Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Content writer

Galam ýa-da ruçka?

1 minut alar

Ýazmagy ilkinji bolup çagalar bagynda, orta mekdepde ýa-da ene-atalar özbaşdak öwredýärler. Ýazuw guraly eliňizde (barmaklaryňyzda) nädogry usulda tutulanda ýazuw bulaşyk we gelşiksiz bolýar bu bolsa köplenç  çagalarda  dartgynlylyk, stress döredýär. Şonuň üçin çagalara okuwyň başynda ýazuw guralyny dogry tutmagy öwretmek gaty möhümdir.


Hat ýazmagy biziň ählimiz bilýäris, haýsy guralda ýazmak has amatly galam ýa-da ruçka?
Galam bilen ruçkanyň arasynda tapawut uly diýip bileris! Haçanda çaga galam bilen ýazanda, ýalňyşmakdan gorkmaýar- ýalňyşlygy pozup düzetmek aňsat. 

Bu ýagdaý çaganyň umumy birzat etmek, öwrenmek, synap görmek islegine gaty gowy täsir edýär. Aýdylşy ýaly: “Diňe hiç zat etmeýänler ýalňyşlyk  goýbermeýärler!”.


Hünärmenler ilkinji ýazuw guraly hökmünde galamy maslahat berýärler, sebäbi galam bilen ýazylanda çaganyň (ýa-da uly adamyň) eliniň myşsalarynyň  dartgynlygyny gowşatmak aňsat. 


Ruçka hem biziň häzirki gündelik durmuşymyzda köp ulanýan guralymyzdyr. Emma ruçkada hat ýazýanlar köplenç myşsa tonusynyň ýokarlanmagyny başdan geçirýärler-sebäbi ruçka hemişe basyş talap edýär. Birinjiden bu çalt ýadatýar, ikinjiden bolsa wagtyň geçmegi bilen duruşyň bozulmagyna sebäp bolýar.
Emma şeýle-de bolsa dünýäde häzirki döwürde ruçka bilen ýazýanlar has agdyklyk edýär.
Size haýsy guralda ýazmak has amatly? Galam-my ýa-da ruçka! 

54 |
|