...

Seneca 13

@Seneca
Taryhçy

Taryh, filosofiýa, psihologiýa ýaly ylymlar bilen gyzyklanýaryn.

Özüň bolmak üçin "ýok" diýip bilmek

Bu temadaky aýdyljak zatlary hemme kişiniňem bilmeli zadydyr diýip pikir edýärin. Temamyz, adamlara "ýok" diýip bilmek. Aňsat zat ýaly görünýän bolmagy ahmal, emma hiç beýle aňsat zat däl aslynda. Adamlar köp halatda "ýok" diýmegi başaranoklar. Aslynda "özüne ynamly" diýip hasaplaýan köp adamlarymyzyňam arasynda "ýok" diýip bilmeýän ýerleri bolýar. Aslynda bu doly ýagdaýda "özüňe ynam" bilenem däl-de, häsiýetimiz, ýetişdirilişimiz, şahsy aýratynlyklarymyz bilen baglanyşykly. Ilki bilen, şuny bilmelidir. Biz, "ýok" diýip bilşimize görä erkindiris. Munyňam sebäbine ýazgyny…

Özüň bolmak üçin "ýok" diýip bilmek

Bir ýylda meniň gazananlarym

Hemme kişem ömrüniň her pursatynda, näçe ýaşasa ýaşasyn durmuşdan ders almaga, bir zatlar öwrenmäge dowam edýär. Hemme kişi üçinem üýtgeşik, bir zadyň başlangyjy bolan, täsin ýyly bolandyr. Menem şu ýyl barada, şu ýylda gazanan, ýitiren, başdan geçiren zatlaryma bir ser salmak isledim. Indi muny her ýyl dowamly ýerine ýetirmek isleýärin, siziň hem etmegiňizi maslahat berýärin. Soň haçanam bolsa, göwnüňiziň islän pursady şol ýazan zadyňyza seredersiňiz, we nähili öňe gidendigiňizi, kämilleşendigiňizi derňäp, geçen ýyla (ýyllara) görä…

Bir ýylda meniň gazananlarym

Söýgi näme üçin gutarýar?

Hemmämizem ömrümizde bir gezegem bolsa söýgi diýlen zad-a, ýa-da halk dili bilen aýdylanda "yşk oduna" düşüp görendiris. Birine söz aýdandyrys, ýa-da bize aýdylandyr, ýa-da ikimizem bilsegem, biri-birimize aýtman, seredişip halap, ýa-da platoniki bolan daşyndan ony söýüp, guwanyp gezendiris. Köp kişi söýgi üçin gaty gaýgylanyp, aglap, hatda janyna hem kast edip bilýär. Söýgi barada şuwagta çenli örän köp zat ýazylyp, aýdyldy. Köpümiz käbir sitata sözlerine gabat gelýändiris bu babatda, meselem "bagt – söýülmekdir" , "söýgi –…

Söýgi näme üçin gutarýar?

"Azerbaýjan" sözüniň manysy näme?

"Azerbaýjan" sözüniň manysy barada biri-birinden tapawutly dürli-dürli çaklamalar bar. Azerbaýjan halky (ýa-da milleti) birtopar halklaryň garyşmagynyň netijesinde dörändir, we "Azerbaýjan" diňe XX asyrda bir halkyň ady bolandyr. Biz bu ýazgymyzda gysgaça "Azerbaýjan" sözüniň etimologiýasyny, manysyny seljereliň. Taryh – Irki asyr. B.e.öňki IX asyryň ikinji ýarymynda Azebaýjanyň territoriýasynda ilkinji iri döwletleriň biri Manna patyşalygy döreýär. Soňra bolsa Midiýa, b.e.öňki VI asyryň ortalarynda Midiýa döwletini Ahameni döwleti basyp alýar. Midiýa Ahameni döwletiniň bir welaýatyna (satrabyna) öwrülýär. Soňra…

"Azerbaýjan" sözüniň manysy näme?

