Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 1

6 minut alar

Tebigat dünýäsinde HÖKMANYLYK kanuny höküm sürýär. Tebigatyň dürli derejedäki kanunlary – mehaniki, fiziki, himiki, biologiki... kanunlary hökmanylyk kanunyna tabyndyr. Biz dünýäde dirikäk hökmanylygyň erk-ygtyýanda. Onuň garşysyna gidip, ynsan tebigat dünýäsinde ýol alyp bilmeýär. Emma oňa tabyn bolup, bimöçber mümkinçilikleri eýe bolup bolýar. Elbetde, munuň üçin akyl-paýhas, tejribe-derňew we ylym-bilim arkaly şol kanunlary ele almaly. Ine, şonda tebigatyň ähli kanunlarynyň binýadynda ýatan HÖKMANYLYK kanuny, Aladdiniň jadyly çyrasynyň jyny ýaly seniň hyzmatyňda bolýar, tebigatyň bir ýekeje kanunyny bozmaga synanyşan halatyňda bolsa, ol ýene-de HÖKMANY suratda saňa hyzmat etmekden boýun gaçyrýar, dänýär. Ak ýürekli Aladdiniň jadyly çyrasy betniýetli jadygöýiň eline geçende, ol Aladdiniň şunça ýalbarmasyna garaman, özüniň täzelikde baran pis hojaýynyna hyzmat edip, Aladdini heläk edip ugraýar, çünki ýaradylyşyndaky kesgitlenen şertlere laýyklykda ol hiç adama bagly däl, diňe şol şertlere bagly. 
Meselem, tüpeňiň atylyp-atylmazygy onuň işleýiş ýörelgesine görä birnäçe tehniki şertlere, meselem, okundaky däriniň gurulygyna baglydyr, atýan adamyň şahsyna bagly däldir. Därisi gury bolsa, hemmetaraplaýyn gurat bolsa, ol dört ýaşly çaganyň elinde hem atar, däliniň elinde hem atar, onuň nilini öz ene-atasyna ýa çagasyna gezän näkesiň elinde hem atar (şeýle zatlar, gynansagam, bolupdyr), özem hökman atar. Ýok, tüpeň näsaz ýa däri öl bolsa, onda ol patyşanyň elinde hem atmaz, päkize piriň elinde hem atmaz, öz öý-ojagyny ýagydan gorap duran ýalňyz gerçegiň elinde hem atmaz, hökman däner. Tebigatyň kanunlary özleriniň hökmanydygyny görkezer. 
Ýa-da, aýdaly, awtoulag gurat bolsa, ýangyjy üpjün bolsa, ol onuň bilen ogrulyk ýa ganhorlyk etmäge gidýäne hem ygtybarly hyzmat eder, näsaz ýa-da ýangyçsyz bolsa il-haýryň haýryna sogap işde ulanmakçy bolsaň hem gymyldamaz. 
Edil şonuň ýaly, IT tehnologiýalarynyň üsti bilen talaňçylyk edýän hakerler hem, köpçülikleýin gyryş maksatly himiki, biologiki, atom ýaraglaryny ýasaýan alymlarlardyr hünärmenler hem, bet pygylly informasion uruşlary alyp barýanlar hem tebigatyň mizemez kanunlaryny, has takygy şol kanunlaryň ýüze çykmasy bolan ylmyň, tejribäniň, tehnologiýanyň gazananlaryny göz-görtele adalatsyz, adamkärçiliksiz, kowahada sygmaýan şer maksatlar bilen üstünlikli ulanyp bilýärler. Elbetde, bu serişdeler haýyr işler üçin, adamzadyň bähbidine, hudaýlykly maksatlar üçin ulanylanda hem olar bu sebäpli netijäni kem bermeýärler. Olar öz ulanylyşynda moral, ideologiýa, syýasat, din ýaly meselelelere bagly bolmaýarlar. 
Şeýlelikde, ylym we tehnologiýa hem, olaryň ösüşleri we üstünlikleri hem, adamzada üpjün edýän eşretleri hem ynsan durmuşynyň moral, din, medeniýet ýaly sferalaryna bagly däldir, olardan awtonomdyr, öz ýoly bardyr. 
