Akyl

Men Dünýäniň Iň Akylly Adamy

Bir bürgüdiň hekaýasy Rowaýata görä, dört towuk bürgüt höwürtgesinden bir ýumurtga ogurlaýarlar. Ýumurtgany ketege getirenlerinde, beýleki towuklar bu ýumurtga äpet bir towugyň ýumurtgasy diýip pikir etdiler. Wagt geçdi, ýumurtgany alyp gelenler hem ýatdan çykardylar, olar-da bu ýumurtganyň äpet bir towugyň ýumurtgasydygyna ynandylar. Bu ýetim ýumurtga ketekden bir kürk towuk tapyldy we ony basyrdy. Wagty geldi ýumurtga çatlady, içinden gap-gara ganatly, üýtgeşik çokjaly täsin bir towuk çykdy ... Hemmeler örän şadyýandy, beýle bir towugy ilkinji gezek…

Men Dünýäniň Iň Akylly Adamy

Akyl bilen Zehiniň arasyndaky tapawut näme?

Akyl we Zehin köplenç biri-biri bilen bulaşýan düşünjelerdir. Şeýle-de bolsa, bu iki düşünjäniň arasynda käbir tapawutlar bar. Akyl , adama mynasyp bolan "pikir etmek" ukybydyr. Bu ýerde pikirlenmek, meseleleri çözmek, karar bermek we analitiki pikirlenmek ukyby bar. Mysal üçin, matematika meselesini çözmek ýa-da diskussiýany logiki taýdan öňe sürmekdir. Zehin , adamyň umumy düşünje ukybyna we öwrenmek ukybyna degişlidir. Zehin, ölçenip bolýan aýratynlykdyr we IQ synaglary ýaly testler bilen ölçelip bilner. Zehin hem aňy öz içine…

Din we Bilim

Bilim Bilim - adamzat taryhynyñ ilkinji gününden bäri kämilleşip, her döwründe özüniň çäksizligini subut edip gelýär. Daş - töweregimizde görýän we görmeýän zatlarymyzyň ählisiniň aňyrysynda bilim saklanýar. Adamzat bilimden daşlaşdygyça oňa howp salýan zatlardan goranmak mümkinçiligi hiçlige tarap gidýär. Taryhda adamlaryň elmydama gözlegde bolup, daş töwereginde bolup geçýän hadysalaryň sebäbini bilmek isläpdirler. Bir ýere ýyldyrym düşýär. Düşen ýerinde güýçli ses, ot çykýar. Muny gören aň taýdan häzirki zaman adamlary bilen deňeşdirilende has pes derejede bolan…

Din we Bilim

Ertir öljekdigiñ ähtimallygy 50%

Ähtimallyk hasaplamalary... Okuw jaýlarynda ähtimallyk atly tema geçilerdi. Mysal üçin, bir torbada on top bar diýilýärä... Ilki şu soragy ýatla: "Bir torbada on sany top bar. Olardan dörüsi ýaşyl, üçüsi gyzyl, ikisi gök, biri ak. Torbadan alynan bir topyň gök reňkli bolmak ähtimallygy näçä deň?" Ýaşaýan ýaşamaýan, matematika bilen gyzyklanýan gyzyklanmaýan herkim bu soraga 20% diýip jogap berer. Sen hem... Indi, ähli öwredilenleri ýatdan çykar we diňle! Ýokardaky torbadan alynan bir topyň reňkiniň gök bolmak…

Ertir öljekdigiñ ähtimallygy 50%

"Ertiri pikir et, geçmiş üýtgedilmeýär"

Konfüçus - b.e.öň 551 - b.e.öň 479 - njy ýyllar araalygynda ýaşap geçen hytaý filosofy, mugallym we ýazyjydyr. Onuň aýdan sözleriniň her biriniň uly manysynyň bardygy we dünýä halklarynyň köpüsiniň has uly gyzyklanma bilen garaýandygyny göz öňüne tutup, häzire çenli türkmen çeşmelerinde gabat gelmedigim üçin türkmen diline terjime edip köplere ýetirmek isledim. "Saglygy ýerinde bolan adam müň zat islär, hassa adam bolsa diňe bir zat" "Eger-de yzyňyzdan gürrüňiňiz edilýän bolsa, onda siz olardan öňdesiňizdir" "Ähli…

"Ertiri pikir et, geçmiş üýtgedilmeýär"

Akyllarymyz barada

Bir üýşmeleňde tutan işi ýol alman, paltasy daşa degen bir bende kyn gününden zeýrenip oturan eken. Şol meselelerden başy çykýan akylly we tejribeli biri ýagşylyk etmek niýeti bilen oňa jaýdar maslahatlary beripdir. “Sag bol” aýdarmyka diýseler, gaýrtam ýaňky işigaýdan özüne çykalga salgy beren hünärmen kişi bilen gazaply jedele girişip, özüniň ondan kem akylly däldigini subut etmekçi bolupdyr. Onda ýaňky hamrak kişi: − Meniň-ä aýtmadygym, inim, öňki ýagdaýyň bilen boluber onda – diýip, ondan “başyny satyn…