Maslahat

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Disclaimer ⚠️: Bellik mowzukda siziň şahsy düşünjelerňize, pikirleriňize garşy pikirleriň bolmagy ähtimal! Öňünden duýdyrmady diýmäň we bu pikirler awtoryň şahsy pikirleri bolup hakykat bolmaga dalaşgärlik etmeýär we bu mowzukdan aljak täsirlenmeleriňize we kararlaryňyza awtor jogapkär däl! Nädip hakyky erkek bolmaly? Bellik 2: ⚠️ bu tema diňe erkekler üçin, 18 ýaşdan kiçilere we gyzlara, zenanlara aýallara (umuman femine jandarlara) okamak gadagan! ❌ Salam erkekligiň nämedigne düşünmeýän mikrotestasteronuslar we estrogenuslar. Nädip erkek we hakyky maşgalanyň kakasynyň nähili…

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Başgalaryň Pikirleri Hakynda Özüme nesihat Gijräk bolsa-da durmuşyň ýene bir hakykatyna göz ýetirdim. Adamlaryň sen hakyndaky ýalňyş pikirlerini üýtgetmäge synanyşmak, deňze daş atmak ýaly boş zatdyr. Sebäbi her bir adam beýlekilere özleriniň gözýetiminiň, durmuş pelsepesiniň we içki dünýäsiniň äpişgesinden serederler. Sen näçe gowy, dogruçyl, ahlakly, hoşniýetli bolsaň hem, başga adam saňa öz garaýşyndan baha berer. Şeýle ýagdaýda özüňiň gowudygyňy olara subut etmek bolsa düýbünden peýdasyz işdir. Dogry, köpçüligiň pikiri güýçli zatdyr. Ýer şarynyň tegelekdigini goldan…

Stress

Stress, her kimiň durmuşynyň belli bir döwründe başdan geçirýän umumy tejribesi. Muňa iş bilen baglanyşykly meselelerden başlap, şahsy meselelere çenli dürli faktorlar sebäp bolup biler. Stress durmuşyň adaty bir bölegi hökmünde kabul edilip bilinýän hem bolsa, onuň fiziki we emosional abadançylyga ýetirýän täsirlerine düşünmek möhümdir. Stress beden saglygymyza ep-esli derejede täsir edip biler. Stressde bolanymyzda, bedenimiz gan basyşynyň we ýürek urşunyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljek kortizol we adrenalin ýaly stress gormonlaryny çykarýar. Uzak möhletde bu…

Stress

Biznesi döretmek kynmy ýa-da ýöretmek?

Häzirki wagtda islendik adam biznes gurmak ýa-da telekeçilik bilen meşgullanmak isleýär. Şonuň üçin ýaşlar we uly adamlar tarapyndan okalýan kitaplaryň köp bölegi biznes temaly kitaplarydyr. Emma käbiriniň aklynda şeýle pikirler bar ,, biznesi döredeýin özi dowam edip gider" , ,,esasy zat başlamak dowamy özi gelýär" we şuňa meňzeş düşünjeler. Emma ähli zat kitapda yazylyşy ýaly ýa-da daşyndan görnüşi ýaly aňsat däldir. Biznesi döretmek elbetde, örän kyn zat emma döredeniň bilen hem meseleler gutarmaýar, tersine meseleler…

Tik tok-yň ,,peýdalary"?!

Tik tok programmasy özünde millionlarça şekilli wideolary saklaýan programmadyr. Häzirki wagtda ony takmynan 1 milliard adam ulanýar. Elbetde ol programma özünde peýdaly wideolary saklasa-da köpüsi ,,wagt öldüriji’’ wideolardyr. Bu makalada Tik tok programmasynyň çagalara ,,peýdalaryny" sanap geçeris. Ilki bilen çagalary Tik tok seredýän ene-atalara näme ,,peýdasy" bardygyny sanap geçeliň. Ene-ata- lara ,,peýdalary": Çagalarynyň içi gyssa güýmenmäge Tik tok açyp berseler çagalarynyň içi gysmaz; Çagalaryna oýunjak, sport enjamlary ýaly zatlar satyn alyp bermek gerek däl, diňe…

Tik tok-yň ,,peýdalary"?!

Kiçijek ýodadan dogry menzillere gadam bassaň...

