Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 5

6 minut alar

Onsoň men ol mollaçara Pyragy atamyzyň “Süýji-süýji salar hasaba dünýä, ajy-ajy goýar azaba dünýä” diýlenidir. Sen patyşy bolup, äpet metjit saldyranyňda näme, onuň o dünýäde bir kürüşge süýtçe sogaby boljakdygyna kepil barmy? Allatagalanyň öz hasaby bar. Minnet garyşan ýerinde ybadatyňam, amalyňam, sogabyňam agramy püçekdir” diýip, ýüz görmän öz garaýşymy aýtdym. Bir başlasam meni duruzmak kyn.
Görnüşine görä, söhbetdeşimiň özüniň jennetiligine birmahaldan bäri mizemez ynamyna ilkinji gezek şek ýetiren men bolup çykdym.
“O nähili beýle bolýar? – diýip, ol Günüň günbatardan dogup gelşini gören ýaly ör-gökden geldi – Sen meniň Hudaýyň öňündäki büçe eden işlerime puç diýjek bolýarmyň? Onda meniň bi millete eden şunça ýagşylyklarym näme? Bularyňam sogaby bir köpükmi?
“Agam, men molla däl! Diňe bilýänimi aýdýan. Birinjiden, “Bendäm bendäme sebäp” diýýär. Sen sebäp bolupsyň, ýöne aňyrsynda ýene Allatagalanyň durýanlygyny ýatdan çykarma ahyryn. Seniň eliň bilen bolsa-da, ozalynda Allanyň erki bilen adamyň şypa tapýandygyny ýatdan çykarmasaň, diňe “men etdim” diýip ýörmeseň, elbetde, sogabyň köýmez. “Men-men” diýmek imandan aýyrýar. Adamyň elinden näme gelýär, nämä güýji ýetýär, beýle sözlär ýaly? Aýdaly, bir adam ömründe günä etmän ýaşady, bir gün ýykyldy, ölüm pillesine geldi. Sen bejerip aýaga galdyrdyň, ol gidip, günä işleri etdi. Sen aýaga galdyrmadyk bolsaň, günäsiz ölüp giderdi. Dogry, sen ynsana şypa berip sogap iş etdiň, emma soňrasyny nireden bilip dursuň? Adamlaryň ykbalyny çözen ýaly geplemeli däl. Biziň elimizden gelýän işler kiçijikdir. Sen, meselem, bejerseň il-bendäniň synasyny bejerersiň, Allanyň dergahynda bolsa adamyň gymmaty ruhy bilen imanynda. Seniň olary imandan aýyrýan sözleriň bilen ýetirýän zyýanyň, belki, synasyny bejerip ýetirýän peýdaňdan has uludyr. Men seniň hälki beren soragyň barada aýdýaryn, agam. Bu gürrüňe goşulmaga özüm utanyp oturdym. Seniň ol “sogap” diýýäniň ýalňyş. Sogap däl ol, oňa “zyna” diýýärler. Sen özüň hakda şunça gürrüň berýänçäň, halka din hakynda düzüwli zatlary öwreden bolsaň gowy bolardy.  
“Bäh, meniň bu millete edip ýörenlerim haýp eken-ow” diýip, çym-gyzyl bolup, tarsa ýerinden turan mollaçar “Oglum, ýör, gitdik!” diýdi-de, gapa ýöneldi. Çykyp barýarka-da “Men indi gaýdyp  ...  obadan bäri gelmerin!” diýip, öz obalary bilen şäheriň arasyndaky bir obanyň tutup, gapyny batly ýapyp gitdi. Ýagny, bu sebitlere sadaka sowmaga gelmejegini duýdurdy. 
Häzir ony gedemlikde Lýudowik XIV-den kem galdyrýan diňe başynda täji we egninde sütükli ýapynjanyň bolmazlygydy. 
Adamyň özüne aýdylýan zatlara reaksiýasy hemme zadyň üstüni açýar. Meniň onuň Allanyň we adamlaryň öňündäki hyzmatlaryna şek ýetirmegim ýa-da kembaha garamagym, bar, adalatsyz, nähak bolaýanda-da, özi gedemlige şeýle gutarnykly berlen bolmasa, bu onda barybir munuň ýaly reaksiýa döretmeli däldi. 