Tebigatyň kanunlarynyň şunuň ýaly düňle bolmagy, ýagny olaryň ynsanyň arzuw-islegine hem, adalat hakyndaky düşünjelerine hem, moral kadalara hem, iň esasy bolsa diniň taglymatlaryna hem parhsyz bolmagy, diňe lam-jimlik bilen öz ýoly boýunça özüçe hereket etmegi ilki döwürlerden başlap filosoflary köp iňkise goýupdyr, emma olar bu hakykaty gürrüňsiz ykrar edipdirler. Aslynda bilim hem, filosofiýa hem hut şundan – hökmany hadysalar bilen tötänleýin hadysalary tapawutlandyrmakdan we şol hökmany hadysalaryň arasyndaky sebäp-netije gatnaşyklaryny açmakdan badalga alypdyr. Ynsanyň hökmanylygyň öňünde öz ejizligine we alaçsyzlygyna akyl ýetirmeginiň filosofiýanyň başlangyjy bolup durýandygyny Epiktet hem ykrar edipdir. “Hökmanylyk bilen hudaýlaram jetleşmeýärler” diýip, Eflatun aýdan. Aristoteliň hem “Hökmanylyk töwellany diňlemeýär” (Необходимость не слушает убеждений) diýen sözi bar. Tebigata laýyklykda ýaşamagyň ynsan üçin paýhasa laýyklykda ýaşamagy aňladýandygyny stoikler ündäpdirler.  
Munuň bir açyklamasyny gadymy rim danasy Seneka şeýle beýan edipdir: “Ipse omnium conditor et rector... semper paret, semel jussit” – Dünýäni ýaradanyň we binýadyny goýanyň özi mydama tabyndyr, ol diňe bir gezek emr edendir (Сам основатель и зиждитель мира всегда повинуется и лишь раз повелел). Bu näme diýmek? Bu – Hudaý dünýäni ýaradanda öz erk-islegi bilen ýaradypdyr, diňe şol pursatda Ol emr edipdir, emma dünýäni dolandyrýan Ol däl. Dünýä ýaradylandan soň ony dolandyrýan kanunlara dünýäniň tabyn bolşy ýaly, Hudaýyň özi hem tabyn diýmek. Iňňän gadym döwürde aýdylan bu pikire adamlar taryhyň dowamynda gitdigiçe köp uýýarlar. Hatda bu pikiri eşitmedikler hem, eşideni bilen ylalaşmadyklar hem şol pikire özakymlaýyn ten berýärler. Emma “Dünýäni ýaradan hem Hudaý, dolandyrýan hem Hudaý” diýen kelimäni hemmeler eşitseler-de we köplenç ykrar etseler-de, muňa çyndan uýýan az-az. Köpçülik Senekanyň düşünjesi bilen ýaşaýan ýaly.
Yslamyň düýp taglymatyna görä, dünýä hem, adamzat hem, ýagşylyk-ýamanlyk hem, günä-sogap hem, adalat-zalymlyk hem Allatagala tarapyndan ýaradylan. Bu düşünjäni tassyklamak aňsat bolsa-da, ony aklyňa sygdyrmak we oňa uýmak köpler üçin o diýen aňsat däl. Çünki ony pikir-paýhas bilen däl-de, diňe iman arkaly kabul etmek mümkin. Yslamdan öňki, has dogrusy ybraýym dinlerinden öňki filosofiýa, hususanam, grek-rim paýhasy, ýokarda görşümiz ýaly,  beýle zady kabul edip bilmeýär. Hut şoňa görä-de gadymy grek akyldarlarynyň eserlerini arapça terjime etmekde esasy rol oýnan, özüniň rasionallygy, ýagny nakla däl-de, akla ähmiýet bermesi bilen tapawutlanan, halyf Al-Mömüniň döwründe (813-833 ýý.) yslam dünýäsinde agalyk eden “mutazilitler” diýen yslam mezhebiniň garaýyşlary käbir meselelerde ortodoks sünni mezhebleriniňkä laýyk gelmändir.  Mutazilitler dünýäni bar eden Allatagalanyň dünýäde öz ýola goýan düzgünini özüniň bozmaýandygyny, Allatagalanyň haýyr işi hökman sylaglamak, şer işi hökman jezalandyrmak babatdaky wadalaryny hökman ýerine ýetirjekdigini, şonuň üçinem Allanyň adyllygynyň ynsanyň erkine giň ýol goýýandygyny ündäpdirler. Bu mezhebiň aýratynam ýazgyt baradaky garaýyşlaryny ähli-sünni yslam alymlary ýalňyş, hatda küpür hasaplapdyrlar. 
