Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

tanalmadyk meşhur

Täsirli sözleýişiň usulyýeti…

1 minut alar

Biziň aýdýanlarymyz esasan adamlaryň logikasyna ýüzlenýändir. Şeýle-de bolsa, muny nädip aýdýanlygymyz, ýagny dilden däl aragatnaşygymyz (beden dili + ses äheňi / stili) adamlaryň duýgularyna täsir edýär we onuň täsiri (maglumaty kabul etmeklerinde) gaty ähmiýetlidir (güýçlidir). Şonuň üçin adamlara nämäni aýdýandygyňyz däl-de, nädip aýtýandygyňyz möhümdir we bu bize berilýän baha gönüden-göni täsir edýär.

-diýip, bu çykyş bilen, ýokary okuw jaýlarynyň birinde “täsirli prezentasiýa usullary” okuwynyň dowamynda owadan ýürekli ynsanlara ýüzlendim. Goşmaça 3–4 gatnaşyjymyz hersi 3 minutlyk çykyş etdiler we gyzykly gürrüň beren mowzuklaryndan we başdan geçirmelerinden diňläp, olardanam köp zat öwrendim. Elmydama aýdýaryn, “okuw prosesi özara gapma-garşylykly proses” diýip.

Men onlarça oňyn pikirleri aldym, her kime tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn. Esasanam birini paýlaşmak isledim. Hormat goýýan agalarmyň maňa sowgat hökmünde beren Oruç Aruoba-nyň ajaýyp setirleri …

Durmuşdaky iň möhüm häsiýetiň,
Bermekdigini görersiňiz (göz ýetirersiňiz)-
Emma, hemişe, ýyllar geçenden soňra…

Durmuş diňe satyn almak bilen çäklenmän, öndürmek, gymmatlyk döretmek we beýleki adamlaryň durmuşyna oňyn täsir etmek arkaly peýdaly bolmaklardan hem ybaratdyr. Nämäni nähili edip edýänligiň tapawudy hem şol sözlemlerde gizli ýaly.

42 |
|