Ynançlaryň dürli görnüşleri

Dünýäde ynançlaryň dürli görnüşleri bar, bu makalamda olaryň käbiri barada gysgaça belläp geçmekçi. Elbetde bu barada gaty köp ýazmak hem mümkin. Dünýäde köp ynanç bolsada, köp kişi nämä ynanýandygyny doly bilenok. Özüni teistdir öýdüp ýören deist, ateistdir öýdüp ýören agnostik çykyp bilýär. Şol sebäpli bularyň nämedigini bilip galmak gerek. Häzirki zaman dinleriniň köpüsi üçin ýeke-täk bir iň ýokary, absolýut güýje – bir Hudaýa sygynmaklyk, ýagny monoteizm (bir hudaýlylyk) häsiýetli bolsa, gadym zamanlarda adamlar bir wagtyň…

Ynançlaryň dürli görnüşleri

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri

Köp kişi bilim we tehnologiýany biri-birine garyşdyrýarlar. Tehnologiýa, maglumatlaryň ulanylmagy bilen günlük ýaşaýyşymyzy gowulaşdyrmaga gönükdirilen amallardyr. Bilim, latynca "scientia" sözünden gelip çykandyr. Bilim hakykatyň edil özi ýa-da anyklyk däldir. Bilim adamlary "hakykaty" gözleýändiklerini we derňew edýändiklerini kabul etseler hem, hakykatlary "döretmezler" ýa-da bilmezler. Bilim adamlary terminleri, teoriýalary öňe sürýärler we bularyň dogrulygyny ýa-da ýalňyşlygyny barlaýarlar. Barlanan ýa-da tassyklanan teoriýalaryň ýalňyş ýa-da ýetmezçilik edýän taraplaryny tapmaga synanyşýarlar, bulary täzeden barlap, möhüm bolan ýagdaýynda üýtgedýärler. Bilim bir…

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri

Özüňize ynamy nädip gazanmaly?

Adamyň özüne ynanmagy onuň durmuşynyň islendik pursatynda wajyp bolan zatdyr. Özüňe bolan ynam hemme zadyň başlangyjydyr. Ynam bolmasa döredijilik bolmaýar. Döredijilik bolmasa hiç bir zat, şol sanda emeli gurşaw hem bolmaýar. Emeli gurşawa-da adam tarapyndan döredilýän emeli gymmatlyklaryň ählisi girýär. Ynam bar ýerde umyt bardyr. Bu zatlar barada aýdylara gep kän bolsa-da köp kişiniň özüne bolan ynamy juda pes. Biz bu makalamyzda, özüňe ynanmak we ony gazanmak bilen baglanyşykly käbir zatlar barada gürrüň edip geçeris.…

Özüňize ynamy nädip gazanmaly?

Size hökman peýdaly boljak käbir YouTube kanallary

Internet örän uly maglumat älemi. Internetda her-hili kategoriýalara (ylym-bilim, degişme, täsinlikler, habarlar) degişli millionlarça zada ýetip bilmek mümkin. Internet ulanyşyňa görä peýdaly ýa-da zyýanlydyr. Eger-de sen gije-gündiz şol bir (peýdasy bolmadyk) kategoriýadaky zatlara seredip dursaň, bellibir wagtdan soňra senem şolaryň derejesine düşersiň, zehiniň küteler ýagny. Soňam "internet peýdasyz" diýýärler, aklyňy dogry ulanmasaň saňa hiç zadyňam peýdasy bolmaz. Şol sebäpli, size käbir kanallary maslahat bermekçi. Bu kanallary ondan-mundan "copy-paste" edip goýup, ýa-da ogurlap alýanlaryň edişi ýaly…

Size hökman peýdaly boljak käbir YouTube kanallary

Kyýat han we rus raýaty türkmenler

Kyýat han, Russiýa ençeme ýyl hyzmat edip, soňra olar tarapyndan zyndana zyňylyp öldürilen türkmenleriň biridir. Russiýa Kaspiniň kenarýakasyny öwrenmek (şol ýerlere ýerleşmek) maksady bilen 1819-1821-nji ýyllarda ekspedisiýa iberýär. Şol ekspedisiýa maýor Ponamarýow M. we kapitan N.Murawýow ýolbaşçylyk edipdirler. Kenarýaka türkmenleri ekspedisiýa hiç hili päsgelçilik döretmändirler, gaýtam ýakyndan kömek beripdirler. Ekspedisiýa ýakyndan kömek beren Kyýat han bolupdyr. Patyşa Russiýasynda pajarlaýan hökmirowanlyk syýasatynyñ düýp mazmunyna – täze-täze ýerleri eýelemek niýetine entek türkmenleriñ doly göz ýetirip bilmändigini-de boýun…

Kyýat han we rus raýaty türkmenler