“Kyrk ýyl adamy görmän gezse, ýylan aždarha öwrülýär” diýýärler. Kiç kim temegine kakmasa, eýesi hem bilmese, ynsan gedemligi gitdigiçe çişip-ulalyp şeýle ýagdaýa gelýär. Bu ýerde bolsa, meniň pikirimçe, Allanyň öňündäki borçlaryny bendäniň berjaý etmeginiň Allany hem onuň öňünde haýsydyr bir zatlara borçlandyrýandygy hakyndaky ýalňyş garaýyş öz roluny oýnapdyr. Bu Eflatunyň, Senekanyň we grek-rim filosoflarynyň hudaýyny, belki, borçlandyrýandyr, emma Ybraýym Hudaýyny bendäniň öňünde borçlandyrýan hiç hili güýç ýok. Çünki Allatagalanyň daşynda, oňa bagly bolmadyk, ony baglap bilýän hiç hili güýç ýok. Allatagalanyň özüne jennet borçlulygy baradaky gedem düşünje adamlary şeýle ýagdaýa getirýär.
Elbetde, meniň dini sowadym ýok. Kurandan, hadysdan, şerigatdan bilýän zadym az-az. Emma men Magtymgulyny bilýärin. Şunça ylym okap, dini we Kitaby ezber öwrenen, üstesine-de bütin ömrüni gijeler tagat dartyp, säherler doga kylyp geçiren hezreti Magtymguly “Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna” diýip, Hudaýyň syryna ynsan paýhasynyň ýetip bilmejekdigini aýdýar. “Ýokluga ýandyryp, menlikden sagyn” diýmek bilen menlikden gaça durmagy, oňa berilmezligi, ony ýokluga ýandyrmagy ündeýär. “Ýokluk” – ine, Hudaýyň ýanynda adamyň sypaty. Adam Hudaýyň ýanynda bir kiçilik däl-de, eýsem ýokluk. Pyragy atamyzyň “Nistlik” diýýäni hem şol bir ýokluk. “Eşkimden suwarsam nistligiň bagyn” bagyn diýip, nistligiň bagyny eşk bilen, ýagny gözýaş bilen suwarmalydyny aýdýar. Ýagny, adamyň özüniň erk-ygtyýarsyz, ejiz guldugyny ýatlap, doga okap, gözýaş döküp, özüni, nebsini peseldip, nistligi bolsa gök daragt kimin pajarlatmalydyny aýdýar. Allatagala – biribar, ýagny bar bolan ýeke zat Allatagala, onuň ýanynda adam ýok sanynda. Onsoň Allatagalanyň ol ýoklugyň öňünde nähili borjy, nähili wezipesi, nähili “funksiýasy” bolup biler? 
Magtymguly Pyragy! Azat il, agzybir halk, berkarar döwlet baradaky arzuwlary ýerde galyp, umytlary köýen Magtymguly! Şol arzuw-umytlaryň ugrundaky netijesiz göreşde agasy Abdyllany, dosty Çowdur hany we ýene köp ezizlerini ýitiren Pyragy! Gözel şygyrlarynda telwas bilen waspyny ýetireni Meňlisinden jyda düşüp, päk yşgy bagrynda köýüp, ýeňňesine dakylan Pyragy! Ýalňyz balasy körpelikde ýogalyp, dünýäden perzentsiz öten Pyragy! Gündiz ussahanasynda golunyň zähmeti bilen nanyny gazanyp, gijeler oýanyp, kitap okap, ölmez-ýitmez şygyrlaryny ýazan Pyragy! Daň säherler ylahy yşkyny kalbyna sygdyryp bilmän, Allatagalanyň we Resulynyň şanyna gazallar sözleýän Pyragy, gara bagryny ezip, siller kimin şaglaýan Pyragy, ejir içinde şükür edip, Eýýup kimin aglaýan Pyragy! Emma şondan soňam ýene-de “Magtymguly aýdar, iller, özüm-de, ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde” diýip, ahyretde özüne nämäniň garaşýanyny bilmän, ömrünň ahyryna Alla gorkusy bilen dowzah odundan aman diläp öten Pyragy!
