Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

A+content näme?

2 minut alar

A+content näme?

Bu, uzyn we böleklerden ybarat bolan reklama sahypasy diýip alsak hem ýalňyşmarys. Amazon-da satmak saňa belli bir möçberde kitap barada surat we ýazgy goýmagyňy isleýär. Ýöne sen kitabyň barada o çäklenmeden has köp zat goýmak isleýänsiň kitabyň derrew satylmasy üçin şeýle dämi näme? Ana eddil şu ýerde ara A+content girýär...

"Amazon kindle direct publishing" saýtyna girip hasap açýarsyňyz. Ondan soňra:

Marketing bölümini saýlamaly

Sahypany aşagrak edip aşakdaky suratdaky bölüme gelýäňiz. "Saýla" diýýän ýerinden amazon.com saýlaýaňyz.

Choose bölümini saýlamaly

Suratda görşüňiz ýaly eddil aşajygyndaky sary düwmejige basýaňyz.

Manage A+content saýlamaly

Aşakdaky suratda hem görşümiz ýaly sag tarapdaky düwmejige basýaňyz.

Start creating A+content

Çep tarapdaky boşlugyň içine, haýsy temada reklama etmäne zat taýýarlaň şony ýazýarys. Ýagny, kitabyň adyny hem ýazyp bilersiňiz.

Content name bölümini doldurmaly

Eddil aşagynda bolsa "Editor" we "Preview" ýazgysy bolsa editor bilşimiz ýaly edip otyran sahypamyzy görkezya, preview bolsa işiň netijesiniň nähili bolýandygyny görkezýär. 

Ortarada uly boşlukdaky düwmä basýaňyz (suratda görşüňiz ýaly)

Add Module-a basaňda içinde ulanyp bilýän modullarymyz bar

Içinde biziň ulanyp biljek taýýar modullarymyz bar. Premium däl bolsaňyz elbetde belli bir sanda modullary ulanyp bilýärsiňiz. 

Netije 

 Bu aýdan zatlarym diňe kitap üçin däl-de kosmetika, öýiň içiniň dizaýneri (interior design) ýaly birnäçe zatlary reklama etme üçin hem ulanylýar. Eden işleriňizi bolsa "Fiverr" da ýa-da siziň islän beýleki iş platformalarynda paýlaşyp bilersiňiz. Özüm ýöne Fiverr-y maslahat berýärin. Elbetde, bu barada youtube-dan has giňişleýin maglumat alyp öwrenip bilersiňiz. 

Diňe görkezen saýtymda däl-de Photoshop ýaly programmalarda hem edip bilmek mümkinçligiňiz bardyr.

Men saýtyň içini görkezip size bir azajygam bolsa gyzyklanma döretmek isledim. Gyzyklanma dörändir diýip hem pikir edýärin. 

91 |
|