Taryhçy
"Azerbaýjan" sözüniň manysy näme?
4 minut alar
"Azerbaýjan" sözüniň manysy barada biri-birinden tapawutly dürli-dürli çaklamalar bar. Azerbaýjan halky (ýa-da milleti) birtopar halklaryň garyşmagynyň netijesinde dörändir, we "Azerbaýjan" diňe XX asyrda bir halkyň ady bolandyr. Biz bu ýazgymyzda gysgaça "Azerbaýjan" sözüniň etimologiýasyny, manysyny seljereliň.
Taryh – Irki asyr.
B.e.öňki IX asyryň ikinji ýarymynda Azebaýjanyň territoriýasynda ilkinji iri döwletleriň biri Manna patyşalygy döreýär.
Soňra bolsa Midiýa, b.e.öňki VI asyryň ortalarynda Midiýa döwletini Ahameni döwleti basyp alýar. Midiýa Ahameni döwletiniň bir welaýatyna (satrabyna) öwrülýär.
Soňra Sasanylar, ondan soň Araplar we bir tarapdan Hazar hanlygy Azerbaýjan topraklaryny öz içine alýar.
Azerbaýjan hernäçe Hunlar, Göktürkler we Hazarlar döwründe Türkleriň golastynda galan hem bolsa, Seljukly döwletiniň gurulmagy bilen musulman Oguzlaryň (Türkmenler) tabynlygyna girýär. Seljuklar 1029-njy ýyldan başlap Azerbaýjana gelip ugraýarlar we soňunda 1054-nji ýylda Togrul beg Azerbaýjan topraklaryny basyp alýar.
Beýik Seljukly döwletiniň häkimiýetinden soň Azerbaýjan, Yrak Seljuklylarynyň tabynlygyna girdi, soňra XII asyrda Azerbaýjanyň taryhynda Ildeňiz atabegler döwleti (1136-1225) esasy roly oýnaýar.
XII-XIV asyrlarda Mongollar, Horezmşalar (Köneürgenç d.) we Teýmirlileriň tabynlygynda bolýar. Teýmiriň aradan çykmagy bilen Azerbaýjan, Mongol howpundanam halas bolansoň ilki Garagoýunlylar, soňra Akgoýunlylaryň tabynlygynda boldy. Akgoýunly döwleti ýykylandan soň bolsa Safewiler döwletiniň, we soňky asyrlaram Eýranyň tabynlygynda bolýar.
XI-XII asyryň wakalary Azerbaýjanyň etnik toparyna hem
öz täsirini ýetiripdir. Dürli taýpalar ýurduň teritoriýasynda ýerli halkyň emele gelmeginde oguz we beýleki türki taýpalar esasy orny eýeläpdirler. Azerbaýjanyň ýerlerine XI asyryň birinji ýarymynda oguzlar‚ XII asyryň ikinji ýarymynda bolsa gypjaklar has köpçilikleýin ýagdaýda gelip başlaýarlar. Ol Azerbaýjanda ýerleşmek bilen ýuwaş-ýuwaşdan ýerli ilat bilen goşulyşypdyrlar. Bu bolsa ýerli ilatyň diliniň türkleşmegini güýçlendiripdir we ahyrky netijede Azerbaýjan halkynyň jebisleşmegine getiripdir.
"Azerbaýjan" sözi näme manyny aňladýar?
Başda hem belläp geçişimiz ýaly, bu mesele-de anyk bir pikir görmek mümkin däl, sebäbi dürli pikirler jemlenmedik we hersiniň özüçe bir garaýşy bar. Bu köp sözde şeýledir, mysal üçin "Türkmen" sözi barada-da ençeme üýtgeşik garaýyşlar bar. Ýöne şolaryň içinden biri iň azyndan has köp ynanmaga laýyk bolup ýüze çykýar.
(Ilki şuny duýduralyň, çaklamalar gaty kän bolansoň biz bu ýerde diňe käbirlerini belläp geçdik, eger doly öwrenesi gelýänler çeşmelere seredip bilerler.)
Sözüň manysy barada anyk bir zat diýmek mümkin bolmasa-da, bu ugurdaky hünärmenleriň hemmesiniň diýen ýaly kabul eden iki zady bar. Birinjisi: Azerbaýjan sözi geografik sözdir, ikinjisi: bu söz iki sany sözüň goşulmagyndan dörändir.
Bu söz diňe XX asyryň başlaryndan başlap syýasy we etniki bir at boldy.
