Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

MAKALAM! MEN GAÝDYP GELDIM.

2 minut alar

Ýoldaky garalama belliklerimden

 

1- Täsir barada

 

Agzyňyzda​ eremeýän, emma akyllary​ eredýän bal ýaly süýji sözleriňiz bar bolsa, ýadyňyzdan çykarmakaňyz bellige alyň! Başagaýlyk bilen geçýän​ şu durmuşyňyzda köp zady ýadyňyzdan​ çykarşyňyz​ ýaly, olary hem ýatdan çykarmagyňyz adaty bir ýagdaýdyr​. Wagt geler ýatlamak üçin ýatkeşligiňizi barlagdan geçirersiňiz, emma​ ýatkeşlik​ siziň ​iň uly duşmanyňyz​ bolar.


2- Arassaçylyk barada

 

Ýagşyň ýygy-ýygydan ýagyp, kirläp ýatan ýerleri arassalaýşy ýaly, gözýaşlaryň hem kirlän gözlerimizi arassalaýandygyna şaýat bolýarys. Arassaçylykdan soň düýpli özgerişlikleriň miwesi al-ýaşyl ösýän ösümliklerde gizlenýändir. Gözýaşlarymyzyň miwesi bolsa soňky gaýratlarymyzyň netijesine baglydyr. Dowamly akýan zadyň garşysynda durmak üçin ondan uly güýje we sabyra eýe bolmak gerek. Muňa güýjüňiz ýetse sabryňyz ýetmez, sabryňyz ýetse güýjüňiz ýetmez.


3- Öz durmuşymyz barada

 

Öz durmuşyňyzy ýaşaň we elmydama maksatlaryňyza okgunly hereket ediň, özgeleriň durmuşyna öýkünmäň. Maksadyňyza ýetmek daşda ýaly görünse hem ol görnerden hasam ýakynda bolup biler.


4- Şükür barada

 

Adamyň özüne berlen ähli nygmatlara şükür edişi we minnetdarlyk bildirmegi soňky geljek nygmatlar hazynasynyň açary hökmündedir. Şu wagtky ýagdaýymyza şükür ettigimizce hazynamyzyň köpeljeginden şübhe etmeris. Sebäbi gelen zatlara şükür edip, kanagat etmegimiz soňky geljek zatlaryň hem habarçysydygynyň şaýadydyr.


5- Maşgala barada

 

Maşgala – durmuşyň bezegi we bilelikde yaşamagyň manysydyr. Maşgalanyň iň wepaly iki agzasy - erkek we zenandyr, miweleri bolsa olaryň perzentleridir. 


6- Garaşmak barada

 

Kimi dertleriniň dynmagyna garaşýar, kimi hassalygynyň şypasyna, kimi çagasynyň bolmagyna, kimi durmuş toýuna, kimi zähmetiniň netijesine, kimi bolsa arzuwlarynyň hasyl bolmagyna garaşýar.


©Serdaryň_pikirleri 

179 |
|