Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Writer

Biznesi döretmek kynmy ýa-da ýöretmek?

2 minut alar

Häzirki wagtda islendik adam biznes gurmak ýa-da telekeçilik bilen meşgullanmak isleýär. Şonuň üçin  ýaşlar we uly adamlar tarapyndan okalýan kitaplaryň köp bölegi biznes temaly kitaplarydyr. Emma käbiriniň aklynda şeýle pikirler bar ,, biznesi döredeýin özi dowam edip gider" , ,,esasy zat başlamak dowamy özi gelýär" we şuňa meňzeş düşünjeler. Emma ähli zat kitapda yazylyşy ýaly ýa-da daşyndan görnüşi ýaly aňsat däldir.
Biznesi döretmek elbetde, örän kyn zat emma döredeniň bilen hem meseleler gutarmaýar, tersine meseleler täzeden başlanýar. Ol meseleler hem örän kyn meselelerdir. Mysal üçin; bir fabrik guranyňda “öndürýän önimiň diňe satylyp durar” diýen zat ýok. Ol hem mahabata-da bagly bolup durýar. Mahabat gowy bolanda-da önümiň hili erbet bolsa ol önümiň satylmagy kynlaşýar. Önümiňi lomaý görnüşde birine satmak jogapkärçiligi siziň elinizden almaýar. Lomaý edip alan adam hem ol önümi satmaly, satylmasa onuň zyýany bolýar emma ol zyýan çekenden soň inni ol siziň muşderiňiz bolmaýar. 
Käbir adam öndüriljek ,,önüm satylarmy’’ diýip pikir etmezden fabrigi gurýar. Emma ol önüm satylmazdan, tersine öndürijiniň elinde galyp biler. Sol sebäpli öňünden haýsy önüm geçer diýip pikir edip, soň fabrigi gurmaly. Şeydip käbir adamlar fabrigi gurup, soňra önümi bazara ýerläp bilmänligi sebäpli yeňlişe sezewar bolýar. Mundan başga-da konkurensiya meselesi hem bar. Konkurentler sizden guýçli bolsa sizden köp önüm satýar, üstesine-de siziň müşderilerňizi eliňizden alyp biler. Şonuň üçin konkuretler bilen elmydama ýaryşda bolmaly. Şuna menzeş meseleler biznesi guranyňdan soň yüze çykýar, käbir adamlar ol meseleler bilen söweşip bilenok. Umuman başdaky soragmyza jogap meniň pikirimçe ,,Biznesi ýöretmek kyn’’. Emma bu meniň düşünjelerim herkimde dürli düşünjeler bar. Meniň maslahatym biznesi gurmazdan ozal biznesi yöretmek hakynda hem kitaplar okaň ýa-da şol işleri ýöretýän adamlardan maslahat soramagy ýadyňyzdan çykarmaň! Eliňizden geldigiçe az yalňyşyň! Sebäbi biznesde kiçi ýalňyşlyklaryň bahasy uludyr. 

75 |