Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýetginjek dostlaryma maslahatym

1 minut alar

Salam dostlar. Ýylar geçýär aýlar aýlanýar diýilýän sözüň manysyna indi düşündim. Düýn ýalakdy ejemiň elinden tutup 1-nji synpa giden wagtlarym indi bolsa 11-nji synp. Nesip edenden ýene-de ýakyn wagtlardan ýokary okuw jaýyna girip bir hünäriň eýesi bolmaly.

Mekdep pursatlary diýseň gyzykly welin wagtyň nädip geçýändiginäm bilip bilemizok. Ýöne işiň gowy tarapy tejribeli mugallymlarmyzyň saýasynda gymmatly wagtymyzy boşa gidermän herimiz öz saýlan ugurlarymyz boýunça goşmaça sapaklar okap özümizi kämileşdirýäris. Ýöne welin gynansak-da häzirki wagtda meň ýaşymda bolup (17-ýaş) öz geljekki ugruny saýlap bilmedik dostlaryma hem gabat gelýän. Biz bolsa mekdep ýolbaşçylarymyzyň ussat mugallymlarmyzyň saýasynda 7-nji synpa gelenimizde öz ýüregimizdäki käri saýlap şol ugurlardan mekdep sapaklaryndan daşary goşmaça sapaklary okadyp ýetişdirildik. Ýetginjekleriň kellesindäki esasy uly sorag men kim bolmaly?

Aslynda şu soragyň jogabyny biz 14-15 ýaşlarynda bellibir gutarnykly netijä gelip şol ugur boýunça kämilleşmeli. gynansak-da käbir 17-18 ýaşlaryndakylar bu soragyň jogabyny hälem berenoklar. Bu bolsa boş ýatan bir meýdana meňzeýär, boş ýatan meýdandanam bize peýda bolmaz. Biz bolsa peýdasyz bolmalyň dostlar watanymyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişeliň

Men bu gün aramyzda şeýle gezip ýören doslarmyz bar bolsa bulara kömek etmek maksady bilen bu makalamy ýazdym. Dogrusyny aýtsam meniň lukman bolmak islegimi mekdebimiziň himiýa we biologiýa mugallymy Ýeňiş Orazgeldiýew hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlary guramasynyň Maglumat beriş bölüminiň başlygy Merdan Ataýew we lukman Rahymberdi Kerimow goladylar we maňa bu jogapkärli wezipäni laýyk gördüler. Ýetginjek dostlaryma aýtmak isleýän zadym eger-de kim hünär saýlamakda kynçylyk çekýän bolsa agzap geçen halypa mugallymlarym bilen maslahatlaşyp bilersiňiz. Çünki olar sizi dogry ýola saljakdygyna ynanýaryn

75 |
|