Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 2

6 minut alar

Görnüşine görä, hut şeýle bolubam çykýar.
Emma hak diniň hakykatlary düýbünden başga zat. Hak diniň hakykatlary ynsan biliminiň hakykatlaryna mahsus bolan ählumumylygy hem, hökmanylygy hem, şolara hemra bolan mejburylygy hem bilenoklar. Hudaýyň erki olara baglananogam, olara syganogam, ol – bulardan başga, bularyň üstündäki bir zat.
Meselem, aýdaly, ynsanyýet dünýäsinde hukuk diýen zat bar, hukuk namasy bolan kanunlar bar. Kanuna ählumumylyk we hökmanylyk mahsus, şoňa görä-de kanunçylygyň hukuk namalary özleriniň degişli bolan pudagynyň çägindäki hukuk gatnaşyklaryny düzgünläşdirýärler. Meselem, siz zähmet gatnaşyklaryna girişen bolsaňyz, zähmet kodeksinde, maşgala gatnaşyklaryna girişen bolsaňyz maşgala kodeksinde, ýaşaýyş jaýyňyz barada ýaşaýyş jaý kodeksinde bellenen düzgünleri berjaý etmäge mijbursyňyz. Zähmet kodeksi zähmet gatnaşyklaryna girişen iki tarapy – işgäri hem, iş berijini hem özüne baglar. Ik tarapyň hem hukuklary, borçlary şol kodeksde kesgitlenen, şoňa görä-de olar kanuny bozmazdan bu kodeksiň maddalaryny bozup bilmezler. Iş beriji öz ygyýarlyklaryny artdyryp, işgäre bellenenden artykmaç agram salyp, zulum edip bilmez, işgärem öz wezipe borçlaryndan boýun gaçyryp, eden-etdilik edip bilmez. Sebäbi iki tarap hem zähmet gatnaşyklaryna girişen gününden şertnama baglaşmak bilen ýurduň zähmet kodeksine tabyn bolmak barada öz üstlerine borçnama alýarlar. 
Zähmet kanunçylygy we beýleki pudakdaky kanunçylyklar, elbetde, adamzadyň beýik gazananlaryna degişli. Döwrebap, kämil kanunçylyk, aýratynam işleýän kanunçylyk her bir ýurduň ösüş derejesini görkezýär. Kanunçylyk medeniýeti raýatlaryň aňyna we ganyna siňse, olaryň durmuş ýörelgesine öwrülse, oňa ýetesi näme bar?
Emma biz ylahyýet meselelerine aralaşanymyzda ynsanyýetiň emeli döreden şular ýaly hukuky ýa-da gaýry konstruksiýalarynyň galybynda pikir ýöretmek hem-ä pikirimiziň örüsini daraldyp, aňymyzy göýdükleşdirer, hemem iman ýolundan sowup, hataly ýola ugrukdyrar. 
Ine, ylahy hakykatlara şular ýaly hukuk kategoriýalarynyň galypynda çemeleşýän adamlar Hudaý bilen bendäniň arasyndaky gatnaşygy şeýle göz öňüne getirip bilerler: Hudaý özüniň inderen mukaddes namalarynda öz erkini aýan edýär, şondan soň Hudaý bendeler bilen gatnaşygyny sol namanyň düzgünlerine görä ýola goýmaly. Hamala, şol namalar bendeleri özüne baglaýşy ýaly, Hudaýy hem özüne baglaýarmyş. 
Beýle garaýyş Nuhuň tupany baradaky rowaýatda hasam aýdyň beýan edilýär: tupan ýatandan soň kepderi suwuň ýüzüne çykan ýer böleginden zeýtun şahajygyny alyp gelýär. Diýmek, zeýtun şahajygy – Hudaýdan gelen habar. Şondan bäri zeýtun şahajygy parahatçylygyň, ýagny ýaraşygyň simwoly hasap edilýär. Nämäniň ýaraşygy? Hudaýyň adamlar bilen ýaraşygy. Hamala, Hudaý mundan beýläk adamlar bilen ýaraşýandygyny, tupandan diri galan adamlara zulum etmän, adyllyk we parahatçylyk bilen dolandyrjakdygyna yşarat edenmiş. 
