Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

,,Magtymguly gizlin syryň bar içde"

5 minut alar

 Näme üçin mistiki edebiýatyň ideýalary syrly?  Näme üçin adaty poeziýa garaňda, mistiki poeziýada obrazlylyk, emosionallyk, şahyranalyk agdyklyk edýär? Munuň sebäbi mistiki poeziýanyň işleýän baş obýektiniň real tip däldigindedir. Ol gizlin tip -- Allah'dyr. Allah'yň Özüne, Sypatlaryna akyl ýetirmek üçin adamyň adaty duýuş synalarynyň: ,,göz gulak, dil, el, burun..." geregi ýok. Adam aklynyň hem möhümligi ýok. Çünki Oňa şu aklyň bilen akyl ýetirip bolanok.Yşkyň obýekti bolan bu Gudratly Tipe adamda gizlenip ýatan başga ,,synalar" bilen içki gözüň, gulagyň, diliň bilen köňül gözgüleri (aýnasy), kalbyň bilen ,,akyl ýetirip" bolýar. Bularyň ählisiniň jemi bir zada syrykýar: adam Allah'y - Magşugyny diňe syzmak arkaly tapyp bilýär. Duýgusyz, zehinsiz adamyň duýgusy bilen bu gizlinlige girmek bolup biljek zat däldir. Çünki gizlin zady gizlin duýgusy bolan adam syzyp biler:

,,Dostlar-a, Dost'um meniň jandan eziz söýgülidir,
Jan kibi pynhan jahanda Äleme belgilidir".
*  *  *

Sowet ideologiýasy dini we mistiki pikirleri götermedi. Şu ýagdaý bolsa Magtymguly ýaly şahyrlaryň ideal garaýyşlarynyň şu bölegini öwrenmäge düýpli täsir etdi. Goşgularyň ideal dünýäsinden sufizm bölünip aýryldy. Şol pikiriň bar ýerleri derňew obýektinden gyrada goýuldy. Şeýlelikde sufizm diýlen akym hakda asla oý hem edilmedi, şeýle akym bardyr hem diýilmedi. Ine, Magtymgulyny öwrenmekde goýberilen uly säwlik. Şahyryň şu ugurdaky goşgulary kemsowatlylyk zerarly düýpden başga hili edip derňeldi we düşündirildi.
*  *  *

,,Turgul, diýdiler", ,,Boldum girýana", ,,Oýan diýdiler", ,,Uçdum, ýaranlar" şygyrlarynda şahyrlyk zehini barada gürrüň gitmeýär-de, Allah'a akyl ýetiriş zehiniň berlişi hakda gürrüň gidýär.
*  *  *

Sufizmde şeýle bir aňlatma bar: şerigat - söz, tarykat - ýol, magrypat - yşk, hakykat - hal.
*  *  *

,,Ruýy syýadan gaýry" şygrynda şahyr pany dünýäniň yşkyna gidip, ýüzügaralyga çenli baryp ýeten liriki MENini utandyrýar. Köňül bilen pikir alyşmak, köňle nesihat bermek, köňli köşeşdirjek bolmak, sözleşmek däbi mistiki edebiýatyň ýörgünli däbi bolupdyr. Şu şygyrda hem dialog däbi alnypdyr. Şahyr-MEN öz günäsini boýun alýar, ynsanperwerlikden daşlaşanyny duýýar.Özündäki bakylygy, baky ahlagy görmediksirän bolýan, myhmançylyga gelnen dünýäň ahlagy bilen ýaşaýan MENe Köňül örän gyjytly sözleri aýdýar. Gidere ýeriň ýok, ýeketäk barmaly ýeriň Hudaýyň dergähi-huzury. Diýmek, isleseň-islemeseň Hudaýa birikmeli.Ol ADAM-MENe sorag berýär:

,,Barmy barmaga ýeriň başga - Hudadan gaýry?!"
*  *  *

,,Ýokluga ýandyryp, ,,menlikden sagyn,
Eşkimden suwarsam, nistligiň bagyn,
Ujb, ryýa, kibir, hased matagyn,
Bölüp rahzenlere paýlamaýynmy?!"

Bendiň içindäki arap-pars sözleri: eşk- gözýaş, nistlik- ýokluk, ujb- ybadatlaryň bilen öwünmek, kibir- tekepbir, hasad- gysyklyk, rahzen- ýol uran, garakçy. Diýmek, şahyr şu ýaşaýyşdan toplan ähli ýaramaz gylyklary taşlap, şu dünýädäki özüňi ýok etmäge çagyrýar, ýagny ölmäge-sirelmäge ýol görkezýär. Şu dünýädäki özüňi öldürmek bilen sen özüňde diňe arassalygy, mukaddesligi, ynsanyýetçiligi galdyrýarsyň, diýmek täzelenýärsiň, bakylyga we baky adama öwrülýärsiň. Magtymgulynyň şu pikrini Baýezidiň aşakdaky hikmeti bilen degşirip göreliň:
,,Ýylanyň gowuny taşlaýşy dek özümden geçdim".
  Alym Ibrahim Hakkulow bu hikmeti şeýle düşündirýär: ,,...ýylan näme üçin gowuny taşlaýar? Taşlamasa ölýär. Mistiki pikir hem öz-özünden geçmegi ölmezlik, täzeden direlmek, ideal ýaşaýyş belentligine göterilmek diýip baha berýär. Men-menlik, dar gözýetim, tekepbirlik, haýy-höwes zatlaryny düýp teýkary bilen goparyp zyňmak -- ine sufizmiň talaby".
*  *  *

