Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 3

6 minut alar

Adamlar diňe tebigatyň kanunlaryna däl, eýsem köplenç öz döreden kanunlaryna hem tabyn bolup, şolaryň çäginde ýaşaýarlar. Bu örän gowy zat. Emma Hudaý barada, aýdaly, jemgyýetiň hukuk sistemasyna analogik bir göz öňüne getiriş arkaly pikir ýöretmek, meselem, Hudaýy adamlara iş kesýän kazy (dünýewi ýa-da dini – tapawudy ýok) mysaly kabul etmek Onuň many-mazmunyny gaty ýöntemleşdirmek bolar. 
Kazy öz alyp barýan işinde el-aýagy bilen kanuna baglydyr. Eger Siz kanuny bozan bolsaňyz, özüniň Size şahsy garaýşyna bagly bolmazdan, ol Size garşy iş kesmäge, ýogsamam Sizi aklamaga borçludyr. Eger Siz kanun boýunça ýaşaýan bolsaňyz we hiç kim bilen hukuk dawaňyz ýok bolsa, kazy Size garşy näçe şahsy duşmançylyk besleýänem bolsa, ol Sizi kazyýete çekip bilmez, asla onuň Sizi hiç hili kazyýet işi bilen baglanyşykly bimaza etmäge haky bolmaz. 
Howa, Siz Hudaýy Ýerdäki kazy ýaly göz öňüne getirip bilersiňiz, emma biliň: ol şeýle Kazydyr ki, isleýän bendesine jenaýaty özi etdirer, şaýat özi bolar, emri özi çykarar, jezany özi berer. Ýerdäki kazy bolsa, ýaňy aýdyşymyz ýaly, diňe garşysyna günä bildirilenler bilen iş salşar, öz güni bolup ýörenler bilen işi bolmaz. Hudaýyň bolsa kime nähili şer işlere mübtela etjegi belli bolmaz. “Azdyrmasyn, azana hem duçar etmesin” diýip, şonuň üçin dileg edilýär. Ýerdäki kazy bolsa hiç kimi azdyranok we hiç kimi azana duçar edenok, diňe şeýdenler bilen iş salyşýar. 
Adam ogullarynyň çäklije mümkinçilikleri bilen Hudaýyň kadyrlygynyň bimöçberliginiň arasyndaky ýer-gök ýaly tapawuda aňlary çatmaýanlaryň ýene-de şübheleriniň galmagy mümkin: bu dünýäde hem adam adama hudaý bolup biler, güýç ulanyp, islän gaýry-kanuny amallaryny etdirip biler. 
Howa, “Iki adam bir adamyň hudaýy” diýilýär. Korrupsiýa bilen baglanyşykly betpälleriň topary dil birikdirip, özlerine päsgel berýän halal adamy galplyk bilen kazyýete çekip bilerler, nähak iş kesdirip bilerler. Şolar bilen bilelikde iş görýän kazy hem öz wezipesinden eden-etdilikli peýdalanyp, halamaýan adamyny öz göwnüniň isledigiçe agyr jezalara höküm edip biler. Stalinçilik döwründe hut şeýle bolmadymy näme? Aslynda ilki adama günä bildiriler, soň tutulyp getiriler, soň derňew edilip, günäsi subut bolandan soň kazyýet höküm çykarar. Stalinçi “üçlükler” bolsa ilki öz aralarynda islendik adamyň ykbaly barada höküm çykaryp goýýardylar, soň tutup getirip, ýalan derňewiň barşynda haýsydyr bir günä tapyp ýükleýärdiler. Şol tarapdan alnanda ol zalymlar adam ykbalyna doly kadyr ýalydylar. Emma has beteri-de bolýar. Olar adamlara etmedik günälerini ýüklen bolsalar, adama etmejek jenaýatynyň etdirilýän halaty hem bolup bilýär. Ýaragly terrorçy toparlar ýesir düşen esgerleri gorkuzma, şantaž, gynamak we ş.m. usullar arkaly olary öz ýoldaşlaryny gynamaga, sütem etmäge ýa-da öldürmäge mejbur edip bilýärler. Eýsem bu adam ykbalyna doly kadyr bolmak dälmi näme? Allatagalanyň kadyrlygynyň mundan nähili üýtgeşikligi bar?
Ybraýym dinine görä Kadyrlyk diňe Allatagaladadyr. Onuňky bilen deňemek beýlede dursun,  ynsan oglunda beýle sypat bolubam bilmez. Bir adamy gorkuzyp, gynap, haýbat atyp ýa-da neşe serişdeleri arkaly täsir edip, olara galapyn öz islän zadyňy etdirip bolar. Emma şol etdirýän zadyňy olara isledip, höwes etdirip, ýürekleri bilen etdirdip bolmaz. Şeýle zat bolaýanda-da, ýagdaý üýtgän dessine olaryň gözleri açylar, eden etmişlerinden dänerler, ökünerler we gaýtmyşym ederler. Diýmek, adam adamyň erkini tabyn edeni bilen, duýgusyny tabyn edip bilmeýär. Hut şoňa görä-de mejbury, biygtyýar, zorluk astynda eden işi üçin adam jogapkärçilikden boşadylyp bilinýär. Meselem, gitlerçi goşun ýeňlenden soň ol goşunyň eden jenaýatlary üçin diňe serkerdeleri jezalandyryldy. 