Eger gürrüň grekleriň, rimlileriň ýa-da hindileriň pagan hudaýlary hakda däl-de, keramatly Kuranda erkini beýan edýän Nuh, Ybraýym, Musa, Isa we Muhammet aleýhyssalamlaryň Hudaýy hakda gidýän bolsa, Ony hiç bir şahajygyňam, namanyňam, kitabyňam özüne baglap bilmejekdigine düşünmeli. Zähmet kodeksini orta goýup, “Ine, işgäriň şeýle borçlary we hukuklary, iş berijiniň bolsa şeýle borçlary we hukuklary bar” diýip bolşy ýaly, mukaddes kitaby orta goýup, “Ine, bendäniň şeýle borçlary we hukuklary, Hudaýyň bolsa şeýle borçlary we hukuklary bar” diýip bolmaýar. Allatagala hiç haçan, onda-da bendäniň öňünde öz üstüne borç alanok. Tebigatyň kanunlary hem, ynsanyň döreden kanunlary hem, pikirlenişiň (mantygyň) kanunlary hem Ony baglap bilmez. Kanunlara mahsus bolan ählumumylyk, hökmanylyk we mejburylyk diýen zatlar kim barada bolsa-da Allatagala barada däldir. Olary döreden Allatagalanyň özüdir, bulary indemezlik, ýok hasaplamak ýa-da ýok etmek hem Allanyň erkindedir. Eglişik, barlyşyk, ýaraşyk diýen zatlaram Allatagala barada däldir. Çünki bular azda-kände nämamlalyk, ökünç, güýji kemlik ýaly ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr, Allatagala bolsa mydama mamladyr, Onuňky mydama hakdyr, sebäbi Onuň mydama güýji rüstemdir, Kadyrdyr. “Alladan başga güýç-de ýok, kuwwat-da” diýlenidir.
Ine, şu hakykatlaryň yşygynda mutazilitleriň “Allatagalanyň dünýäde öz ýola goýan düzgünini özüniň bozmaýandygyny, Allatagalanyň haýyr işi hökman sylaglamak, şer işi hökman jezalandyrmak babatdaky wadalaryny hökman ýerine ýetirjekdigini, şonuň üçinem Allatagalanyň adyllygynyň ynsanyň erkine giň ýol goýýandygyny” baradaky wagyzlaryna nazar aýlasak, munda olaryň Hadaýyň erkini haýsydyr bir kanunlara, iň bolmanda Onuň öz Kitabyna tabyn etmäge synanyşygy göreris. Eýsem bu ýerde bendäni borçlandyrmak bilen birlikde Allatagalany hem borçlandyrmak barada gürrüň gitmeýärmi? Emma Allatagala öz kitaplarynda nämäni wada berenem bolsa, Ol hiç zada borçlananok. Bendäniň Onuň öňünde borjy bar, Allatagalanyň bendäniň öňünde borjy ýok! 
Dogry, bir hadyslaryň birinde Allatagala bendelerine zulum etmegi özüne haram edendigini aýdýar. Emma bu beýanatda Allatagalanyň keramatly Kitabynda beýan edilýän bimöçber erk-ygtyýary baradaky hakykata haýsydyr çäklendirme goýýan hiç hili üýtgeşik many ýok. Bolmanda-da Allatagala bendesine hiç haçan hiç hili zulum eden ýeri ýok, bolubam bilmez. Çünki Allatagalada “zalym” diýen sypat ýok. Eýsem, Allatagala hiç hili günäsi ýok Eýýuby mal-mülkünden, maşgalasyndan jyda edip, gedaý, aç-ýalaňaç goýup, derdi-hassalyga duçar edip, oňa zulum etdimi? Ýok, synag etdi.  Eýsem, Allatagala hiç hili günäsi ýok Ybraýym aleýhyssalamy öz arzuw edip ýeten ýeke balasynyň bogazyna öz eli bilen pyçak goýmaga emr edip, oňa zulum etdimi? Ýok, synag etdi. Eýsem, Allatagala ýalkamadyk bendelerini Hak ýozdan azdyrmaga Şeýtana izin berip, soňam olary ebedi dowzah oduna höküm edip, olara zulum edýärmi? Ýok, gazap edýär, emma zulum edenok. Mahlasy, adamlara zulum bolup görünýän hereketleri Hudaý edende ol zulum bolmagyny bes edýär, çünki ynsanlaryň ahlak düşünjelerine mahsus bolan ählumumylyk we hökmanylyk Hudaýa degişli däldir.  