Köp wagt bäri telekeçilik düşünjesi bilen bagly gören we özleşdiren maglumatlarmy (mazmunlarymyň hemmesini) siňdirjek, sarp etjek, herekete geçirjek wagtymyň gelendigini ýaş wagtymdan bäri özüme ündäp geldim. Şeýle-de bolsa, bu ýolda äden her ädimim bilen bu näbellilik dünýäsinde özümi ýitirenimi duýdum we gorkup yza çekildim durdum. Telekeçilik bilen bagly okan zatlarym ýaly “gül ýaly dünýä” ýokdy. Pikirlenip, kellämde gurnap ýören işlerim belli bir ýere gelende (bişişende) batyrgaýlyk bilen ädim ätmegi makul bildim. Telekeçilik işinde başlangyç mugallymym…

Kiçijek ýodadan dogry menzillere gadam bassaň...

WI- FI-yñ ýetirýän zyýanlary

Tehnologiýasyz ýaşap bilmeris - bu hakykat. Emma zyýanly netijelerden özümizi nädip goramalydygymyz hakda has köp bilmeli. Wi-Fi marşrutizatoryny howpsuz ulanmak ýa-da iň bolmanda bolup biljek zyýany azaltmak barada käbir maslahatlary belläp geçeliñ. Internete birikmek üçin ulanylýan simsiz Wi-Fi ulgamy häzirki wagtda hemme ýerde diýen ýaly giñden ulanylýar. Şeýle-de bolsa, Wi-Fi enjamlaryny oturtýan hyzmat işgärleriniň saglyga howp salmagy barada anyk görkezmeleriň bardygyny az adam bilýär. Simsiz enjamlary birikdirmek üçin routerleri ulanýarys.Routeriň özi saglyga ep-esli zyýan ýetirip…

WI- FI-yñ ýetirýän zyýanlary

Size hökman peýdaly boljak käbir YouTube kanallary

Internet örän uly maglumat älemi. Internetda her-hili kategoriýalara (ylym-bilim, degişme, täsinlikler, habarlar) degişli millionlarça zada ýetip bilmek mümkin. Internet ulanyşyňa görä peýdaly ýa-da zyýanlydyr. Eger-de sen gije-gündiz şol bir (peýdasy bolmadyk) kategoriýadaky zatlara seredip dursaň, bellibir wagtdan soňra senem şolaryň derejesine düşersiň, zehiniň küteler ýagny. Soňam "internet peýdasyz" diýýärler, aklyňy dogry ulanmasaň saňa hiç zadyňam peýdasy bolmaz. Şol sebäpli, size käbir kanallary maslahat bermekçi. Bu kanallary ondan-mundan "copy-paste" edip goýup, ýa-da ogurlap alýanlaryň edişi ýaly…

Size hökman peýdaly boljak käbir YouTube kanallary

A+content näme?

A+content näme? Bu, uzyn we böleklerden ybarat bolan reklama sahypasy diýip alsak hem ýalňyşmarys. Amazon-da satmak saňa belli bir möçberde kitap barada surat we ýazgy goýmagyňy isleýär. Ýöne sen kitabyň barada o çäklenmeden has köp zat goýmak isleýänsiň kitabyň derrew satylmasy üçin şeýle dämi näme? Ana eddil şu ýerde ara A+content girýär... " Amazon kindle direct publishing " saýtyna girip hasap açýarsyňyz. Ondan soňra: Marketing bölümini saýlamaly Sahypany aşagrak edip aşakdaky suratdaky bölüme gelýäňiz. "Saýla"…

A+content näme?

Beýniniň 2 tarapyny hem ulanmak mümkinmi?

Adamyň beýnisi esasan 2 bölege bölünýär. Sag beýni we Çep beýni. Ylmy barlaglaryň netijesinde her adam şol bir wagtda diňe bir tarapyny köp ulanyp bilýär. Ol hem başarnygyňyza görä haýsy tarapy köp ulanýandygyňyz üýtgeýär. Alymlara görä beýniniň çep tarapy köplenç hasaplama ýaly amallary ýerine ýetirmäge ökde sag beýni bolsa dil ugurlaryna ökde diýip çaklanylýar. Elbetde bu maglumat her ýerde üýtgeşikdir. Emma hemme maglumat çeşmeleri we lukmanlar tarapyndan beýniň köplenç diňe bir tarapy işjeň görnüşde işleýär…

Beýniniň 2 tarapyny hem ulanmak mümkinmi?