Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Başdan geçen gorkunç waka!!

4 minut alar

Bir gün obada öýde otyryn welin telefonyma jañ gelýär telefona seretsem Döwletýar(dostum)  jañ edip otyr, Aldym telefony M(men) D(Döwletýar):

D: Salamwaleykum gowumy dos ýagdaýlañ.

M:Waleýkumsalam hudaýa şükür dos gowumy özüñ.

D:Hudaýa şükür gowulaý dos menem.Dos klasdaşlarym bilen öwülýa (zyýarata) gitjek bolýarys. Dos senem gidäýdä gyzykly bolar hem zyýarat etdigimiz bolar.

M: Bolýa dos zyýarata bolsa gidäýeris.Wiý dos sorajagym kimler gitýä diñe oglanlardämi.

D: Ýok dos gyzlaram bar 2-3 sany olaram klasdaşym.

M: Bolýa dos...

Garaz gije men Dostlaryma bardym 1 gün zyýarat edilýän ýerde ýatyp soñ gaýtyarys dos diydi.Menem bolýa diýip ýanymyzdan alyp gitmeli zatlarymyzy satyn almana gitdik ( Tüwi, Et, we ş.m).Alyşdyrdyk. Ertesi gün sagat irden 6 da  ýygynanmaly ýerimizie ýygynandyk. Garaz maşyny başga obadan gürleşipdirler maşyn geldi içinde sürüjiden başga nätanyş 2 oglan, Dostumdan dos bular kim diýip soradym 2 sany gyzy görkezip şularyñ gürleşýän oglanlary diydi. Menem içimden bula gowulyk boljakdal öýtýän diýýärin. Bardyk barmaly ýerimize men birinji sapar baryp durun dostum öñem gelipdir. Görsem çöllük yerde çyra hiçzat yok antenam tutanok telefonda gürleşjek bolsan 30-40 metr gumly depe bar şoña çykyp gürleşmeli. Menem depä çykyp ejem bilen gürleşdim geldik sag-aman diyip. Onsoñ ýanymyzdan nahar bişirtmäne bir gelnejäni alyp gaýtdyk olam ýanynda kiçi çagalary aglap duransoñ nahar bişirip bilmedi, gyzlaram biz palow bişirip bilýäs diyip bişirdiler welin duzuny köp atyp duzly edipdirler iýip bolmady. Bular gap-gaçlary ertir yzymyza gitmäkäk  ýuwarys diyip taşladylar. Şeýdip gije boldy , gyzlar oglanlar üýşdi menem gorkunç zatlar aýtmany diñlemani gowy görýän men bulara (Siccin,Deccal bilýän bilýandir) kinolardaky zatlary aýdyp berip otyryn welin bular gorkup öýe girdiler. Beýleki oglanlaram öwülýa ýerde daşarda ýatylmaýar gözüñe zat görüner diyip gorkup girdiler. Diñe Döwletýar ikimiz galdyk. Gije sagat 10 lara töwerek, Döwletýar dos ýör zabordan( zabor tikenekli sim daşy görünýär) çykyp daşyna aýlanalyda diýdi menem samsyk ýaly bolup ýör dos diýdim. Zaboryñ gapysyny ýapyp zabordan çykdyk, aýlandyk yzymyza tarap ýöräp ugradyk welin aýak sesi gelip ugrady yzymyzdan. Aýak sesi diýýanimem aýak däl başga zat. Biri boş ädigi yere urup tark-tark edip ses çykarýan ýaly.

M: Dos gaçççç(Olam ilki näme bolanyna düşünenok.)

D: Ylga dos ylga(yzyna seredip bilenok).

M: Menem hic ýere seredemok diñe öñüme seredip ylgaýan içimdenem bu haýwanyña aýak sesi däl däldiredik öýtýän diýip ylgap gelyarin.

Gapa nahili gelenimem bilemok Döwletýaram zaboryñ gapysyny açyp bilmän otyr aljyrap, gapyny açýança ses ýitdi menem telefonyñ çyrasyny tutup daş-töwerege seredýän hiç zat yok. Onson girdik ikimizinem ýüzi çüw-ak. Ikimizem yanky bolan wakany unutjak bolup başga temalar hakynda gürleşip başladyk. Onson yatasym geldi ( Daşarda tapjanda ýatyrys 2 bolup hemmesem oyde) dos şutayda ýataýaly häzirem öýe girsek üstümizden gyzlar güler diyip daşarda( yanky waka bolanson haysy kelle bilen daşarda ýatjak bolýañ diysene) yany bir yatyp baryadym Dowletyar oyandyryar dos senem görýäñmaý 2 sany göz görünýär, menem seretýän hiczat goremok dos gozune gorunyandir yatyber diydim. Dowletyar yene şeýle diýdi seretdim menem gördüm ýanky göz diýýänini( 2 sany gök göz ýalpyldaýar ululygy pişigin gözünden uly adamyn gozi yaly, adamyn boyunyn uzynlygy ýaly ýerden görünýär Gözeginize getirin çolüñ ortasynda swet hiçzat ýok ). Menem dos zabora haýwan giripdir möjek bolaýmasyn gireýli diýdim olam telefonyñ çyrasyny tutdy şol tarapa ýañky zat ýok boldyda başga ýerden ýene görünip başlady 5 minut soñ. Ikimem nadip ýokaryk galanymyzy bilemizok. Baryp öýüñ gapysyny çekýaris urupdyrlar gapyny. 5 minut kakyp durduk. Ahyrynda ýañky genje açdy elindede telefonyn çyrasy name boldy oglanlar yuzuniz saralypdyrla.Bizem hiczat bolmadyk yaly: Yany zaboryn daşyna aýlanmana çykdyk yzymyzdan biri kowalady. Onsonam 2 sany göz görünip ugrady bizem öýe girdik.

Gelneje: Wah men indi nadip cagalarymy aýak ýoluna çykaraýyn aýtmalydalda onuñ ýaly zat men gorkýana diydi.

Men: Gelneje siz soradynyz bizem aýtdyk diydim.

Onýança hemmesi oyandy gelnejañ sesine. Name boldy ? diyip soraya herkim.

Bizem aýtdyk bolan wakalary. Hany oglanlar elinize cyra alyn daşaryk çykaly yañy gorenimiz haywandyrlay diyip gozlemane cykdyk mazarlygyn yanyna cenli gozledik hiczat yok. Sonam öye girip ýatdyk. Dostum turuzya seretsem sagat 2:30 dos name boldy diýýan ýor dos yzymyza baryarys ýagyş ýagyp dur, bugun galsak 3-4 gun barde bolmaly bolyarys diydi ( sebabi palçyk bolup maşyn batýar) menem gözüm bir acyldy reski aýakgabymy geýip olardan öñ taýyn bolup maşyna mundum. Daşarda ýagys diysen gaty güýcli yagyar. Ýola dusup ugradyk maşyn batdy hemme oglanlar bolup düşüp iteklap cykardyk palcykdan. Sonam tekeri deşildi. Onam 40 minut daşarda palçygyn icinde ýagyşyn astynda durup onardyk.  Seydibem gyzlaram posudanam yuwman taşlap gaýtdylar.

 

81 |
|