Häzirki döwre çenli öňe sürlen pikirleriň iň esasysy we meşhury "Azerbaýjan" sözüniň "Adropaten" sözünden gelip çykandygy bilen baglanyşyklydyr. Bu pikire görä, "Azerbaýjan" ady Ahameniler döwletiniň Midiýa satraby bolan Adropetdan (Adropates) gelýär. Ahameni döwleti Aleksandr Makedonskiýniň hüjümleri sebäpli dargandan soň, Adropates Aleksandr Makedonskiýniň döwründe-de şol ýeriň häkimi bolup galypdyr. Soňra onuň dolandyran ýerlerini "Adropatene" diýip atlandyrýarlar, bu söz wagtyň geçmegi bilen "Azerbağzan", "Azerbadegan", "Azerabadagan" we iň soňunda-da Azerbaýjan diýlip atlandyrlyp başlaýar we şeýdip Azerbaýjan ady gelip çykýar.
Köp kişi bolsa Azerbaýjanyň "otlaryň ýurdy" diýmegi aňladýandygyna ynanýarlar. Sebäbi "Azer" parsça "ot" diýmek.
Başga bir pikir bolsa, Ýakut el-Hemewiniň aýtmagyna görä parsça "ot" diýmegi aňladýan "azer" sözi bilen "ýer/ýurt" diýmekligi aňladýan "beykan" sözünden gelip çykypdyr. Soňra bu söz Araplar tarapyndan "Azerbaýjan" görnüşine getirlipdir.
"Azerbaýjan" adynyň düýbüni Türkçä baglaýanlaram bar.
"Azerbaýjan" adyny Sasany patyşasy Şapuryň döwründe özüni pygamberlik derejesinde gören "Azarbâz" atly adamyň adyndan gelýändigini aýdýanlaram bar.
Iň esasy güýçli pikirleriň biri hem, Azerbaýjanyň Hazarlardan (Hazerbaýjan, Hazirbaýjan) gelýändigini öňe sürýän pikirdir. Öňki döwürde "Azerbaýjan" sözi "Hazerbaýjan" görnüşinde ulanylan bolmagy mümkin, Türklerde asyl ses hökmünde "/h/, /ḥ/ we /ḫ/" sesleri ýokdur. Şol sebäpli onuň başyndaky "h" harpy gaçyp, "Hazer" sözi "Azer" hökmünde ulanylyp başlapdyr. Bu, "Azer" sözüniň "Hazer" sözünden gelýändigini görkezýär.
"Baýjan" sözüne seljerme.
"Baýjan" sözüniň parsça "bayegân" sözünden gelýändigini köp kişi makullaýar. Soňra bu ýerdäki "e" harpy gaçyp, "baygan" hökmünde ulanylyp başlandy. Soňra bolsa Araplaryň gelmegi bilen, Araplarda "g" sesi bolmansoň, "g" harpyny "c (j)" edip üýtgetdiler we "baýjan" diýlip ulanylyp başlandy. "Baýjan" sözi "bayegân>baygan>baýjan" sözünden gelip çykyp, bu söz "ýer, ýurt, watan" diýmegi aňladýar.
Netije.
Hazarlaryň bolsa demirgazyga sürgün edilenlerinde "Azerbaýjan" diýlip atlandyrylýan topragyň Hazarlar bilen birlikde demirgazyga süýşmesi bu ýagdaýy has gowy görkezýär. Şu sebäplere esaslanyp "Azerbaýjanyň" adynyň, "Hazer" we "bayegân" atly iki sözden emele gelýändigini aýdyp bolar. Soňra "Hazerbayegân" sözündäki "h" harpy gaçyp, "Hazer" sözi "Azer", ikinji sözi bolan "bayegân" sözündäki "e" harpy gaçyp, Araplaryň gelmegi bilen "g" harpynyň "j" öwrülmegi netijesinde "bayegân" sözi "baýjan" diýlip atlandyrlyp başlandy. Netijede "Azerbaýjan" sözüniň manysy, "Hazarlaryň ýurdy, Hazarlaryň watany, Hazarlaryň topragy" bolmagy gaty ähtimal.
Çeşme:
Web çeşmeler:
1.https://islamansiklopedisi.org.tr/azerbaycan
2.https://www.turkcenindirilisi.com/m/azerbaycan-turkcesi/azerbaycan-adi-nereden-geliyorazerbaycan-adinin-kokeni-h99698.html
Beýleki çeşmeler:
1. Bulak, Şahap. "Azerbaycan Isminin Kökeni ve Anlami". Uluslararası Sosyal Araştırmalar Dergisi 9/43 (Nisan 2016).
2. M.Öwlüýägulyýew, "Türki ýurtlaryň taryhy", Aşgabat – 2010.