Kadyr Hudaýyňky bolsa başgaça. Bendeleriň işlerine kazy hem Onuň özüdir, şol işleri etdirýän hem Onuň özüdir, şol işleri etmegi ISLEDÝÄN hem onuň özüdir. Onuň emrinden daşarda ynsanyň hiç bir zady ýok. Şular ýaly häkimiýet başga birinde bolup bilermi? Dogry, adamy şer işiň was-wasyna salýan – şeýtan, emma bu Allanyň erkinden daşarda mümkin bolup bilermi? Dogry, ynsan was-wasa düşüp-de, ýene-de Alladan gorkup saklanyp biler, emma ýene-de Alladan iman kuwwaty berilmese, onuň öz-özi şer işden saklanyp bilermi? Dogry, günä kylan bende çyndan toba edip, günäsinden ýülünip biler, emma bu-da ýene Allanyň ýalkawy bilen bolmaýarmy? Haýyr-şer işleriň ynsanyň ýüregindäki tohumyndan tä dünýä meýdanyndaky hasylyna çenli ekim-ýygymy Allatagalanyň erk-ygtyýary bilen bolup geçýär, olary diňe amal edýän bendelerdir. Bendäniň Hudaýyň kanunlaryny berjaý etmegi ony Hudaýyň öňünde ulaldýan, oňa Hudaýyň hökmany sylagyny kepillendirýän hyzmat däldir, bu ýene-de bendä şeýtmäge mümkinçilik beren Hudaýyň ýalkawydyr. Bu ýerde hyzmat ýok-da, ýalkaw bar.  
Şonuň üçinem, kadyr Hudaýy öz kanunlaryna özi tabyn kazy hökmünde kiçeldýän, ony bendäniň öňünde haýsydyr bir zatlara borçlandyrýan mutazilit mezhebiniň binýadynda ýatan grek paýhasy ybraýym dinleri barada ulanarlykly däldir. Senekanyň “Dünýäni ýaradanyň we binýadyny goýanyň özi mydama tabyndyr, ol diňe bir gezek emr edendir” diýýäni bu ýerde geçerli däldir. Ybraýym dinleriniň many-mazmuny grekleriň hem, umuman hiç bir filosoflaryň hem haýyr-patasyna mätäç däldir. Eýsem indi ynsanyň akyl-paýhasy hamala ählumumy baş emin ýaly bolup, onsoň din hem onuň huzurynda öz-özüni düşündirdirmäge we öz hakykatlaryny delillendirip aklamaga mejburmy? Mejbur hem däldir, ynsanyň akyl-paýhasynyň beýle eminlige dalaş etmäge hetdi hem bolup bilmez.  
Elbetde, ynsan akyl-paýhasynyň logikasyndan alanyňda, hem tebigatyň, hem ynsanyň, hem Hudaýyň hereketlerini sazlap oturan ählumumy kanunlaryň bolmagy hem-ä göwnejaý, hem aňsat, hem ýakymly görünýär. Ýnsanyň özi hem, akly hem göwnejaýlylygy, oňaýlylygy, aňsat ýoly söýýär, şony saýlaýar. Mahlasy, adamzat mümkingadar öňünden aýdyp bolýan dünýäni, etjegini öňünden aýdyp bolýan hudaýy ýeg görýär. Ýbraýymyň Hudaýy bolsa etjegini-goýjagyny öňünden aýdyp bolýan Hudaý däl. Ol öz erkini hiç zada, şol sanda hatda öz yglan eden kanunlaryna hem baglamadyk bir Kadyr. Ol muňa adamlaryň baglanmagyny isledi, özi baglanmady. 
Mutazilit küpüriniň täsirinde bolanlar “Hudaýyň funksiýasy” barada dil ýarmaga çenli baryp ýetýärler. “Hudaýyň funksiýasy!”. Mundan aňyrda-da bir küpür barmykan? Funksiýa diýmek näme? Bu wezipe diýmek, gulluk diýmek, hyzmat diýmek dälmidir? Tebigaty we ynsany hudaýlaşdyryp, Hudaýyň özüni olaryň hyzmatynda goýmagy aňladýan beýle  ynanja uýulmagy takwa bendeleriň hem hak ýoldan azaşyp, gedem, kibar ýola düşmegine sebäp bolýar.
Bu nedip beýle bolýar? 
Imanyň iki binýady bar: gorky we umyt. Aýdylyşy ýaly, imanly bolmak üçin hem-ä Hudaýdan gorkyny, hemem Oňa umydyňy hemra edinip ýaşamaly. Munuň üçin, bir tarapdan, günäsiz bolsaňam ullukan günä eden ýaly Hudaýdan gorkmaly, beýleki tarapdan, negadar günäli bolsaňam, günä etmedik ýaly bir umyt sende bolmaly. Sebäbi, hakyky takwa bende özüne erteki gün Hudaýyň huzurynda näme garaşýandygyny bilenok, çünki bu ýerde onuň bu dünýädäki alyp baran durmuşynyň, eden ýagşy-ýaman işleriniň, amallarynyň ähmiýeti näçe uly bolany bilenem bu zatlar ahyret üçin ýagşydan ýamandan hiç hili kepilligi üpjün edip bilenoklar. Şonuň üçinem, kim bolanyň bilenem Hudaýdan gorkyny hem-de Oňa umydy elden bermän ýaşamak galýar.
Emma Hudaý barasynda mejburylyk küpürine uýýanlar, ýagny Hudaýyň erkiniň ählumymylyk we hökmanlyk kanunyna tabyndygy baradaky garaýşsa ten berenler näderler? 
Bu ýerde iki ýagdaý bolup biler.

