Ýazmak

MAKALAM! MEN GAÝDYP GELDIM.

Ýoldaky garalama belliklerimden 1- Täsir barada Agzyňyzda​ eremeýän, emma akyllary​ eredýän bal ýaly süýji sözleriňiz bar bolsa, ýadyňyzdan çykarmakaňyz bellige alyň! Başagaýlyk bilen geçýän​ şu durmuşyňyzda köp zady ýadyňyzdan​ çykarşyňyz​ ýaly, olary hem ýatdan çykarmagyňyz adaty bir ýagdaýdyr​. Wagt geler ýatlamak üçin ýatkeşligiňizi barlagdan geçirersiňiz, emma​ ýatkeşlik​ siziň ​iň uly duşmanyňyz​ bolar. 2- Arassaçylyk barada Ýagşyň ýygy-ýygydan ýagyp, kirläp ýatan ýerleri arassalaýşy ýaly, gözýaşlaryň hem kirlän gözlerimizi arassalaýandygyna şaýat bolýarys. Arassaçylykdan soň düýpli özgerişlikleriň miwesi…

Göwnühoşluk we şübhe

Ýazan zadyňy kesekiň gözi bilen synlajak bolmaga hemişe dyrjaşmak, elmydama özüňe müňkür bolmak, başarýandygyňa, başarandygyňa şübhelenip gezmek – bu-da ýazýan adamy hemme ýalňyşlyklardanam, bärdengaýtmalardanam, täsirlilik gaýasyndan suwjuklyk girdabyna garşy eňaşaklygyna togalanyp gaýtmakdanam...halas edýän panaseýa ( hemme derdiň dermany ) däl. Ýöne şol zatlar her niçigem bolsa, ýazýan adamy, öz “ýazmak zähmetiniň” üstünde üznüksiz işlemäge, adamlaryň pikirine mümkin boldugyndan “özjanjagaz özjanynyň” däl-de, şolaryň nukdaýnazaryndan garap, olaryň edýän bellikleriniň, teklipleriniň arasyndan özi üçin gerekli “zer dänejiklerini” süläp…

Okamagyň zerurlygy

Çagalygymda okan fantastiki kitaplarymda, okamak köplenç has netijeli bilim almak usuly bilen çalşyrylýardy. Syrly "lentalar" bilimleri adamyň beýnisine kompýutere programma ýükleýän ýaly ýükleýärdi. Bu hili zat ýakyn wagtda bolup biljek zat däl. Diňe bir okamagyň ornuny tutjak zady döretmegiň kyn boljakdygy üçin däl-de, eýsem hatda şeýle zat bar hem bolan bolsa, ol ýeterlik bolmazdy. X barada okamak diňe x barada öwretmän, ol eýsem nähili ýazmalydygyny hem öwredýär. [1] Bu wajyp bolarmy? Eger biz okamagyň ornuny…

Galam ýa-da ruçka?

Ýazmagy ilkinji bolup çagalar bagynda, orta mekdepde ýa-da ene-atalar özbaşdak öwredýärler. Ýazuw guraly eliňizde (barmaklaryňyzda) nädogry usulda tutulanda ýazuw bulaşyk we gelşiksiz bolýar bu bolsa köplenç çagalarda dartgynlylyk, stress döredýär. Şonuň üçin çagalara okuwyň başynda ýazuw guralyny dogry tutmagy öwretmek gaty möhümdir. Hat ýazmagy biziň ählimiz bilýäris, haýsy guralda ýazmak has amatly galam ýa-da ruçka? Galam bilen ruçkanyň arasynda tapawut uly diýip bileris! Haçanda çaga galam bilen ýazanda, ýalňyşmakdan gorkmaýar- ýalňyşlygy pozup düzetmek aňsat. Bu…

Galam ýa-da ruçka?

Ýazmak hakda

Haýsy bolsa-da bir işde tejribe edinmek; netijesinde üstünlik gazanmak üçin güniň belli sagadynda belli wagt aýyryp oturyp şo etjek bolýan zadyň bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Meselem ýazmak, okamak, keşde çekmek, saz çalmagy öwrenmek ýaly. Her oturaňda iş edinip başyna barsaň elbetde bolmajak zat däl emma asyl mesele şol başyna barmakdamyka diýýän. Meselem şu ýazgyny haçanky başyna baryp bir zatlar ýazaýyn düşünjesi bilen gezip ýörmegiň ýerine şony amala aşyraýyn niýeti bilen başga hiç kim üçin däl…

ÝAZMAK ÜÇIN PIKIR GEREK ADAMA

Ýazmagyň syry biziň içki dünýämizde bolup geçýän hadysalara, ol hadysalary ýürekden duýup bilşimize baglydyr. Ony gepletmek, oňa geň düşünjeleri ýazdyrmak, hadysalary ýekän-ýekän gözden geçirmegimize, esasanam, täsin pikirlerimize, parhly dünýä garaýşymyza we beýlekileriňkä meňzeş bolmaýan ideýalarymyzyň bollugyna hem baglydyr. Ajaýyp setirleri, iliňkä meňzeş bolmaýan pikirleri döretmegiň usullaryndan biri bolsa empatiýadyr. Empatiýa – ýazmagyň syryny paş edýän gymmatly açardyr. Empatiýa arkaly islendik obrazy, hekaýany we hyýaly gahrymany döretmek mümkindir. Ýazmak üçin bir zatlardan başlamak hökman gerek. Ol…