Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

"White House?!"

3 minut alar

Ähli makalamyň ilkinji sözlemini ýazmak her gezek agyr düşýär. Näme diýip başlajagymy bilemok. Hormatly okyjym, sabryň üçin minnetdar :)

Makalamyň adyna näme üçin “White House?!” goýanyma iň soňunda düşünersiňiz. Size öz maşgalamda bolup geçen kiçiräk wakany aýdyp bermekçi. Eýsem, makalamyň adyny başgaça goýan bolsam has üns çekerdi. Ýöne men spoiler bermäni halamok.

Ejem bilen kakamyň öz aralaryndaky ýumorjyklar meni mydam şadyýan edýär. Kiçi-kiçi jedeljikler, prikollar, “roasting”-lar howada uçýar. Ahyrynda hemme zat türkleriň aýdyşy ýaly “Tatlıya bağlanıyor”. 

Elbet-de, bu “wakajyklar” tebigy ýagdaýda bolýar. Tebigy ýagdaýda bolmagy üçin köp garaşmaly. Maňa bolsa yzygiderli şatlyk gerek ahyry. Şonuň üçin, ejemiň we kakamyň arasynda emeli ýagdaýda “düşünişmezlik” ýa-da kiçiräk “jedel” döredýärin. Bu makalamda döreden “düşünişmezligimden” bir bölek aýdyp bermekçi.

Kakam, Samsung Galaxy s4 telefon ulanýardy. Jaň gelende şol “zawadskoý” saz çalýardy. “Over the Horizon”. Şol wagtlarda bir programma tapypdym. Saňa jaň gelen ýaly görkezýän programma. Programmany ýüklemeli. Kimiň jaň edýänligi barada maglumatlary girizmeli. Ady we telefon nomeri. Şeýlelik bilen saňa şol nomerdan jaň gelýän ýaly edip görkezýärdi. 

Programmany ýükledim. Adyna “White House” ýazyp +1 dan soň gabat gelen owadanja nomerlary basyşdyrdym we sagat pylançada jaň gelsin diýip belledim. Wagtyny bolsa üýşüpjik nahar iýýänje wagtymyza gabatladym. Menem mekirje.

Wagt golaýlaýar. Biz iýip-içipjik telewizor görüp otyrys. Ejemiň elleri gyzyl gül. Ýene bezäpdir saçagy eliniň sungaty bilen. Telewizorda habar gidip dur. Hemme kişi öz nahary bilen. Ses çykanok. Sagat 8:00 boldy welin! Ana, jaň gelýär. Kakam ýerinden turdy. Telefony aldy. Ýüzi üýtgäp gitdi. Ýüzünden bir sorag yşaraty görünýärdi. Garaşylmadyk jaň gelýär. Üstünde “White House” ýazylgy. White House nirede. Kakam nirede? Aý, ýogsam, beý-em diýmeli däl. Kakama White House jaň etse-de ynanaryn.

Kakam geň bilen jaňy gören badyna: “White House???!!” diýip geňligini daşyna çykaryp düşünmän öz-özüne sorag berdi. Menem ýylgyryşymy bildirmänjik otyryn. Ejem kakamyň geň galyp seredişine bakyp: “Waý, Tawus??????!!”, “Tawus kim????!” diýip yzly-yzyna sorag berip ejem hem geň galyp kakama seredip dur. Jogaba garaşýar. Kakamyň telefonunda Tawus atly hiçkim ýok ahyry. Kakam “White House”-a geň galsynmy, “Waý Tawus?!”-a geň galsynmy, ejeme şol iki aralykda, jaňy alsammykam-almasammykam pikiriň ortasynda White House-y düşündirsinmi? 

Bu işler ýylgyrmakdan geçdi. Paňkyryp gülüp goýberdim. Waka birden ot aldy. Nädip saklanaýyn. 

Jaň öçüp galdy. Kakam gülüp dur. Ejem heniz hem jogaba garaşýar. 

“Maňa Amerikadaky White House jaň etdi, Tawus däl” diýip bir başdan düşündirdi. Ejem bolsa “Men näbileýin gy” diýip temany jemledi. Yzyndan elbetde “roast” etmese bolmaýar. “White House seni başyna ýapsynmy?” -diýip okuny atypjyk galdy. 

Soň, men nädip edenimi düşündirdim. Şeýlelik bilen waka jemlendi we henizler hem ýatlap aramyzda gülüşýäris. Men, ene-atamyň maşgalasy ýaly maşgalamyň bolmagyny uly arzuw edýärin.

Makalam, uzynrak boldy. Indiki makalam çykýança saglykda görüşeliň!

140 |
|