3 minut alar
Osman Öde - Magtymguly Pyragy kitabyndan parçalar #2
Tymsal -- hakykatyň obrazlaýyn umumylaşdyrylmasy. Öten nesilleriň ruhy tapyndylaryny howaýylyk ýa şuňa meňzeş zat hökmünde durşuna inkär etmek hem, ýa-da olaryň içki manysyny açmazdan, saçmazdan şol durşuna "mehaniki" kabul etmek hem ösüşi aňladyp bilmez. Aýdaly, ýokarky (mundan öňki makalanyň ahyry) rowaýat bize ýaşaýşyň, tebigatyň gelip çykyşyny we ösüşini, onuň barlyga gatnaşygynyň aýratynlyklaryny düşündirýär. Rowaýatdan görnüşi ýaly, adamda, adamyň gurluşynda metafiziki dünýä (Allah'yň rahmeti), fiziki dünýä (säheriň nury), hem-de olaryň aralygyndaky trans-fiziki dünýä (Hz.Muhammediň nury) mahsus…