Filosofiýa

1100 Gün

Geliñ siz bilen hyýal güýjümizi ulanalyñ. Bir ada hyýal etmegiñizi isleyan. Daş töweregini uç gyraksyz umman gaplap duran bir ada. "Hawa, hyýal etdim, indi?" Bu adada 1100 adam bar. Hyýal ediñ, bu adamlar dürli materiklerden bu yere getirilipdir. Şu wagt hemmesi yatyr, özlerine nämeler garaşyandyklaryndan habarsyz. Ynha adamlar bir-birden özüne gelşip başlayarlar. Her kim bir birine seredýär, emma nätanyş adamlar, nätanyş ýüzler, her kim hem bu yerde yeke özi, dosty, garyndaşy, tanyşlary yok. Şol sebapden…

Pikir dünýäsinde...

Wagt we giňişligiň daşynda, ylym bilen pelsepäniň çatrygynda duryn. Özümi älem giňişliginde ýaňlanýan bir pikir synagynda ýaly göz öňüne getirýärin. Kwant mehanikasynyň näbelliligi meniň her bir atomumy sarsdyrýar we Şrýodingeriň pişigi ýaly men häzirki wagtda bar we ýok. Şrýodinger daýymyň bir wagtyň özünde öli we diri pişigi Paralel älemler teoriýasynyň tükeniksiz mümkinçilikleri bilen öz barlygyma şübhelenýän pursadymda, Zenonyň hereket paradoksyna-da ýapyşdym. Bir ýere gitmek üçin ilki bilen ýarym ýoldan geçmeli, soň ýarsyny, soň onuň ýarsyny,…

Pikir dünýäsinde...

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 1

Tebigat dünýäsinde HÖKMANYLYK kanuny höküm sürýär. Tebigatyň dürli derejedäki kanunlary – mehaniki, fiziki, himiki, biologiki... kanunlary hökmanylyk kanunyna tabyndyr. Biz dünýäde dirikäk hökmanylygyň erk-ygtyýanda. Onuň garşysyna gidip, ynsan tebigat dünýäsinde ýol alyp bilmeýär. Emma oňa tabyn bolup, bimöçber mümkinçilikleri eýe bolup bolýar. Elbetde, munuň üçin akyl-paýhas, tejribe-derňew we ylym-bilim arkaly şol kanunlary ele almaly. Ine, şonda tebigatyň ähli kanunlarynyň binýadynda ýatan HÖKMANYLYK kanuny, Aladdiniň jadyly çyrasynyň jyny ýaly seniň hyzmatyňda bolýar, tebigatyň bir ýekeje kanunyny…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 1

LOGIKI SEMANTIKA: ÄHMIÝET WE BILGI

Açar sözler: semantika, many, logiki semantika, belgi, many, ähmiýet, bilgi, sözüň dogrulyk gymmaty, logiki pikir Semantika – lingwistikanyň dildäki manyny öwrenmäge gönükdirilen esasy (uly) bölümidir [1, 428]. “Many ― значение ― düşünjeler görnüşinde hereket edýän bilelikdäki iş we sözleýiş prosesinde özleşdirilýän taryhy jemgyýetçilik tejribäni subýektiň jemleýji häsiýetde şöhlelendirmegi” [2]. Semantikanyň birnäçe bölümçeleri bar: struktural semantika (antonimlik we sinonimlik gatnaşyklar, oppozisiýalar esasynda manyny kesgitleýär), leksiki semantika (obýektiň we konseptiň manysyny sözlemiň (propozisiýanyň) beýleki düzüm böleklerine gatnaşygy…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 5

Onsoň men ol mollaçara Pyragy atamyzyň “Süýji-süýji salar hasaba dünýä, ajy-ajy goýar azaba dünýä” diýlenidir. Sen patyşy bolup, äpet metjit saldyranyňda näme, onuň o dünýäde bir kürüşge süýtçe sogaby boljakdygyna kepil barmy? Allatagalanyň öz hasaby bar. Minnet garyşan ýerinde ybadatyňam, amalyňam, sogabyňam agramy püçekdir” diýip, ýüz görmän öz garaýşymy aýtdym. Bir başlasam meni duruzmak kyn. Görnüşine görä, söhbetdeşimiň özüniň jennetiligine birmahaldan bäri mizemez ynamyna ilkinji gezek şek ýetiren men bolup çykdym. “O nähili beýle bolýar?…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 5

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 3

Adamlar diňe tebigatyň kanunlaryna däl, eýsem köplenç öz döreden kanunlaryna hem tabyn bolup, şolaryň çäginde ýaşaýarlar. Bu örän gowy zat. Emma Hudaý barada, aýdaly, jemgyýetiň hukuk sistemasyna analogik bir göz öňüne getiriş arkaly pikir ýöretmek, meselem, Hudaýy adamlara iş kesýän kazy (dünýewi ýa-da dini – tapawudy ýok) mysaly kabul etmek Onuň many-mazmunyny gaty ýöntemleşdirmek bolar. Kazy öz alyp barýan işinde el-aýagy bilen kanuna baglydyr. Eger Siz kanuny bozan bolsaňyz, özüniň Size şahsy garaýşyna bagly bolmazdan,…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 3

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 2

Görnüşine görä, hut şeýle bolubam çykýar. Emma hak diniň hakykatlary düýbünden başga zat. Hak diniň hakykatlary ynsan biliminiň hakykatlaryna mahsus bolan ählumumylygy hem, hökmanylygy hem, şolara hemra bolan mejburylygy hem bilenoklar. Hudaýyň erki olara baglananogam, olara syganogam, ol – bulardan başga, bularyň üstündäki bir zat. Meselem, aýdaly, ynsanyýet dünýäsinde hukuk diýen zat bar, hukuk namasy bolan kanunlar bar. Kanuna ählumumylyk we hökmanylyk mahsus, şoňa görä-de kanunçylygyň hukuk namalary özleriniň degişli bolan pudagynyň çägindäki hukuk gatnaşyklaryny…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 2