Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Akyllarymyz barada

1 minut alar

Bir üýşmeleňde tutan işi ýol alman, paltasy daşa degen bir bende kyn gününden zeýrenip oturan eken.

Şol meselelerden başy çykýan akylly we tejribeli biri ýagşylyk etmek niýeti bilen oňa jaýdar maslahatlary beripdir.

“Sag bol” aýdarmyka diýseler, gaýrtam ýaňky işigaýdan özüne çykalga salgy beren hünärmen kişi bilen gazaply jedele girişip, özüniň ondan kem akylly däldigini subut etmekçi bolupdyr.

Onda ýaňky hamrak kişi:

− Meniň-ä aýtmadygym, inim, öňki ýagdaýyň bilen boluber onda – diýip, ondan “başyny satyn alypdyr”.

Özi bolsa hyrçyny dişläp hüňňürdäpdir: “Görýän welin, adamlaryň ençemesi öz ýagdaýyndan-a närazy, aklyndan bolsa gaty razy oguşýa”.

Ýene bir rowaýatam bar.

Adamlaryň akyllaryny ýygnap alaga-da, bazara äkidip, satuwa çykarypdyrlar diýýär. Il-bende akyl satyn almak üçin yzanda-çuwan bazara eňipdir. Olar baryp, kimiň aklyny satyn alandyr öýdýäňiz?

Elbetde, her kim ýene-de öz aklyny alypdyr.
 

41 |
|