2 minut alar
Türkmenistan Astrahanda logistika merkezini açar
Astrahan oblastynyň hökümeti, “Lotos” aýratyn ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek maksady bilen 20 gektar meýdany taýýarlady. Bu barada sebitiň gubernatorynyň orunbasary we hökümet başlygy Denis Afanasýew mälim etdi. Afanasýewiň bellemegine görä, bu ýer bölegi Türkmenistanyň söwda-logistika merkezi üçin köp wagtdan bäri saklanyp gelinýär. Şeýle hem, ol Astrahan hökümetiniň bu taslamany goldamakda uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle şertler Eýran Yslam Respublikasyna hem teklip edilmegi göz öňünde tutulýar, çünki Eýran bilen hem daşary ykdysady gatnaşyklar…