Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

tanalmadyk meşhur

Çözgüdi barada pikirlenmeli meselämiz #2

2 minut alar

Köp işleýänler, durman-säginmän zähmet çekýänler ýyllar boýy şöhratlandy.

Özüne wagt aýyrmaýanlar töwereginden alkyş çöpleýän wagty, özüne hem-de ýakynlaryna wagtyny aýyrmagy başaranlar käte aç-açan käte uzakdan ýazgaryldylar.

Köp işlemek düşünjesi güýçli derejede adamlaryň köpüsiniň aňyna ornaşdyryldy welin, duraýsak söýülmeris, makullanmarys, bizden razy bolmazlar ýa-da garyplaşarys diýip pikir etdik. Hemme ýere we hemmelere ýetişjek bolup özümize gijä galdyk.

“Köp işlemeli” düşünjesiniň we onuň döredýän akyl ýolýulmalarynyň ýesiri bolanlaryň, durmuşyň syrlaryndan biri bolan "optimal deňagramlylyk" düşünjesi barada oýlanmaklary olar (şol düşünjä eýerýänler) üçin gowy bolup biler.

Bir günde 24 sagat bar. 8-i işlemek, 8-i ýatmak we dynç almak, 8-i bolsa durmuşdaky öz ornuňy tapmak we bar bolmak üçin. Şol 8-leriň birinden alyp beýlekisine ulanmak hem ruhy hem bedeni ýaralaýar (agyrdýar).

 

Köp işlemek däl, akylly işlemek düşünjesine eýereliň.

Şu ýokarky sözleri gowy pozisiýada (kärde), gowja kärhanada işleýänler arkaýyn aýdyp biler. Ýöne gije-gündiz  diýmän az pul gazanyp şol pul bilenem çagalaryna we maşgalasyna elinden gelýänjesini etmek üçin işleýänler beýle pikir etmän bilerler.

8 sagat işläp öýüň çykdajylaryny (töleglerini), çagalarynyň okuw töleglerini, egin-eşiklerini, maşgalanyň iýmek-içmek, saglyk çykdajylaryny aňsatlyk bilen gazanyp bilýänler ylalaşyp bilerler ýokarky aýdylýan düşünje bilen. Agyr, hapa, az aýlykly işlerde işleýänler şol sanalan çykdajylardan diňe iýmit çykdajylaryna töeg tapyp bilseler begenýäler we has köp işläp, bilim, eşik, saglyk çykdajylarynam mümkinçilik tapyp gazanaýyn diýip pikir edýäler we durmuşlaryny şeýdip geçirip garraýalar. Siziň pikiriňizçe kadasyna görä 8 sagadyny maşgalasyna, çagalaryna we ýakynlaryna aýyryp bagly bolmak islänoklarmy? Her sagat, her minut, alada edýän zatlary gazanç (eklenç derdi), şonuň üçin başga zat hakda pikir edip bilmeýärler. Şonuň üçin bu düşünjäni hemme kişä, her maşgala umumy edip aýdyp bolanok, gynansagam... 

84 |
|