Kömek

NÄME ÜÇIN PALÇYLARDAN KÖMEK SORAÝARYS?

SP Pal – könelere görä karta seredip, ýyldyzlara bakyp, köne kitap sahypalaryny açyp, dürli metbugat ulgamynda ýazylýan ýazgylary okap, aşyk ýa-da süňkleri ulanyp ýa daşy başga bir daşyň üstüne ýerleşdirmek we şuňa meňzeş ýagdaýlar arkaly ozal bolan ýa-da indi boljak wakalary çaklamakdyr. "Çaklamakdyr" diýýärin, sebäbi, anyk maglumatlary olaryň özleri hem doly bilmeýär. Bilýän zatlary bar bolsa, ol hem adamyň psiholigiyasyna täsir etjek ideýalardyr pikirlere eýe bolmak we ony öz bähbitleri üçin ulanmakdyr. Gadym eýýämden bäri…

NÄME ÜÇIN PALÇYLARDAN KÖMEK SORAÝARYS?

Bystander efekt - şaýadyň täsiri.

Bystander efekt, sosial ýagdaýlarda görülýän psihologiki hadysa, adamlaryň beýlekiler bilen gurşalan mahaly adatdan daşary ýagdaýlara ýa-da betbagtçylyk ýagdaýlaryna gatnaşmak ähtimallygynyň pesdigi baradaky bulaşyk hakykaty açýar. Bu hadysa, mätäçlere kömek etmek islegimize täsir edýän jogapkärçiligiň paýlanyşy barada sorag döredýär. Bystander efekt 1964-nji ýylda Kitti Genovese pajygaly wakadan soň giňden öwrenilen hadysa hökmünde ýüze çykdy. Genovese jaýynyň golaýynda rehimsizlik bilen hüjüm edildi we köp sanly şaýadyň bardygyna garamazdan hiç kim muňa goşulmady ýa-da kömek soramady. Bu waka…

Bystander efekt - şaýadyň täsiri.

ÝÜK (Ýaşaýyşyň Üýtgemejek Kadasy)

Hawa, dumuş kynçylyklar bilen gurşalan bir ýaryş meýdançasydyr. Her kim ýa bir başgasy bilen ýa-da özi bilen elmydama ýaryş içindedir. Eýsem bolmasa näderdi..? Ýaşabilmezdi…-mikä? Belki, gysga möhletleýin, ýöne müdimi däl. Her bir adamda aram-aram, garaşylmadyk ýagdaýda öz barlygyn görkezip durýan egnimizdäki kynçylyklaryň, başga bir manyda – ýükleriň aslynda mydama hem biziň omuzlarymyzda duranlygynyň, ýöne biz onuň külpetini we ynjalyksyz agyrlygyny aýratyn pursatlarda, ýagny özümizi ruhy we bedeni taýdan ýadaw duýan halatymyzda syzyp bilýändigimize göz ýetiren…

Kömek Gerekmi?

“Salawmaleýkim agam! Ýolda dursuň welin maşynyňa bir zat boldumy? Kömek gerekmi?” “Salam uýam! Öý işleriňi edip bileňokmy? Kömek gerekmi?” “Salam Eje! Şu wagt dükana geldim welin öýe gerek zat barmy?”… "Sen hemme kişä kömek edesiň gelýändir welin olar seniň kömegiňe mätäçmi? Sen her kim bilen gatnaşmak isleýän bolup bilersiň welin olar isleýärmi? Sen elmydama dogrynyň tarapynda welin seni bu herekediň üçin goldaýan barmy?… Seniň bu optimistligiň töwerekdäki käbir(bir topar) adamy birahat edýär we wagtyň geçmegi…