...

Haknazar Haljanow

@haknazar
tanalmadyk meşhur

“Geçmişimi iýdim çörege çalyp, Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.” Mukam Muhamow

Kiçijek ýodadan dogry menzillere gadam bassaň...

Köp wagt bäri telekeçilik düşünjesi bilen bagly gören we özleşdiren maglumatlarmy (mazmunlarymyň hemmesini) siňdirjek, sarp etjek, herekete geçirjek wagtymyň gelendigini ýaş wagtymdan bäri özüme ündäp geldim. Şeýle-de bolsa, bu ýolda äden her ädimim bilen bu näbellilik dünýäsinde özümi ýitirenimi duýdum we gorkup yza çekildim durdum. Telekeçilik bilen bagly okan zatlarym ýaly “gül ýaly dünýä” ýokdy. Pikirlenip, kellämde gurnap ýören işlerim belli bir ýere gelende (bişişende) batyrgaýlyk bilen ädim ätmegi makul bildim. Telekeçilik işinde başlangyç mugallymym…

Kiçijek ýodadan dogry menzillere gadam bassaň...

Çözgüdi barada pikirlenmeli meselämiz #2

Köp işleýänler, durman-säginmän zähmet çekýänler ýyllar boýy şöhratlandy. Özüne wagt aýyrmaýanlar töwereginden alkyş çöpleýän wagty, özüne hem-de ýakynlaryna wagtyny aýyrmagy başaranlar käte aç-açan käte uzakdan ýazgaryldylar. Köp işlemek düşünjesi güýçli derejede adamlaryň köpüsiniň aňyna ornaşdyryldy welin, duraýsak söýülmeris, makullanmarys, bizden razy bolmazlar ýa-da garyplaşarys diýip pikir etdik. Hemme ýere we hemmelere ýetişjek bolup özümize gijä galdyk. “Köp işlemeli” düşünjesiniň we onuň döredýän akyl ýolýulmalarynyň ýesiri bolanlaryň, durmuşyň syrlaryndan biri bolan "optimal deňagramlylyk" düşünjesi barada oýlanmaklary…

Çözgüdi barada pikirlenmeli meselämiz #2

Çözgüdi barada pikirlenmeli meselämiz #1

Her kim dolandyryjylaryň nähili bolmalydygy barada, gowy lider kim, uly başlygyň näme etmelidigi barada gürleşýär hem-de çendenaşa köp mukdarda... Şeýle-de bolsa, kompaniýadaky işgäriň hakykatdanam etmeli işini nädip gowy (dogry) ýerine ýetirip biljekdigi we öz wezipesiniň nädip hakyny berip biljekdigi barada hiç kim gürleşmeýär. Bir edarada (ylgap) işläp we maslahatlaşyp ýörkäm görýän zadym, işi dolandyrýan ähli ýolbaşçylar öz işlerine hormat goýmaýan işgärleri hakda gürleşýärler (esasan hem ýygnaklarda). Pikir edip görüň: - Işe wagtynda gelmeýän - Günde…

Çözgüdi barada pikirlenmeli meselämiz #1

Argument (delil) näme we näme üçin möhüm?

Irden turanymdan soň, okalmaly kitaplaryň sanawyna we kitaplarymyň gözümiň öňünde hatara düzülenine seredenimde, dynç alýan ýaly bolup, okamagy gijikdirendigime düşündim. Soňra “dynç alyş şäherçesinde bolup bilersiň, ýöne dynç alyşda dälsiň” diýip özüme ýatlatmaly boldum. Meniňki dolylygyna okamagy gijikdirmek bolmasa-da, ýerine podkast diňleýärin, dokumental filmlere tomaşa edýärin we ş.m. Görşüňiz ýaly, derrew eden bu hereketimi esaslandyrmaga synanyşýaryn. Hälem bu diýýänlerimiň beýniniň oýnydygyny bilýänligim. Habarly bolmak ýeterlikmi?! Ýok! Hereket ýok bolsa, gynansak-da ýeterlik däl. Soňra “Solving the…

Täsirli sözleýişiň usulyýeti…

Biziň aýdýanlarymyz esasan adamlaryň logikasyna ýüzlenýändir. Şeýle-de bolsa, muny nädip aýdýanlygymyz, ýagny dilden däl aragatnaşygymyz (beden dili + ses äheňi / stili) adamlaryň duýgularyna täsir edýär we onuň täsiri (maglumaty kabul etmeklerinde) gaty ähmiýetlidir (güýçlidir). Şonuň üçin adamlara nämäni aýdýandygyňyz däl-de, nädip aýtýandygyňyz möhümdir we bu bize berilýän baha gönüden-göni täsir edýär. -diýip, bu çykyş bilen, ýokary okuw jaýlarynyň birinde “täsirli prezentasiýa usullary” okuwynyň dowamynda owadan ýürekli ynsanlara ýüzlendim. Goşmaça 3–4 gatnaşyjymyz hersi 3 minutlyk…

Elmydama dogry wagta garaşýarys!

Elmydama dogry wagta garaşýarys! Bir kemsiz iş etmek üçin Şowsuz bolma mümkinçiligimizi azaltmak üçin Garşydaşlaryň güýçli energiýa bilen edýän işlerini seljermek üçin Aslynda, ýakyndan tanaýanlarymyzy has gowy tanamak üçin Dogry wagtydygyna göz ýetirmek üçin … Durmuşdaky her saýlawdan soň müňlerçe täze saýlawlarymyzyň bolmagyna garamazdan Başaryp bilmedik ýagdaýymyzda, başgaça çemeleşip dowam edip biljek wagtymyz Ýola çykmazdan öň däl-de, ýolda hemme zady gowulaşdyryp biljek wagtymyz Kemçiliksiz görünmegiň hemmeleri ýadatýan wagty Elmydama dogry wagta garaşýarys! Meniň pikirimçe, her…

Telekeçiligiň altyn kanuny — Golden Rule of Entrepreneurship

Amazon — “Dükana gitmek islämok”. Google — “Bu maglumatlary nireden tapmalydygyny bilemok”. Uber / Lyft / Bolt — “Maşyn sürmäge wagtym ýok we taksiler gaty erbet”. Makdonalds / Burger King — “Restoranda durmaga ýa-da nahar bişirmäge wagtym ýok”. Netflix — “kabel teleýaýlymy gaty erbet we hemme ýerde halaýan zatlarymy göresim gelýär”. Spotify — “radio gaty erbet we islendik ýerde halaýan sazymy diňlemek isleýärin”. Bir kärhana gurmak isleseňiz, bir mesele tapyň we ony beýlekilerden has gowy…

Kim edýän işini söýmek ýa-da söýýän işini etmek islemez?

Soňky birnäçe aý, belki birnäçe ýyl bäri käbir şahsy we iş aladalarym sebäpli hiç zat ýazyp bilmedim. Emma bu gün sosial mediýada Kübra Öztürk iň paýlaşan makalasyny okap, şonuň bilen bagly birzatlar ýazmak isledim. Mesele, gözleg hasabatynyň netijesinde adamlaryň 60% -iniň edýän işini halamaýandygydy. Bu 60%-e girýän topardan çyn ýürekden sorasym gelýär: Özüňiz / şahsy markaňyz we geljegiňiz üçin hakykatdanam jogapkärçilik çekýändirin öýdýärsiňizmi? Görkezýän pes görkezijiňiz, höwesiň sebäpleri, şowsuzlyklar, aragatnaşyk problemalary … Her biriniň jogapkärçiligini…