Ýalňyzlyk

#NobatdakyÝalňyzlyk

Nähili diýsem. Ölümden başga hemme zadyň gelip geçijidigini bilsemem, arasynda käbir zatlar üçin gynanýan. Geçiji zatlar üçin gynanmak nä derejede dogry bilemok!? Göwünlik bermäne adam garasy ýok bolansoň haýyrlysydyr diýip özümi köşeşdirýän soňam. Şahyr aýtmyşlaýyn "Ne adam küýseýän, nede başga zat" diýenine diňe bu çukura düşenler düşünäýmese. Boşurak bolup wagt öldürsem dagy boldy işim gaýtdy diýibermeli, kellämdäki pikirleriň takyrdysy günüme goýanok. Ondan gorkunjy wyždanymyň sesi ukladanok kä gijeler. Şu ullakan kellämiň içinde 'käşgä etmesedim'lerden ýaňlanýa…

Dost

Dostumy küýseýärin. Dost küýseýärin. Aýtmaklaryna görä, kalbynda hakyky imany göterýän adam üçin älemdäki islendik zat dost bolmaly. Men bu söz bilen doly ylalaşýaryn. Mysal üçin, weli ynsanlar çöl-beýewanlarda ýeke özleri aýlanyp ýören bolsalar hem, olaryň hiç hili içi gysmaýar. Sebäbi ähli zadyň ýaradyjysy bir bolansoň, şol ýaradyjynyň üsti bilen ähli zadyň arasyndaky dostluk köprüsini gurmak olara başardýar. Weliler tutuş barlyk bilen hemdem bolup bilýärler. Elbetde, hemme kişi hem weli bolup bilenok. Hakyky iman diýip kalbymda…

Ah, Epsilon! Part I

Ah Epsilon! Salam Epsilon! Oňatmy ýagdaýlaryň? Inşallah oňatdyrsyň! Meni sorasaňa Menem oňat hudaýa şükür munça bolsa ... Bugün ýene asman bulutly We ýene asmanyň gözleri ýaş'ly Bu gezek ýöne-möne ýaş'ly däl Göwnüme bolmasa zaryn-zaryn aglaýa asman Üst-başyňy öl-myžžyk etjek derejede Biraz demini alan çaý Penjiräniň öňü, ýagyş we hyýallar ... Ýel'e sowrulan sary ýapraklar mysaly Sowruldym ýene senli hyýallara We ýene sen ýadyma düşdüň Nädeýin elimde däl Ýogsa ýatlajak däl seni Seni ýatlamajak bolup Kalbymyň…

Ah, Epsilon!  Part I

Ýalňyzlyk

Il içinde çekdim ýekelik derdin (Ýekelik derdini çekenler biler.) G.Ezizow Siziňem durmuşda Ezizow bilen pikirdeş bolan wagtlaryňyz köp bolandyr. Töweregiňiz adamdan doly hem bolsa özüňizi ýalňyz duýan wagtlaryňyzy ýadyňyza salyň. Nämäniň kemdigini tapmak başardypmydy? Ýa bolmasa ýüregiňizi aýasyna alyp gysymlap gysymlap gowy edip ýenjen ýalňyzlyk öz-özünden gaýyp bolup gidiberipdimi? Geliň onda bu gezek ýalňyzlyk barada pikir ýöredeliň. Etimologik sözlügiň hem aýtmagyna görä “ýalňyz” sözi “ýalaňaç” sözi bilen kökdeş bolup asly “ýalyň” sözünden gelýär. Ýalňyzlyk ýalaňaçlyk…

Ýalňyzlyk (Ýa-Da Uly Boşluk)

Il içinde çekdim ýekelik derdin. Ýekelik derdin çekenler biler. – Gurbannazar Ezizow Aram-aram ýalňyzlyk geçirýän. Ýanymda hiç kim bolanok. Bedenimde ýeke özüm türmede ýaly. Käwagt gülýän soňra geçýä. Içimden ýazmagam gelenok. Käwagt gowy, käwagt ýaman. Uly şäher, ýöne ähli zat ajaýyp içgysgynç. Bu şäherde bir kemçilik bar. Gizlemeli däl, elbetde okuwdan boş wagtlarymyz kursdaşlarym bilen gykda-wakk bolup futbol oýnaýas. Ýa bolmasa öýde PES13 oýnamyzda dostym bilen. Ýöne olar islän wagtyň ýanyňda bolup duraýanoklar, olaram günäker…

Ah Epsilon! Part II

Ah, Epsilon ! Näme üçin 'Sen' diýip soraýan özüme Millionlarça ýalňyzlyk bar wagty Näme üçin senli hyýallara mejburdym Gör näçe baýlyk barka Näme üçin sensizligiň garyplygyna tutsagdym. Soraýan özüme: Durmuşy aňsatlaşdyrmak ýerine, Näme üçin şansymy kynlaşdyrjakdym seniň bilen. Soňra seredişiň aklyma gelýä üşeýän, Kem galýa alýan demim, Guşlar yssy ülkelere göç etmeseni goýaýjak ýaly, Çäresizlik örtýär boýdan-başa meni, Hemişe ýanymda isleýän seni, Çaýyma şekeriň tagam berşi ýaly Durmuşyma tagam bermelidiň, Birden hä bolmasaň açlyk boljak…

Ah Epsilon! Part II

Ah, Epsilon! Part III

Ah Epsilon! Uzakdan söýdügim Hemme kişiň ýanynda öwdügim Seň üçin özümden geçdigim Seň hiç zatdan habaryňam ýokdyr Dogry dälmi? Bolanda näme, bu dünýe 5 günli Menem adam, menem göwünli Bilseň alýan her bir demim düwünli Ah Epsilon her kim, her kim her tüýsli Daş-töweregiňe seretmeseň ünsli Kime ynanjagymam bilemok, Kime daýanjagymam bilemok, Kime duşman, kime dost diýjegimem Çynym bilen aýtýan ýadadym Ýadadym gynanyp... Öňümden çykan her kişä ynanyp Geçdi her kişem göwnümiň göwnüne degip Dogry…