Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

tanalmadyk meşhur

Çözgüdi barada pikirlenmeli meselämiz #1

1 minut alar

Her kim dolandyryjylaryň nähili bolmalydygy barada, gowy lider kim, uly başlygyň näme etmelidigi barada gürleşýär hem-de çendenaşa köp mukdarda...

Şeýle-de bolsa, kompaniýadaky işgäriň hakykatdanam etmeli işini nädip gowy (dogry) ýerine ýetirip biljekdigi we öz wezipesiniň nädip hakyny berip biljekdigi barada hiç kim gürleşmeýär. Bir edarada (ylgap) işläp we maslahatlaşyp ýörkäm görýän zadym, işi dolandyrýan ähli ýolbaşçylar öz işlerine hormat goýmaýan işgärleri hakda gürleşýärler (esasan hem ýygnaklarda). Pikir edip görüň:
- Işe wagtynda gelmeýän
- Günde 20 gezek iş arakesmesini alýan we töweregine-de şony öwütleýän
- Işiň dowamynda sosial torlarda güýmenmek arkaly wagtyny geçirýän, kino, aýdym ýaly güýmenjeleri iş wagtyna goýýan
- Berlen jogapkärçilikleri we wezipeleri edil robot-maşyn ýaly ýerine ýetirýän, ýöne kompaniýanyň bähbidine peýda goşmaýan we bu barada alada-da etmeýän.
- Işläp başlan gününden bäri hiç wagt özüni kämilleşdirmeýän

Işgärler hakda hiç kim gyzyklanmaýar.

Meniň pikirimçe, bu barada häzir gürleşmeli. Ýatlatmaly hem-de duýduryş bermelidiris. Edil köp ýerde bolşy ýaly şol ýygnaklarda meseleler gürleşilýär. Şol gürrüňleriň hiç biri hem işgärleri terbiýelemeýär. Işgärler terbiýelenmeli... Suratyň iki tarapyny görmesek, elbetde bir gün tehnologiýa we her gün täzelenip duran programma üpjünçilikleri gelip, işimizi elimizden alar. Günüň ahyrynda işsiz we bagtsyz adamlar gynansak-da durmuşymyzda köpeler ...

118 |
|