Sungat

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Mona Liza we syýahatçylar. Çeşme: [1] Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.…

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Fizikanyñ kanunlaryna boýun egmeýän heýkeller

© Jean-Pierre Dalbéra Bütin dünýäde we hatda internetde hem ajaýyp heýkelleri tapyp bolýar. Bu heýkelleriñ döredijileri şekillendiriş sungaty dünýäsinde bar bolan düzgünleri üýtgetdiler.Şeýle sungat eserleriñ birnäçesi bilen tanyşyp geçeliñ. "Pil üçin agyrlyk güýjüniň aýratynlyklary" Daniel Freimanyň syýahatçy heýkeli hatda Pariždäki Fontenblo galasynda hem görkezildi. Awtor ,özüniñ pil burny bilen ýerden 18 metr beýiklikde deňagramlygy saklap bilmegi baradaky teoriýa bagyşlady. © Alyx Dellamonica "Karma", ABŞ. Koreýaly heýkeltaraş Do-Ho Su döreden heýkeli Nýu-Ýork-daky Olbraýt-Noks sungat galereýasyna gelýänleri…

Fizikanyñ kanunlaryna boýun egmeýän heýkeller

ZENAN HEKAÝATY...

Zenany tanap bolar, aňlamak mümkin däldir... Sokrat V asyr. M. Annanurowa, “Tomirisiň ýeňiş tansy” “Zenan hekaýaty” spektakldan Erenleriň giriş gazaly. Älemde torç edip sagy hem soly Kän ýerden geçipdir türkmeniň ýoly Ýollarda gol aşyp, gonak bolupdyr Menziller külterläp, tanap bolupdyr Heňňam a:tly lasyrdaýan gazanda - Taplana, taplana polat bolupdyr Bu ýowuz taryhyň her sahabynda Gerçek- är kişiler goýsalar yzyn Diňe bir ärler däl, gaýraty bilen Edebi hünäri, sungaty bilen Döwüşi-söweşi şöhraty bilen Taryhy bezäpdir türkmeniň…

Meniň düşünýän hem-de düşünmeýän zatlarym...

"Doýanyna dokuz gün, semränine sekiz gün..." Halk pähimi. Enem kä bir pisindi oturmaýan adamsyna “Hýäk bende, doýanyna dokuz gün , semränine sekiz gün-diýileni-dä. Taňryň beren gününi göterinmäge-de i:njik gerekdir- diýerdi...Meniň çaga aňym ol wagtlar bu sözleriň birine-de düşünmeýärdi. I:njik küje, Taňry küje?.. Asla, ol sözler düýbünden başga zatlar barada aýdylan ekeni. Her iýmişiň öz möhleti bolşy ýaly halkyň mizemez paýhasyna ýetmek üçinem wagt gerek bolýar. Men, inçeden aýlawly bu paýhasyň, bary-ýogy görümsiz göterimler baradalygyna, has…

Meniň düşünýän hem-de düşünmeýän zatlarym...

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

Surat şu çeşmeden alnan: https://www.imdb.com/title/tt13238346/ Daşary ýurtda ýaşap başlanymda ilkinji halan zatlarymyň biri kinoteatra gidip kino görmek boldy. Ýakynda göçen kiçijek şäherime geläýen wagtlarym uly kinolary görmek üçin niýetlenen kinoteatr ýok diýip aldygyna igenýädim: indi men Nolany ýa Villeneuve-y kiçijek ekranda görmelimi (görkezseler elbetde). Ýöne kiçi kinoteatrlaryň gözelligini görmegime köp wagt gerek bolmady. Kinoteatrymyň diňe özi kiçi däl, görkezýän filmlerem kiçi. Ýagny kiçi büjet bilen düşürilen. Oňa barýan adamlar hem ýörite şo kiçi büjetly kinolar…

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

Düşünenler bilen galasym gelýär...