BIRINJI ÝAGDAÝ.
Hudaýyň emrini bozup, erbet-günä işleri köp edenler Hudaýyň olaryň özleri ýaly günälileri ählumymylyk we hökmanylyk kanunyna laýyklykda topbaklap, dowzaha salmaga mejburdyna ynanarlar. Eflatunyň “Hökmanylyk bilen hudaýlaram jetleşmeýärler” diýşine barar. Şeýlelikde, günäli bendeler ömürleriniň soňunda umytlaryny ýitirerler, olara diňe gorky bilen ýaşamak galar. Dinimize görä bolsa, Hudaýdan umydy ýitirmek – iň uly günäleriň biri. Şeýdip, günä üstüne günä münüp gider. Beýle ynsanyň öňünde diňe garaňkylyk galar. Dirikä Alladan umydyny üzüp, beýle ýagdaýa düşmegi bolsa adamyň indi diňe Allanyň günäli guly däl, eýsem Ondan örküni doly üzen dinsiz boldugy bolýar. Allatagaladan umyt bagyny üzen adamyň Ondan gorkusy hem günäli, emma umytly bendäniň gorkusyna meňzemeýär. Umydy bolmansoň, öňünde hiç hili kiçijik bir yşyk görmänsoň, onuň tobasy hem ýok.

 

61 |
|