Ynsanyýetiň pikir-paýhasy, tejribesi, ylmy we ahlagy dünýä ýetip biler (häzir “dünýä” diýip adatça Ýer planetasy göz öňünde tutulýar, Gün sistemasy, galaktikamyz, metagalaktamyz we şondan aňryk bimöçber uzap gidýän kosmos giňişligine “älem” diýilýär, emma ýlahyýet söhbetlerinde o dünýäden [uhrawy dünýäden] başga bütin äleme “dünýä” diýmek adat bolansoň, bizem bu ýerde şeýle diýýäris). Ýagny adamzat dünýäni gurşap alýan we dolandyrýan ählumumy we hökmany kanunlara akyl ýetiribem, olary öz bähbidi üçin olara daýanybam biler. Eýýäm häzirem adam özüniň akyl ýetiren kanunlaryna daýanyp, tebigata köp derejede höküm edýär. Bu progres şeýle dowam etse, ynsan öz “sallançagyndan” (Yer planetasyndan) uçurym bolup, kosmos älemine hem öz häkimiýetini ýaýradyp başlamagy mümkin.
Öňem aýdyşymyz ýaly, tebigaty öz peýdasyna ulanmak üçin, ynsan onuň kanunlaryna daýanýar, “kanunlara daýanmak” diýmek bolsa, aslynda şol kanunlara tabyn bolmak diýmekdir. Olara tabyn bolup, tebigaty öz peýdaňa işledip bolýar. “Tebigata höküm etmegiň bir ýekeje ýoly bar – olam ilki oňa tabyn bolmak” diýen pähim bar. Adamlar müňýyllyklardan bäri Ýeriň dartyş güýjüni ýeňip, asmana galmagy arzuw edip gelipdirler, köplenç muny ham-hyýal hasaplapdyrlar. Emma diňe ýaňy-ýakynlarda ynsanyýet howadan agyr materiallardan edilen serişdelerde Ýerden arany açyp uçmagy öwrendi. Bu ýerde gürrüň tebigatyň kanunlaryny bozup, gudrat görkezmek däl-de, gaýtam şol känunlary has giň we çuň öwrenmek, olara tabyn bolmak, olar bilen sazlaşykly hereket etmek arkaly öz erkiňi amal etmek barada barýar. Şeýle bolansoň, degişlilikde, ynsanyň öz-özüne, öz güýjüne ynamy gitdikçe artýar. Diýmek, tebigatyň kanunlaryna laýyk dogry hereket etseň, üstünlik hökman kepillendirilen. Russiýanyň Aýyň üstünde barlag geçirjek abzaly uçurmak taslamasy şowsuz gutaran bolsa, diýmek, bir ýerde säwlik goýberilendir. Hindistan ony başaran bolsa, diýmek, hemme zady dürüst edendir. Hemme zady dogry-dürüst etse, Russiýa üçin hem üstünlik üpjün edilendir. Çünki tebigatda ählumumylyk we hökmanylyk hem-de şolara hemra bolan mejburylyk kanunlary höküm sürýärler. Olar Hindistan üçinem, Russiýa üçinem umumy, bu ýerde tapawut goýulmaýar, tebigat bolsa öz kanunlaryna tabyn bolan, şolara laýyk hereket edýänleriň erkini berjaý etmäge mejbur. Ýagny, tebigat öz kanunlaryna tabyn bolany üçin, kim şol kanunlara görä hereket etse, şoňa hem tabyn bolmaga mejburdyr.
Emma beýle ýörelge Hudaýa gatnaşykda işlemeýär. Çünki Hudaý öz yglan eden kanunlaryna tabyn däldir. Tebigatyň kanunlary tebigatyň özüni öz içine alýandyrlar, emma Hudaýyň kanunlary Onuň özüni öz içine alýan däldirler. Hudaý biziň bilýän dünýämize permanent däl-de, eýsem transendentdir.

 

34 |
|