M. Annanurowa, “Aşgabatda säher çagy” Sag-aman daň atýar-ýagtylýar jahan Guşlaryň dilinde ýüz dürli kelam Zemine ýaýylýar-Kelamlar başy- Es-salam giň dünýä, es-salam ynsan- Netiň abat bolsun-päliň abadan!!! Meniň pikirimçe: Bar zadyň özi-özi hakynda iň takyk maglumat berip durkan, hakykata deňeşdirmäň üsti bilen göz ýetirip bolýar! Hawwa, bu ýazgylar, meniň köp ugurly döredijiligime-surat sergilerimdir merkezi metbugatdaky çykyşlyryma bolan gyzyklanmalara, “Watan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan berilen jogap bolmaly. Sebäbi meniň çeper döredijilikden başga-da, arhitekturanyň taryhy we şu güni, 90-njy…

Düşünenler bilen galasym gelýär...

YLMY FANTASTIKI FILMLERDE MAKSATLARYNDAN SOWULAN 8 ROBOT

YLMY FANTASTIKI FILMLERDE MAKSATLARYNDAN SOWULAN 8 ROBOT Giriş Ylmy fantastika, hyýalyň çäklerini öňe sürýän we tehnologiýanyň adam durmuşynda oýnaýan roly baradaky žanry hökmünde hemişe uly ünsi özüne çekýär. Bu filmleriň iň täsir galdyryjy elementlerinden biri, şübhesiz, robotlar we emeli intellekt. Asyl maksadyndan sowulmagy bilen bu gahrymanlar diňe bir hekaýalara ajaýyp ölçeg goşman, eýsem adamzat bilen tehnologiýanyň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklary çuňňur soraglamaga mümkinçilik berýär. Bu makalada Altrondan Skaýnete çenli ylmy fantastika taryhynda iň ýatdan çykmajak 10…

YLMY FANTASTIKI FILMLERDE MAKSATLARYNDAN SOWULAN 8 ROBOT

Perfect days - pursady ýaşamagyň sungaty

Surat bu çeşmeden alnan: https://news.1242.com/article/486103/photo/486144 Biriniň geçen günleri ýatlap, bu günler barada igenip başlaýan wagty aňyryňa öwrülip, gözüňi agdarasyň gelýär, öňki adamlaryň has mähirli bolandygy barada, öňki aýdymlaryň, durmuşyň has gowy bolandygy barada diňlemäge özüňi taýýarlamak bilen bolýaň. Wim Wenders bolsa muny şeýle bir ussatlyk bilen edýär welin, oňa ynanasyň gelýär, we hat-da biraz gözüňem gidýär. The New Yorker bilen söhbetdeşliginde Wenders özüniň nostalgiýa, köne zatlary küýsemage, ýykgyn etmeýändigini aýtsa-da, onuň soňky filmi “Perfect days”…

Perfect days - pursady ýaşamagyň sungaty

Halynyň ýüzüne surat çekýän gazak gyzy

Astana Suratkeşlik mekdebinden soň, 29 ýaşly Asel Sabyrcankyzy Astana'daky Sungat uniwersitetini gutardy we soňra Almaty'daky Temirbek Jururgenow sungat akademiýasyndan magistr derejesini aldy. Takmynan 14 ýyl professional suratkeş durmuşynda dürli usullary synap gören Sabyrcankyzy, birnäçe aý ozal haly (mundan soňra - darožka) ýüzüne surat çyzyp başlady. Sabyrcankyzy darožk:a çeken ilkinji suratynda türk mifologiýasyndaky Umaý taňrysyny şekillendirdi, sosial ulgamlarda döredijiligi üns çekdi. Şeýlelik bilen, gysga wagtyň içinde tanalýan suratkeş ýurduň iň abraýly galereýalarynyň birinde sergi açmak teklibini…

Halynyň ýüzüne surat çekýän gazak gyzy

Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr

“Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr.” Çarlz Darwin. Döredijilik- ynsan göwnüniň sudura giren keşbi bolansoň, eseriň “tagamyny almak” üçin ilki bilen awtoryň göwün ýaýlasynyň “howasyny” duýmak zerurdyr. M. Annanurowa, “Ak göwne tagzym” Sen şeýle kiçiňiň hem şeýle giňdiň Bu gün bolsa buz üstünde lowlaýaň Gözüň görejinde ýer tapan Göwün Neçün giň jahana sygmajak bolýaň Ýatlamalaň dünýesinde ylgaşlap Surnugaňda arzuw a:tly salgymdan Gyrtyç basan köne güzeriň taşlap Torgaý bolup galgap gaýtdyň ýaýlamdan Haýsy…

Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr