Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Taryhçy

Kyýat han we rus raýaty türkmenler

3 minut alar

Kyýat han, Russiýa ençeme ýyl hyzmat edip, soňra olar tarapyndan zyndana zyňylyp öldürilen türkmenleriň biridir. 

Russiýa Kaspiniň kenarýakasyny öwrenmek (şol ýerlere ýerleşmek) maksady bilen 1819-1821-nji ýyllarda ekspedisiýa iberýär. Şol ekspedisiýa maýor Ponamarýow M. we kapitan N.Murawýow ýolbaşçylyk edipdirler. Kenarýaka türkmenleri ekspedisiýa hiç hili päsgelçilik döretmändirler, gaýtam ýakyndan kömek beripdirler. Ekspedisiýa ýakyndan kömek beren Kyýat han bolupdyr.

Patyşa Russiýasynda pajarlaýan hökmirowanlyk syýasatynyñ düýp mazmunyna – täze-täze ýerleri eýelemek niýetine entek türkmenleriñ doly göz ýetirip bilmändigini-de boýun almak gerek.

1825-nji ýylyň sentýabrynda Kazan uniwersitetiniň professory E.I. Eýhwald ylmy gözegçilik geçirmek maksady bilen Krasnowodsk we Balkan aýlaglarynyň kenarlaryna hem-de Çeleken adasyna aýlanyp görüpdir.

1830-njy ýylda rus komandowaniýesi Tiflisden Türkmenistana, ýomutlaryň arasyna ýasawul Lalaýewi iberip, oňa “türkmenleriň Eýran, Hywa we Russiýa baradaky garaýyşlaryny hem-de piker hyýallaryny, Kyýat hanyň we beýleki türkmen ýaşulularynyň üsti bilen bilmeli” diýlip tabşyrylypdyr.

1832-nji we 1836-njy ýyllarda rus hökümeti G.S. Kareliniň baştutanlygy astynda iki sany ekspedisiýanyň şaýyny tutup, birini Kaspi deňziniň demirgazyk-gündogar kenarlaryny gözden geçirmek we täze gala gurmakdan ötri ýer saýlap almak üçin iberipdir, ikinjisini Kaspi deňziniň günorta-gündogar kenarlaryna iberipdir. Kyýat han Esenguly obasynda Karelin bilen uzak wagtlap gepleşik geçiripdir.

Kenar ýakasyndaky türkmenleriň ýygnagy ilatyň “Russiýanyň belent howandarlygyna” kabul edilmegi hakynda 160 müň ilat tarapyndan Russiýa hökümetiniň adyna ýazylan haýyşnamanyň Kareline gowşurylmagy bilen gutarypdyr.

Kyýat han 1754-nji ýylda Esenguly sebtinde demirçi ussanyñ maşgalasyndan eneden dogulypdyr. Kyýat han Eýran şasynyñ yzarlamasyndan gaçyp, birnäçe wagt Kümüşdepede ýaşapdyr. Soñra Çelekene göçüp barypdyr. Kyýat hanyň Ýagşymämmet (Ýagşymuhammet), Kadyrmämmet atly ogullary bolupdyr. Kyýat han Eýran şasynyñ Kaspide agalyk etmegine garşy çykyp, Russiýa bilen gatnaşykda bolupdyr. Kyýat han Russiýadan gelen ekspedisiýalara ýardam berenligi, patyşa Russiýasynyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin altyn medal, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.

Ruslar üçin Eýran bilen parahat gatnaşmak zerurdy. Şol sebäpli rus patyşasy türkmenleriñ arkasynda Eýran bilen hem gepleşikler geçiripdir.

Rus kreýseriniň komandiri kontr-admiral Ýe.W. Putýanin 1842-nji ýylyň iýulynda Kyýat hanyň ogly Ýagşymämmedi tussag edýär.

Ömrüniñ soñky ýyllarynda Kyýat han Russiýadan eden tamasynyñ hasyl bolmanlygy üçin närazylyk bildiripdir. Onuň arza üstüne ýazan arzalaryna, haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar. 80 ýaşyndan geçen garrylygynyň göz öňünde tutulmagyny, özüniň we oglunyň watanyna goýberilmegini haýyş edip, patyşa hökümetiniň Kawkazdaky häkimi general E. Golowine arza ýazýar. Oglunyň tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diýip, ol Bakuwa gaýdýar. Alty aýlap Bakuwda karantinde bolýar. Onuň arza üstüne ýazan arzalaryna, haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar. Kyýat hanyň 30 ýylyň dowamynda rus-türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmatlary nazara alynmaýar. Dürli bahana aralyp, Kyýat han Kawkaza eltilýär we şol ýerde resmi bolmadyk tussaglykda saklanýar. Kyýat han 1842-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Bakuwdan Tbilisä getirilýär. Kawkaz häkimleri I. Paskewiç, G. W. Rozen ýaly generallar ozallar Kyýat hany dabaraly garşylap, oňa hezzet-hormat edip ýören adamlardy. Ýöne weli bu gezek olar ony zyndana taşladýarlar. Ogullary Ỳagşymämmediñ, Annamuhammet Garaşyñ we ýomutlardan ýene dört adamyñ zamuna alynmagy hem Kyýat hany azatlyga çykarmaýar. Oňa kömek edäýjek köne tanyşlary general A. P. Ýermolow we N. N. Murawýow dekabristler bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaý I gazabyna duçar bolupdyr. 90 ýaşynyñ içinde, ýagny 1843-nji ýylda Tiflisde Kyýat han iki gözi gapylyp, ýalñyzlykda wepat bolýar. 

Soñra ogly Ỳagşymämmet Woroneže sürgün edilip, ol hem 1849-njy ýylda şol ýerde aradan çykýar. Gelejekki Ỳomudskileriñ nesilbaşy Annamuhammet Garşyñ diñe 1885-nji ýylda ata Watanyna gaýdyp gelmek başardýar.

Çeşme:

  1. "O.Gurvanowa, Türkmenistanyň taryhy (XVII asyrdan – 1917-nji ýyla çenli) Aşgabat – 2010, sah 77-84".
  2. "Türkmen hanlary we serdarlary, Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy “ensiklopediýa” neşirýaty, sah 95-100". 

 

120 |
|