Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öz aýagyň üstünde durmak

2 minut alar

"Öz aýagyň üstünde durmak" ine şu söz şeýle aňsatjak ýazylýar ýöne şol derejä barmak üçin kääään ýollardan geçmeli bolýar. Bu ýollar herkimde başga-başga zorluklar ýa aňsatlyklar bilen geçilýär. Aslynda, öz kellejigiňe ynansaň kän bir kynam däl. Uni-de okaýan wagtlarym derrewjik işe başlap pul gazanmak isleýärdim. Nämä howlukýan talyplyk ýyllaryň lezzetini alda ýaşa diýsene, hana geçti gitti o ýyllar. Uni gutaranlar "gadryny biliň talyplyk ýyllary durmuşyňzyň iiiiiň hezil wagtlary diýýädilerde" kän bir hak beremokdym. Ana, indi seredip otyrsam heniz gutaranyma 1 ýyl boldy welinem häzirden dönesim gelýär şol günlere. Gyzlar bilen hergün bir otaga özümizçe myhmançylyga baran bolup çaýlap gaýtýan gijelerimizi, gijäň ýary bişirýän medowigimizimi aýtsam. Garaz, her döwriň bir gyzygy bar...

Häzirki günümdenem şykaýatçy däl işler bilen dop-doly geçýär günler. Täze zatlar barlap öwrenip görýärin özümçe, käbirleri gowy netijeli käbirleri bolsa kän bir netije bermeýär. Tehnologiýa şeýle bir çalt ösýär welin taýýar zady ulabynam ýetişip bilemzok. Öýde diňe ýatan ýeriňden, tehnologiýanyň bize berýän mümkinçiliklerini dogry ulanmany başarsak hem rahatlyk bilen günüňi dolandyryp bolýar. Şol sebäpdenem häzirki döwürde pul gazanmak gaty kyn diýip aýdyp biljek däl sebäbi ol diňe özümize bagly bir zat. 

Ýokardaky soragy öz-özüme berip, gowy netijeler aýlandygymy bilmegim meň üçin iň uly motiwasiýa we durmuşa bolan höwesimi artdyrýar. Bu makala biraz öz içgepletmäm, hem bir çigit ýaljagam bolsa motiwasiýa bererin umydy bilen ýazylan garaşylmadyk bir makala boldy :) 

193 |
|