Indi geleli: ýaşlygynda kynçylyk gören, häzir bu gün bolsa, öz aýdyşyna görä, dokuzy düzüw, öý-ojagy abadan, maşgalasy abat, saçagy bereketli, ogul-gyzly, agtykly, eden azabynyň hözirini görüp ýören döwürdeşimiz (uzagyndan bersin!) özüni alyp barşyna we aýdýan sözlerine garasaň, onuň diňe bu dünýäsiň däl, eýsem o dünýäsiniň hem abatlygy kepillendirilip goýlan ýaly, oňa jennet şu wagtdan buşlanan ýaly. Bu ýerde Hudaýyň ýola goýan kanunlarynyň olary goýanyň özündenem, ynsandanam, ýagny şularyň ikisindenem ýokarydygyna ynam görünýär. Ýagny ynsan ol kanunlary berjaý etmekde hem, etmezlikde hem erkin. Eger berjaý etmek ýoluny saýlap, şol ýoly amal eden bolsa, Hudaýa-da öz gezeginde ol adamy ýalkamakdan başga ýol ýok. Onsoň, öňde bir mollanyň “Hudaý bilen aramyz gowy-la, onça-munça kemçilikler babatda düşünişeris-le” diýşi ýaly, Hudaýdan gorkyny unudyp, onuň özüňi ýalkamaga borçludygyna ymykly ynanyp, döşüňi gaýşardyp gezibermeli. 
Onda Pyragy atamyz näme üçin beýtmändir? Ony il-halkymyz  ummasyz paýhasyň, päk ahlagyň we kireňsiz imanyň aýdyň nusgasy hasaplaýar ahyryn. 
Pyragy atamyz diňe Kurandan, hadysdan, tarykat ýolundan däl, eýsem ähli dört kitapdan, dürli mezheplerden we alym-ulamalaryň mirasyndan habarly bolan. Ine, Hudaý barada şeýle giň we çuň düşünjä eýe bolan akyldar şahyrymyz ynsan paýhasyny hem, çirksiz ahlagy hem, bendäniň dirilikde iman hasap edýänini hem Allatagalanyň ýalkawy üçin kepil hasaplamandyr. Ol dälilikden, ahlaksyzlykdan, imansyzlykdan püre-pür dünýäde ejir çekip, paýhasly, ahlakly we imanly ýaşasa-da, Allanyň ýalkawy üçin diňe özüniň bu sypatlaryna bil baglaman, eýsem Allatagagalanyň Özüne bil baglapdyr, Özüne sygnypdyr, “islegini Özünden eýläpdir”. Çünki, paýhasly, ahlakly we imanly ýaşany hem bir zerre gedemligi ýa-da başga bir sebäp bilen ýa-da düýbünden sebäpsiz ýere ýalkawyndan mahrum etmekde Allatagala erkindir. Onuň huzurynda bendäniň erkinlik diýen sypaty ýokdur. Ol diňe Hidaýa çäksiz umyt etmekde we şol bir wagtyň özünde ondan çäksiz gorkmakda erkindir.  
Şonuň üçinem, sözümizi jemläp aýtsak, belki Allatagalanyň Kitabyny we Pygamberimiziň hadyslaryny okabam, olardan özüniň bendelik tebigatyna degişli düşünjeleri çykarmadyk ildeşerimiziň Magtymgulyny hem hökman okamagynyň peýdasyna ynanýaryn. Bu ynsan gedemliginiň aldawly salgymynda azaşmazlyk üçin yşyk salygy ýolgörkeziji boljakdyny pikir edýärin.  

Ömre ygtybar ýok, jana durum ýik,
Ahyrat esbabyn şaýlamaýynmy?
Bende men, bararga gaýry ýerim ýok.
Islegim Özünden eýlemäýinmi?

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna,
Açsa ýolum, ýetsem Dost eserine,
Ryýazaty ýükläp nebsim şütürne,
Yhlasa iýtdirip, haýlamaýynmy?

Ýokluga ýandyryp, menlikden sagyn,
Eşkimden suwarsam nistligiň bagyn,
Ujb, ryýa, kibr, hasat matagyn
Bölüp, rehzenlere paýlamaýynmy?

Aby-towpyk ýuwup jesedim nawyn,
Hümmet bilen ötsem ybadat zawyn,
Ruhum guşun besläp, nebsimiň awyn,
Pikir bişesinden awlamaýynmy?

Magtymguly, ne bar içmek-iýmekden,
Jan jesetden gider, et hem süýekden,
Göz görmekden galar, dil hem diýmekden –
Dilim terpinerken, söýlemäýinmi?

 

55 |
|