Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Writer

Prezentasiýa çykyş etjeklere maslahatlar.

2 minut alar

Prezentasiýa çykyş etmek bu pikir edilşiniň tersine aňsat zat däl tersine gaty çylşyrymly zat bolup durýar. Şu makalany okaýan adamlaryň 90%-i prezentasiýa çykyşyna tomaşa edendir. Hatda birnäçäniz prezentasiýa çykyş edip görensiňiz. 

Bu makala prezentasiýa işinde tejribesiz bolanlara maslahat hökmünde ýazyldy. Köp tejribesi bolan halypalar makalany şu ýere çenli okap we like goýup çykyp gidip bilerler ýa-da okap baha berip bilerler. 


Prezentasiýa çykyş etmek 3 bölekden ybarat:
1.Çykyş ediljek temany birnäçe gezek okap şol temany gowy bilmek.
2.Prezentasiýany döretmek.
3.Çykyş etmek.
 

Birinjilik bilen çykyş ediljek temany örän gowy bilmek zerurdyr. Sebäbi özüň bilmeýän zadyňy başgalaryna düşündirmek mümkin däldir. 

 


"Eger bir zady birine düşündirip bilmeýän bolsaňyz onda sizem ol zady bileňizok diýmekdir."

Albert Eýnşteýn
 

Prezentasiýany döretmek örän kyn meseleleriň biri bolup durýar. Prezentasiýany başlanyňyzda ilkinji slaýtda Temanyň ady, siziň adyňyz we familýaňyz, käriňiz hemde habarlaşmak üçin email we telefon belgiňiz ýazylmaly. Prezentasiýalarda häzirki zaman fonlar(background) ýa-da sada fonlar ulansa[yz gowy bolar. Prezentasiýaňyzda mümkin boldugyça az söz ulanyň, we mümkin boldugyça surat, diagramma, tablisa ýaly materiallar köp ulanyň. Tekstlerde hem şriftleriňiz örän okamak aňsat we sada bolmalydyr. (Times new roman we Calibri şriftlerini hem ulanmak maslahat beremok). Bir slaýtda 8 hatar we her hatarda 8 söz bu limitden geçmeli däl. 

Çykyş etmek iň wajyp meseledir. Çykyş edilende ilki bolup gorkyňyzy ýeňmeli bolarsyňyz. Ylmy barlaglara görä köpçülik öňünde gürlemek gorkusy egzamin we beýiklikden gorkmak ýaly gorkular bilen deňdigini görkezipdir. Gorkyňyzy taýýarlyk we praktika etmek bilen 75%, dem alyş maşklary bilen 15%, zehin taýdan taýynlanmak bilen bolsa 10% azaldyp bilner. Çykyş edeniňizde hiçwagt prezentasiýada ýazylanyň bire bir özüni aýtmaň, bolmanda manysyny üýtgetmezden sözleriň ýerini üýtgediň welin özüni aýtmaň. Prezentasiýada hemme maglumatlary ýazmaň käbir maglumatlary diňe siz biliň we çykyş edeňizde aýdyň!
 

Men hem prezentasiýa çykyş etmekde köp tejribeli däl. Bular elbetde az, bu ýazylanlary okap edil halypalar ýaly bolup bilmersiňiz (olar bilen deň bolmak üçin köp ýyllar gerek) emma esasy zatlary bilersiňiz diýip pikir etýän.
Üns berip okanyňyz üçin sagboluň. (Prezentasiýalarda hem minnetdarlyk görkezmegi unutmaň!)

67 |
|