birine sorasaň “Paheý, bu-da bir soragmy? Elbetde güýzde gülleýär. Sebäbi Hrizantemalar “Uzak gije - gysga gündiz” ösümlikleridir. Şonam bileňogaý” diýer. Umumy gülleriň güllemegi barada hiç pikir etmeýän, ösümlikleri görende diňe saryja sygyry ýadyna düşýän birinden sorasaň “Aý haçan güllese şonda güllesin, maňa näme.” diýer. Ikisiniň hem jogaby özüne görä dogry. Meniňem özüme görä bir jogabym bar. Hrizantemalar gije güllär! “Goýsaňa houuu, gijede bir gül…

Hrizantemalar haçan gülleýär?

TEBIGATY GORAMAK – GELJEKKI NESILLERIŇ YNAMY

Adamzadyň taryhy bilen bilelikde tebigat hem hemişe onuň ýanyndady. Arassa howasy, süýji suwy, baý topragy we dürli-dürli janly dünýäsi arkaly tebigat bize ýaşaýşy bagyş edýär. Ýöne soňky onlarça ýylda adamzadyň tebigata edýän täsiri örän güýçlendi. Şäherleriň ulalmagy, senagatyň ösmegi, tehnologiýanyň çalt depginde öňe gitmegi bilen daşky gurşawyň aýawsyz ulanylmagy daş-töweregimize uly zyýan ýetirýär. Şonuň üçinem, häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biri – ekologiýany goramakdyr. Biz gündelik durmuşda tebigatdan giňden peýdalanýarys. Ýöne onuň mümkinçilikleriniň çäklidigini ýatdan…

TEBIGATYMYZYŇ ÝAŞAÝŞYMYZDAKY ÄHMIÝETI

Adam özüniň daş-töweregini gurşap alan tebigata sarpa goýup, onuň baýlyklaryny aýawly saklap, nesilden-nesle geçiripdirler. Tebigatyň arassalygy onuň howasyndan dem alýan her bir janly-jandaryň, şonuň bilen birlikde, ynsan ýaşaýşynyň düýp özenidir. Tebigat janly zatdyr. Görer göze jansyz ýaly bolup görünýän baýyrlyklar, daglar, düzler, ot-çöpler hem tebigatdan dem alýar. Ösümlikleriň gülleýişleri, miwe berişleri bularyň bary tebigatyň arassaçylygy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Şonuň bilen bir hatarda, adamlaryň saglygy hem tebigat bilen gönüden-göni berk baglanyşyklydyr. Sebäbi ýer ýüzünde ösýän ösümlikleriň…

PLASTIKI ZYŇYNDYLAR – XXI ASYRYŇ IŇ ULY HOWPY

Plastik biziň gündelik durmuşymyza girip, ol adaty zat ýaly görünýän bolsa-da, onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýany örän uludyr. Dünýäde her ýylda 400 million tonnadan gowrak plastik öndürilýär we onuň ep-esli bölegi gaýtadan işlenilmeýär. Netije-de, deňizlere, derýalara we topraga düşýän plastiki serişdeler ýüzlerçe ýyllap çüýremeýär. Plastiki hapalanma diňe janly-jandarlara däl, eýsem adamlara-da täsir edýär. Deňiz haýwanlary plastiki önümleri iýip ölýär, mikroplastikler bolsa, azyk zynjyry arkaly biziň bedenimize çenli gelip ýetýär. Eger bu ýagdaý şeýle dowam etse,…

GIJIGEN AÝGYT

“Magtymguly, ne bar içmek-iýmekden? Jan jesetden gider, et hem süýekden; Göz görmekden galar, til hem diýmekden, Tilim tibrinerkän, söýlemäýinmi?” Magtymguly-Pyragydan “Şäherçä kino gelipdir” diýen habar ýaýrandan, uly-kiçi ýüzüne ak mata gerlen bina bakan eňdiler. Ejesiniň köýneginden ýapyşyp barýan kiçijik oglanjyk gök meýdançada ösüp oturan ajaýyp serwi agajyna täsin galyp seredip geçdi. Onuň öňünde täze dünýä açylan ýaly boldy. Kino gidip durka-da oglanjyk jadyly duýgulara batyp otyrdy. Ekrandan ýaňlanýan bir aýdym tomaşyçylary heýjana saldy. Oglanjyk ejesine…

GIJIGEN AÝGYT

Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024)

2024-nji ýylyň sentýabrynda ýurdymyz boýunça Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024) geçiriler. Çäre Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldaw bermegi bilen gurnalýar. Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahatynyň esasy maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň ähmiýetini görkezmek, ýüze çykýan meseleleri milli we dünýä derejesinde çözmek, Türkmenistanyň ýaşlaryna ylham bermek we olary klimat başlangyçlaryna…

Bu dünýe biz üçin

Ýagty jahanda adamzat üçin tebigatda ýaşamak üçin ähli şertler döredilen. Ynsan bu dünýädäki ähli material resurslara öz täsirini ýetirip bilýär. Olaryň daşky keşbini, gurluşyny hatda düzümini hem üýtgedip bilýär. Medisina ugrundan ylmyň soňky gazananlary hem tebigat bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki islendik däri-dermanyň özeni tebigatdaky ösümlikdir, otlar hem-de haýwanlar bolup durýar. Bu ýeriň tebigaty ondaky janly-jandarlar, ösümlikler ynsana döredilen ýaly. Men bu pikir ýöretmämi dogry diýip hasap etsemde ýalňyşmasam gerek. Adamyň organizmi we ondaky ähli gündeki…

ÝAŞYL ŞÄHER – GELJEGIŇ KEPILI

Şäherleşme dünýäniň ähli ýurtlarynda depginli dowam edýär. Adamlar şäherlere göçüp, senagat we hyzmat ugurlary boýunça işleýärler. Emma şäher giňeldikçe, ýaşyl meýdanlar, baglar we tokaýlar azalmaga başlaýar. Netije-de, şäherde ýylylyk artýar, howanyň hili peselýär, adamlaryň psihologik ýagdaýy hem bozulýar. “Ýaşyl şäher” düşünjesi dünýäniň ösen ýurtlarynda giňden ulanylýar. Ol diňe bir köp bag ekişligi däl-de, eýsem, şäher gurluşygynyň ähli tapgyrlarynda tebigata laýyk çemeleşme arkaly amala aşyrylýan ulgamdyr. Bu düşünje boýunça: köçeleriň gyralarynda baglar ekilýär, jemgyýetçilik ýerlerinde çyglylyk…