8 minut alar
Süňk hossarlarym
Birmahallar gaty gadym döwürlerde men çagadym we meniň ejem bardy. Indi seredip otyryn welin, ol gunler şeýle bir uzak görünýä, aslynda bu zatlar boldumyka beri, ýa-da bularyň hemmesi meniň hyýalbentligimiň netijesimika diýen pikir hem döreýär. Ana, onsoň çagalygym ejem bilen geçdi. Hany beýlekiler, kakaň, doganlaryň diýmekleri mümkin. Sebäbi eje we gyzy diýen maşgala bolmaýar. Olar hem bardy. Kakamyň kimdigini men ahyram doly tanaman galdym. Ol hemişe içgili we hemişe ukuda gezdi, soňam aradan çykdy. Doganlarynyň…