Döwletmämmet Azady ,,Wagzy-Azat" kitabynda ýazypdyr:,,Dünýäniň dört sany ruhy sütüni bar. Älemi bir öý hasap etseň onuň dört sany ganaty bar: 1-- şanyň adyllygy; 2 -- barly adamlaryň haýyr-sahawaty; 3 -- alymlaryň amaly; 4 -- belent ruhly derwüşleriň Allah'a yhlasy. Şu dörtlük Gündogar filosofiýasynda mukaddeslige öwrülen hakykatdyr, şertlerdir. Edil yslam taglymatyna dört çaryýarlaryň (halyfalar: Ebu Bekr, Omar, Osman, Aly) direg bolşy ýaly, adamzat binýadyna, yslam döwletine hem şu dört gudrat esasdyr. Älemiň bakylygy şu dörtlükdedir. Hut şonuň üçin hem bu kitaby ýazdym".
*  *  *

Mistisizm, şol sanda Magtymguly hem ruhy päkleniş sistemasyny öz ideallarynyň esasynda goýupdyr.Olaryň pikiriçe, Älem üç dünýäden ybaratdyr. Şoňa laýyklykdan adam üç Älemi özünde jemleýän kiçi Älem bolup, adam şol üç strukturadan (gurluşdan) durýar:
 1.Alam al-mulk waş-şahada - adaty göze görnüp duran Älem. Adamda hem şuňa laýyklykda dörän dünýä bardyr, ýagny akyl dünýäsi. Bu dünýä ähli adamda bar, çünki görüp duran zadyna hemme kişiniň akly çatýar.
 2. Alam aj-jabarut* - ruhlar dünýäsi. Adamyň hem göze görünmeýän içki ruhy dünýäsi bar, ýagny köňüller dünýäsi.Diýmek, içki duýgular arkaly köp zada, şol sanda Allah'a akyl ýetirmegiň hem mümkinçilikleri bardyr.
 *Aj-jabarut - Pyragy ony jebrut diýip alypdyr:,,Jebrut Äleminde Jelil syryna" (,,Turgul, diýdiler" şygry).
 3.Alam al-gaýb wal-malakut - gaýyp Älem melekler dünýäsi.Bu dünýä hem adamda bardyr. Has takygy, adamyň Allah'a akyl ýetirmek boýunça ideal, simwoliki, intuitiw dünýäsidir. Bu akyl ýetiriş süňňüň bilen syzmakdyr, Ha:la düşmekdir.
*  *  *

Baýezitden soňky alymlar Hal Pursatynyň görnüşlerini 10-12-ä ýetiripdirler:
Şowk - joş, joşa düşmek;
gurb - Allah'a ýakyn, golaý gelendigiňi duýmak;
mahabba - Allah'a aşyklyk we şol yşkda ýanmak;
howp - Allah'yň gazabyndan we Ony tapmaryn diýip howpa düşmek;
rija - Allah bilen birikmäge, duşuşyga umydygärlik;
gam - Allah'y gözläp, aýralyk, hijran gamyny çekmek;
üns-üns - Allah'y özüňe dost-ýar saýmak;
itmaniýýa - ruhy taýdan rahatlanmak, köşeşmek;
muşahada - Allah'yň barlygyny, Sypatyny, Keşbini, Nämedigini syzmak, akyl ýetirmek;
ýakin - Allah'y tapjaklygyňa ynam;
zowk - Hal Pursatyndan lezzet almak, ganmak, didardan doýmak.
*  *  *

Magtymguly ,,Tumar gördüm" şygrynda aýdýanlary: men Hakykat-hal depderi açdym we onda ajaýyp zatlary gördüm. Şundan soň şahyr gören zatlaryny sanaýar. Şygyr durşy bilen syrly sanlardan doly. Ine, şol sanlar bolsa, Hakykat-halyň döreýşiniň san aňlatmalarydyr:
 1) ,,Bir öýde bar on iki han" : Biziň pikrimizçe, Magtymguly haly (ahwalaty) ,,öý" görnüşinde alypdyr. Şahyr ,,öý" aňlatmasyny örän köp ulanýar: ,,Öý daşyndan jykladym"; ,,Öý daşyndan şerap ysyn noş kyldym" we ş.m. Öýüň içindäki ,,on iki han" bolsa, hal pursatynyň ýüze çykyş görnüşleridir. Diýmek, Magtymguly onuň görnüşlerini on ikä ýetiripdir..
 2) ,,Bir suprada dört yssy nan, Üstünde ýedi nar gördüm". Sanlar şu kitapda derňäp oturan dört struktura-sistemamyzyň (tarykat, şerigat, magrypet, hakykat) hem-de şolaryň sütüni bolan ýedi sany tarykat duralgalarynyň (menzil-makamlarynyň) aňladylmasydyr. Şahyr Hakykata-Pursata ýetmegiň syryny şularda görýär.
 3) ,,Bir öýde bar on iki çyrag, Dört maşal bir ýanar gördüm" bu sanlar hem birinji punktdaky obrazlylygyň üýtgeşigräk gaýtalanmasydyr. Şahyr şol öýdäki on iki çyrag - ahwalatlaryň on iki görnüşi dört şemde, ýagny dört sistemada (tarykat, şerigat, magrypet, hakykat) oturdylypdyr, olaryň endigan ýanyp durşuna haýran galdym - diýýär.

Muhammetnazar ANNAMUHAMMEDOW

Çeşme: ,,Magtymguly gizlin syryň bar içde". ,,Mirap" ylmy-önümçilik firmasy, Aşgabat 1994.
 

167 |