...

S P

@Serdaryn_Pikirleri

Ýazmak meniň arzyly pişäm. Medium.com/serdaryn_pikirleri

ÖZ ÝAZYŞ STILIŇI TAPMAK // OÝLANMA

Suratyň çeşmesi: https://www.anyrgb.com Her adamyň öz ýazyş stili, äheňi we tony bolýar. Her bir kärde bolşy ýaly, biri bu käri ussatlyk bilen başarýan bolsa, beýlekisi muňa entek bir-iki setir ýazmagyň, nähili ajaýyp duýgudygyna indi-indi düşünýär. Her bir adam, söýýän kärini saýlamaga ygtyýarlydyr. Adam özüne ýakyn hünäri saýlamak üçin uzak ýollara rowana bolmaly we netijesine sabyr bilen garaşmaly bolaýýar. Bu ýoly aşmak, käwagt aýlarymyzy, kämahal bolsa ýyllarymyzy bizden alyp bilýär. Soňunda bu ýolda azaşyp, beýleki kärlere…

ÖZ ÝAZYŞ STILIŇI TAPMAK // OÝLANMA

MAKALAM! MEN GAÝDYP GELDIM.

Ýoldaky garalama belliklerimden 1- Täsir barada Agzyňyzda​ eremeýän, emma akyllary​ eredýän bal ýaly süýji sözleriňiz bar bolsa, ýadyňyzdan çykarmakaňyz bellige alyň! Başagaýlyk bilen geçýän​ şu durmuşyňyzda köp zady ýadyňyzdan​ çykarşyňyz​ ýaly, olary hem ýatdan çykarmagyňyz adaty bir ýagdaýdyr​. Wagt geler ýatlamak üçin ýatkeşligiňizi barlagdan geçirersiňiz, emma​ ýatkeşlik​ siziň ​iň uly duşmanyňyz​ bolar. 2- Arassaçylyk barada Ýagşyň ýygy-ýygydan ýagyp, kirläp ýatan ýerleri arassalaýşy ýaly, gözýaşlaryň hem kirlän gözlerimizi arassalaýandygyna şaýat bolýarys. Arassaçylykdan soň düýpli özgerişlikleriň miwesi…

DANALARDAN BIZE ÇENLI GELENLER

Kiçijik tohumyň ösüşini we ägirt uly agaja öwrülişini synlamak durşuna bir gudrat. Gün geçýär, aý geçýär we pasyllar ony öz boluşly howasy bilen şekilden şekile salyp, biziň üçin ullakan miweli bir agaja öwürmegi başarýar. Gyzgyn tomus howasynyň ony ýakmaýşy ýaly, gyşyň aýazly sowuk howasy hem ony guradyp bilmeýär. Hut, şunuň ýaly, eýjejik çaganyň hem ullakan adama öwrülmegi şeýle dälmi? Adam nähili kynçylyklary başyndan geçirip, egsilmän ýygrylman dik durup, durmuş ýoluna dowam etmegi başarýar. Arasynda ejizleýär,…

NÄME ÜÇIN PALÇYLARDAN KÖMEK SORAÝARYS?

SP Pal – könelere görä karta seredip, ýyldyzlara bakyp, köne kitap sahypalaryny açyp, dürli metbugat ulgamynda ýazylýan ýazgylary okap, aşyk ýa-da süňkleri ulanyp ýa daşy başga bir daşyň üstüne ýerleşdirmek we şuňa meňzeş ýagdaýlar arkaly ozal bolan ýa-da indi boljak wakalary çaklamakdyr. "Çaklamakdyr" diýýärin, sebäbi, anyk maglumatlary olaryň özleri hem doly bilmeýär. Bilýän zatlary bar bolsa, ol hem adamyň psiholigiyasyna täsir etjek ideýalardyr pikirlere eýe bolmak we ony öz bähbitleri üçin ulanmakdyr. Gadym eýýämden bäri…

NÄME ÜÇIN PALÇYLARDAN KÖMEK SORAÝARYS?

GÖRIPLIK MENDE BARMYKA?

Suratyň awtory: Serdaryn_Pikirleri Göriplik gurasyn, göriplik! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim) Adam atanyň iki ogly, Habil we Kabil bir-birine duşman bolupdy. Olaryň arasyny açan duýgy- göriplikden başga zat däldi. Şeýlelik bilen adam göriplik duýgusyny iki doganyň bir-birine bolan duşmanlygy arkaly tanady. Ýogsa, göriplik mundan ozal bilinmeýän bir duýgudy. Belki, bilinmegi bir tarapdan gowy hem boldy. Diýmek, göriplik adamyň içinde saklap bolmaýan bir duýgudy we ony ýüze çykarmak üçin bir sebäp bolmalydy. Göriplik – içigaralyk, bahyllyk ýaly…

GÖRIPLIK MENDE BARMYKA?

