Eneata

Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat

DAG WE ÇUKUR ÝA-DA ASLA UGRADYLMAJAK HAT 1 Salam kaka! Söýgüli ýazyjym Kerim Aş-Şaziliniñ aýdyşy ýaly "Başlamak hemişe kyn". Ejeme sensiz durmuşa başlamagyñ kyn düşüşi ýaly maña-da saña hiç haçan ugratmajak hatyma başlamak kyn düşýär. Dogrusy, sensiz geçen ýigrimi dört ýylyñ içinde jemlenen oñat we ýaramaz duýgularymyñ, başdan geçirmelerimiñ haýsysyndan başlajagymam bilemok. Şu ýigrimi dört ýylyñ içinde ýüregimde bir-ä çukur döredi, birem dag. Çukur --- ýoklugyñ döreden ullakan boşlugyndan emele gelen çukur. Dag --- her…

Wajyp zat

Wajyp zat (hekaýa) Howa örän petiş bolansoň, daş-töwerekdäki ähli zatlar-baglardan başlap, ýol ugrunda pytrap ýatan süýji gaplaryna çenli bugarýan ýalydy. Şular ýaly howada diňe howa görä geýinmelidigine düşünmeýän ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzjagaz galyň matadan tikilen köýnekde öýünden çykar. Onuň arka tarapyndan urýan ýalyn egnine ýetmän duran keltejik gara saçlaryny ikä bölüp geçýärdi. Şonda gyzjagazyň inçejik biliniň töweregine aýlanan iki sany gyzyl lentajyk öňe tarap uzalyp gidýärdi. Gyzjagazyň gulagy maşyn seslerine werdiş bolup gidensoň, ol uly ýola…

"White House?!"

Ähli makalamyň ilkinji sözlemini ýazmak her gezek agyr düşýär. Näme diýip başlajagymy bilemok. Hormatly okyjym, sabryň üçin minnetdar :) Makalamyň adyna näme üçin “White House?!” goýanyma iň soňunda düşünersiňiz. Size öz maşgalamda bolup geçen kiçiräk wakany aýdyp bermekçi. Eýsem, makalamyň adyny başgaça goýan bolsam has üns çekerdi. Ýöne men spoiler bermäni halamok. Ejem bilen kakamyň öz aralaryndaky ýumorjyklar meni mydam şadyýan edýär. Kiçi-kiçi jedeljikler, prikollar, “roasting”-lar howada uçýar. Ahyrynda hemme zat türkleriň aýdyşy ýaly “Tatlıya…

Montessori näme? Ýada kim?

"Montessori" sözüni öň eşidip görüpdiňizmi? Biz köp çeşmelerde Montessori bilimi barada eşidýäris. Belki siz muny çagalar üçin oýun görnüşleri ýada oýunjaklary diýip bilýän hem bolup bilersiňiz. Şol sebäpli men bu temada azyrak maglumat ýazmak isledim. Soňky iki ýylyň dowamynda Montessori usulyýeti bilen has çuňňur gyzyklanyp başladym. Bir ene-ata hökmünde çagamyň dogry terbiýe almasy üçin dürli görnüşdäki pedagogiki usullaryň gözlegini edipdim we Montessori usulyýeti maňa has ýakyn gelipdi. Şol gyzyklanmalarymyň netijesinde, bilim merkezinde köp sanly çagalar…

Mynajat / Toýly Jänädow

8-nji mart Halkara zenanlar güni gutly-mübärek bolsun! Mähriban enelerimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, ruhlary belent, görjekleri diňe gowulyk bolsun! Dünýe dursun, bizi dünýä indiren mähriban enelerimiz dursun! Ejiz guluň dileg edýär ýalbaryp, Jan käbäme saglyk bergin Hudaýym! Dogamy kabul et, arşa galdyryp, Jan käbäme ömür bergin Hudaýym! Bar zady ýaradan gudratly Huda, Seniň gudratyňa mätäç men juda, Dilegmi goýmawer bu gün bihuda, Jan Käbäme saglyk bergin Hudaýym! Juma agşam, bu mübärek gijede, Rehim…