Içgepletme

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Biz kim?! - Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan. Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr... Näme üçin we nädip beýle? - Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok! Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin…

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

Şu gün bilen ýaşamaly - diýilýär. Şu gün haçan? Düýnki şu günmi ýa ertirki şu gün? Her günem "şu gün" bolup bilermi? Ýa-da belki düýnki gün "şu gündir"?.. Şu meselä men şeýleräk seredýärin: şu gün diýilen zat bolman biler; ki düýniň täsiri hemişe bar, ertiriň täsiri hem şeýle. Bu mende hemişe şeýle bolupdy. "Pursaty ýaşa" jümlesini kän eşiden hem bolsam "pursatda ýaşamagy" başarmadym. Köplenç, özümi iki zadyň arasynda elewräp ýören sergezdan ýaly duýýaryn. Ne belli…

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

Öz aýagyň üstünde durmak

"Öz aýagyň üstünde durmak" ine şu söz şeýle aňsatjak ýazylýar ýöne şol derejä barmak üçin kääään ýollardan geçmeli bolýar. Bu ýollar herkimde başga-başga zorluklar ýa aňsatlyklar bilen geçilýär. Aslynda, öz kellejigiňe ynansaň kän bir kynam däl. Uni-de okaýan wagtlarym derrewjik işe başlap pul gazanmak isleýärdim. Nämä howlukýan talyplyk ýyllaryň lezzetini alda ýaşa diýsene, hana geçti gitti o ýyllar. Uni gutaranlar "gadryny biliň talyplyk ýyllary durmuşyňzyň iiiiiň hezil wagtlary diýýädilerde" kän bir hak beremokdym. Ana, indi…

Sen bolmasaň...

Sensiz men ýaşap bilerinmi? - Hawa elbetde, sensiz hem ýaşap bilerin... Dogry söze dogry diýmeli, sen howa däl ýa-da suw däl, sen şatlyk, sen buýsanç, sen güýç, sen goldaw, sen ylham... A men kim? - hiçkim diýsem ýerlikli boljaga meňzeýär, ýöne - Bilemok... Sen bolmasaň durmuşymda kän zat üýtgär. Belki käbir halaýan zatlarymy ýigrenerin, belki käbir halamaýan zatlarym maňa golaý bolar. Belki sensizlik meni kämilleşdirer - ýöne bir zady anyk bilýän, ol hem sensizligiň meni…

Sen bolmasaň...

Ýerliksiz gelen ýatlamalar ýa-da romantizm hakda...

Bir çeper film görüp otyrdym, onuň hem soňunda Frank Sinatranyň "Fly me to the moon" aýdymy goýulypdyr. Gaty gowy gördüm (bir zenan eken aýdymy ýerine ýetiren), kim aýdypdyr, ady näme dessine öwrendim we özüme ýükläp aldym. Gaýta-gaýta diňledim... Ýöne diňläp duran wagtym şeýle täsin duýgulary başdan geçirdim, söz bilen beýan eder ýaly hem däl. Ýöne eger mejbur bolsadym, bu beýan şeýleräk bolardy: giň rahatlyk ummany, bu umman diýseň parahat, goýy ýalňyzlyk tolkunlary ýuwaşjadan çyrpynýarlar, men…

Ýerliksiz gelen ýatlamalar ýa-da romantizm hakda...

Ejiz...

menden başga sen hiçkimiňki diýesim gelýär….ýöne hemmeler saňa el açýar, hemmeler saňa “Siz” diýip ýüzlenýär, hemmeler saňa ýalbarýar, hemmeler saňa ynanýar….hawa heemmelleeerr. Adamyň öz özüni tanamazlygy gaty nalaç edeýin bolýan ekeni Armytgül. Hiç zat we hiç kim gözüne görünmeýän ekeni. Sheýle öwrümler bolýar ýöne ýenede şükür sözünü 18müň sapar gaýtalar ýörer. Yöne şuny syzýan Armytgül, bir gün şol gara gutadan aýryljagyna…. köp kişini ýitirer ýa da adamlar ony ýitirer. Düshünýäňmi Armytgül, şuwagt diňe biri bilen…

Ejiz...

Çydamsyz…

Gije ýarymda Armytgüljan ýatyp bilmän towlanypdurdy her ýana…ahrym birzatlar ýazsa içi ynç aljak ýalydy welin….Gyyy iççimdagy kerep bolup gidipdirrr. Eger pikirlerimi beýan edip bilmesem bagyşlarsyňyzda okyyjylarym! Sübsam wii ýok plesosymam ýok ekeni. Baram bolsa oňa güýjem ýetenok arassalamana. Nähili arassalajagymy düşünýän belki maslahat berersiňiz? Pikir alyşarys? Bolmazmy? Geçen gün Ejemi ýyllyk check-up etdirmek üçin doktora äkidipdim. Gan analizini zadyny berdik(Hemmezat ýerbe ýer gowy şükür). Doktora garaşyp oçyrda durkak bir daýzajan aglap pahyrjygyň gözü çişip gidipdir.…

Üç Nokat...

Näçe sapar pozup täzeden ýazyp, ýene pozup ýene täzeden ýazyp ahyr, ýarty goýan işimi indi ýyl gutarmanka öňünden doldurjak bolup “ menem ýazdym, okaaň adamlar!!!” diýjekdiiimmm welin, welindä… ýazýan zatlarym diňe men we kölegäm başga hiç kim :). Köp derdiň bolup edilmeli zatlar ýatdan çykýar. Kä mahal nämeden nireden başlanyňy bilmän galyp, başlanyňam taşlanýar galyberýär. Gaty köp dert işleriň ýarym taşlanmagyndan, bir zadyň başyny başlap yzy gelmän gidiberýär. Ana şular ýaly ýarty galan makala, ýa…

Bagt näme?

Bagt näme? Men bagtlymy?! Şeýle soraglar bardyr hemmämizde. Aslynda bagt hem birnäçe stadiýadan ybaratdyr meň pikirimçe. Çagalykdaky bagt - alynan süýjä bagtly sen. Ýetginjek dörwündäki bagt - bir gyz sözüňe alsa, täze telefon alsaň w.ş.m Orta ýaşdaky bagt - diplom, karýera, jaý, maşyn, maşgala,çaga… Garrylykdaky bagt - agtyk, saglyk, dost-ýar bilen görüşmek. Bular meniň seljermäm, onda bagt ýaşymyz bilen ulalyp ahyr ýaşymyzda-da kiçelýärmi? Men özüme kän berdim bir soragy “Men bagtlymy?” , jogabym men bagtly.…