Teswirler (37)

Ýüklenýär...
User Avatar

Programma Inženeri

Makalam 7 aýlyk

2 minut alar

Makalam proýektine başlanymyzdan bäri eýýäm ýarym ýyldan gowyrak wagt geçdi we başlan wagtymyz köp ulanyjylarda herhili şübheler bolanam bolsa aktiw şekilde ulanylmaga dowam edilýär. Elbetde, makalam häzirem edil isleýän ýerimizde bolmasa-da ýuwaşlyk bilen ulanyjylaryň saýty ulanyşyndan öwrendigimizçe has hem gowulaşdyrmaga dowam edýäris.

Saýt barada şu wagta çenli hiç hili statistika paýlaşmadyk ýöne indi elimizdäki data-lar has stabil ýagdaýa geleni üçin siz bilen şu aýa çenli bolan käbir gyzykly statistikalary paýlaşmak isledim.

Ulanyjy statistikalary

  1. Makalamda şu wagta çenli jemi 390 ulanyjy registrasiýa edip email-ini tassyklady.
  2. Ulanyjylaryň 53%-i Türkmenistandan, 15%-i ABŞ-dan, 13%-i Türkiýeden.
  3. Aýlyk aktiw ulanyjy (AAU) sany: ~1.500.
  4. Hepdelik aktiw ulanyjy (HAU) sany: ~538.
  5. Günlik aktiw ulanyjy (GAU) sany: ~83.
Ulanyjy statistikasy

Makala statistikalary

  1. Makala başyna ortaça halanan (❤️) sany: 4.9.
  2. Makala başyna ortaça teswir sany: 5.94.
  3. Makalalaryň ortaça okalýan wagty: 1 minut 16 sekunt.
  4. Makalamda ulanyjylaryň ortaça geçirýän wagty: 6 minut 37 sekunt
    1. Bu statistika soňky aýlarda iň köp ösüş görkezenlerden, soňky 30 gün üçin bu statistika: 9 minut 16 sekunt.
Ulanyjylaryň ortaça geçirýän wagty

Mazmun statistikalary

  1. Makalamda şu wagta çenli 353 makala çap edildi (gadagan edilenler ýa pozulanlar hasap edilenok).
  2. Makalam-da iň köp ýazylýan temalar Bilim, Psihologiýa, Okuw, Programmirleme, Taryh.
  3. Iň köp halanan makala: Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys.
  4. Iň köp görülen makala: Pedagogika we psihologiýa sertifikaty bilen mugallym bolup bolýarmy?!
  5. Iň köp teswir alan makala: Bilim we din: ýaşaýşyň manysyny tapmak üçin ikisi hem zerur (Tankydy makala)

Indiki gowulaşdyrmak isleýän statistikalarymyz:

  1. Makalalara "hil" bahasy bermek we mundan soňraky çykjak makalalaryň hilini gowulaşdyrmak.
    1. Muny başarmak üçin awtorlara kömek etjek gurallar gurarys.
  2. Halaýan ýazyjylaryňyz täze makala çap edende ýa birileri siziň makalaňyza teswir ýazsa ýa halasa habarly etmek (notifications).
  3. Ulanyjylaryň saýtda täze makalalary, awtorlary tapmagyny ýeňilleşdirmek we şahsylaşdyrmak.
  4. Has köp okyjylara ýetmek üçin mobil programma düzmek.

Ýakynda gyzykly täzelikler bilen görüşýänçäk!

156 |