Duýgy

SAŇA AÝTMALY ZATLARYM BAR!.. Hawa, bu men! Saňa hat ýazmagy gowy görýän dostuň! Meniň saňa aýtmaly zatlarym bar! Men arzuw etmekden ýadadym, gadyrdan! Çünki köňül aýnam döwüleni bäri äpişgämden sowuk şemal girýär ýüregime... Ol ýerdäki gürsüldiniň sesi bolsa barha haýallap, gursagymam daşa öwrülip barýan ýaly... Bärde üşesemem seniň getirjek baharyňa henizem garaşýan men. We ähli güýjim bilen saňa hat ýazýaryn, gadyrdan, seniň kimdigiňi bilmesemem! Hiç kime aýdyp bilmedik zatlarymy saňa ýazyp ugradasym gelýär birhili. Bir…

Söýýänsireýänlerden gorasyn...

Söýmeýänlerden däl, söýýänsireýänlerden gorasyn Allajan... Geň galýan, birine ýasamalyk edenlerinden soň nädip özlerini halap bilýäler-kä? Mysal üçin men öz göwnüme degmek islemeýändigim üçin başgalara ýasamalyk edemok. Islendik gatnaşykda-da meniň özüm has möhüm, ýagny özümi garşymdaky kişä içimden gelişi ýaly alyp barmasam men özüme ikilik edenim bolýar...Öz duýgularyma, öz akylyma, öz hormatyma, öz terbiýäme... Şonuň üçin ýasamalyk garşyňdaka däl-de özüňe edilýän erbetlikdir... Öz bolşuňy, içki dünýäňi, içki sesiňi inkär edip birine gowy görünjek bolmak bilen gazanmagyň…

Duýgy aňy we Danyýeliň Golemanyň "Emosional intellekt" kitaby.

Duýgy aňy durmuşyň köp ugurlarynda üstünlik gazanmagyň açarydyr. Başdan geçirýän duýgularyňyzy tanap bilýän bolsaňyz, duýgularyňyza gözegçilik edip bilýän bolsaňyz we başgalaryň duýgularyny kesgitläp bilýän bolsaňyz, emosional aň üçin üstünlikli synaşýarsyňyz. Duýgularyňyza düşünmek we dolandyrmak ukyby, potensialyňyzy durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimdir. Duýgy aňy höweslendirmek, duýgudaşlyk, pikirlenmek, stres dolandyryşy, aragatnaşyk we dürli sosial ýagdaýlara we gapma-garşylyklara düşünmek we çözmek ukybymyza goşant goşýar. Duýgy aňy möhümdir, ösdürilip ýetişdirilse, adama has kanagatly we bagtly durmuşda ýaşamaga mümkinçilik berýär.…

Duýgy aňy we Danyýeliň Golemanyň "Emosional intellekt" kitaby.