BU MESELÄ IŇŇÄN JOGAPKÄRLI ÇEMELEŞESIM GELÝÄR.

“Adamlaryň kalbyny joşdurmak, ýüreklerinde güýçli duýgulary oýarmak we olaryň hakyky söýgüsine mynasyp bolmak üçin näçe galany almaly?” – soragy meni köpden bäri biynjalyk edýär. Bu sorag meniň hiç haçan üns merkezimden düşmedi. Has dogrusy, meni juda aladalandyrýar diýsem ýeridir. Ýagny muny başarmak, hiçem aňsat däl we men muňa günsaýyn hasam gowy düşünýärin. Ähmiýetsiz galyberse-de ujypsyz ýazgylarym bilen adamlaryň gymmatly wagtlaryny alasym gelenok. Okalmaga deger, ýatlanmaga barabar, aýdylmaga mynasyp eserleri ýazmak üçin synanyşmak meniň ilkinji maksadym…

GÖÇÜRIJILIK WE DÖREDIJILIK BARADA OÝLANMA

source: ideas for beginners Beýik açyşlar we täze öwüşginler hakyky sungatyň döremegine sebäpdir. Sebäpler bir ýere jemlenmese, ne açyşlar ne-de ösüşler peýda bolýar. Sungatda kämilleşme bolmasa, sungat sungatlygyna galmaz. Sungat kämillik bilen deň derejede gitmese ol elmydama ýitmäge borçludyr. Naýbaşy eser döretmek üçin adama wagt we döredijilik gerek. Döredijilik täze pikirler, ajaýyp ideýalar we original taslamalar arkaly peýda bolýar. Ösüşe eýe, kämilleşmäge ukyply her bir pudaga sungat diýilýär. Sungatda özgeriş we ösüş bolmasa, ol ýitmegin…

GÖÇÜRIJILIK WE DÖREDIJILIK BARADA OÝLANMA

BU DURMUŞDA GOWY ADAMLAR KÖSENÝÄR

Bu durmuşda näme üçindir gowy adamlar kösenýär ? Eşretli durmuşda ýaşamak olaryň hem haky dälmikä? Melek ýaly adamlaryň bu durmuşdan ejir çekip gitmeklerine adam razy bolup bilmeýär. Köp oturýan, kän oýlanýan emma eliňden gelýän hiç zat ýok. Durmuşyň kadasy şeýle we ony adamyň üýtgedip biljek erki ýok. Olaryň şatlykly we şagalaňly durmuşy başga bir ýerde bolaýjak ýaly gurnalypdyr. Bu durmuşda erbet adamlaryň has köp zada elleriniň ýetýändigini görmek bu aýdanlarymy hasam tassyklaýar. Töwerek daşym ejir…

BU DURMUŞDA GOWY ADAMLAR KÖSENÝÄR

GAÝYN ENE BILEN GELNIŇ ARASYNDAKY DYNMAÝAN DAWA

Gaýyn ene bilen gelniň arasyndaky düşünişmezlik bütin dünýäde görülýän we gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan bir hadysadyr. Özümizde hem şeýle ýagdaý bolup geçýän bolsa geñ görüp oturmaly däldir, sebäbi, bu ýagdaý durmuşyň bir hakykatyna öwrülendigine düşünmelidiris. Gaýyn ene bilen gelniň arasyndaky ilkinji düşünişmezligiň dört müň ýyl mundan ozal arheologiki gözlegleriň netijesinde ýüze çykandygyny we ol daşyň ýüzüne näçe müň kilometr uzaklykdaky ýan ýoldaşyna, öz ýagdaýyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edendigini, taryhçylar belläp geçýärler: “Gel,…

GAÝYN ENE BILEN GELNIŇ ARASYNDAKY DYNMAÝAN DAWA

ILIŇ KEMÇILIGINI GÖZLÄP, BIR ÝERE BARYP BOLMAZ!

Kemçilik Men baryp ýatan sada we sadalaryň aşygy. Sadalyk ýazgylarymyň zynaty. Entek menem sadalykdan zyýan çekmedim. Ýazýan zatlarymam sada we ýönekeý. Emma, ähli ajaýyplyklaram gözbaşyny ýönekeýlikden alýandyr. Eýran edebiýatynyň beýik şahyrlaryndan Sadi Şirazi 50 ýaşyndan soň çeperçilik işine başlap, 60 ýaşynda “Bossan we Gülüstan” atly ajaýyp eserini döredýär. Kitap diýseň ajaýyp we gyzykly. Kitapda berilýän mysallar sada we ýönekeý. Şahyr kitabyna şu setirler bilen başlaýar: “Biri, kakasyna garşy gelse, kakasy oňa dessine gaharlanar. Ýoldaşyna, dostuna…

ILIŇ KEMÇILIGINI GÖZLÄP, BIR ÝERE BARYP BOLMAZ!