Näme üçin Allatagalanyň dünýäde öz ýola goýan düzgünini özüniň bozmagy mümkin däl? Çünki, mutazilitlere görä, Allatagala dünýäni ýaratsa-da, dünýäniň sypatlaryny Ol kesgitlemedik bolup çykýar. Eger Sokrat “Mukaddeslik ony hudaýlaryň söýýäni üçin mukaddeslik däl, gaýtam hudaýlar ony mukaddesligi söýýändikleri üçin söýýärler” (Не потому святое свято, что его любят боги, а потому боги любят святое, что оно свято) diýen bolsa, mutazilitleriň hem  pikiriçe “gowy zat Allatagalanyň gowy diýip emr edeni üçin gowy däldir, gowy zadyň gowy bolandygy üçin Allatagala oňa gowy diýip emr edendir”. Bu eýýäm Senekanyň ýokarda getirilen düşünjesine barýar, hatda küpürlikde ondanam geçýär. Sebäbi ol dünýäniň sypatlarynyň dünýä ýaradylmanka bar bolandygyny, Allatagalanyň oňa şol hökmany sypatlara  görä biçüw berendigini aňladýar. Bu mydama hökmanylygyň ähli barlygyň many-mazmuny we binýady bolup durýandygyny tekrarlaýan Spinozanyň “Zatlar Hudaý tarapyndan ýaradylanda, olar şondan başgaça hiç hili usul we şondan başgaça hiç hili tertipde ýaradylyp bilinmezdi” (Вещи не могли никаким иным способом и ни в каком ином порядке быть созданы Богом, чем они были созданы) diýşine barýar. Özem bu Hudaýyň eýýäm bar bolan dünýäni dolandyrmakda däl, hatda ony ýaratmakda hem doly erkin bolmandygyna yşarat edýär. 
Yslamda kelam ylmynyň düýbüni tutmakda we ony ösdürmekde uly hyzmaty bolan beýik akyldarlaryň şeýle hatalarynda, biziň pikirimizçe, gadymy grek paýhasynyň, has dogrusy bolsa umuman ynsanyýet paýhasynyň bir nogsanly tarapy görünýär: ol hem, Kantyň sözleri bilen aýdylanda, “paýhasyň ählumymy we hökmany hakykatlara nebsewürlik bilen ymtylmasy” (разум жадно стремится к всеобщим и необходимым истинам). Adamlar şeýle pikir edýärler: bilim – hakykatyň ýeke-täk çeşmesi, esasy zat bolsa, bilim ählumumy we hökmany hakykatlary açýar. Şol ählumumy we hökmany hakykatlar bütin barlygy öz içine alýarlar, hiç kimiň we hiç zadyň olardan gitmäge ýeri ýok. Ine, adamlaryň pikiri. Ýokardaky mysallardan görnüşi ýaly, Hudaýyňam ol hakykatlardan gidere ýeri ýokmuş, şolara tabynmyş. 
Eýsem ýaradylyşy boýunça mümkinçilikleriniň çäkli bolan adamzat bilimi şol ählumumy we hökmany hakykatlary açyp bilýärmikä? Aslynda ynsan paýhasynyň nebsewürlik bilen ymtylýan  şol ählumumy we hökmany hakykatlary aslynda bir barmyka, mewjutmyka?  Adamlar özleriniň tejribelerine elýeterli bilimleri hem-de özleriniň emeli döreden zatlaryny – ylmy, ahlagy, hukugy, sungaty we şuňa meňzeşleri şol hakykatlaryň derejesine çykaryp, öz emeli döreden hakykatlaryna uýup, olara çokunyp ýören däldirler-ä? Olary Hudaýdan beter hudaýlaşdyryp, öz ýanlaryndan Hudaýy hem şolara tabyn edip ýören bolaýmasynlar?

 

115 |