...

Yaran Yagmur

@yaran
Jemgyýetçilik işgäri

Taryh, dil, edebiýat we sagdyn durmuş ýörelgesi barada ýazmagy halaýaryn

"Maňa söýmegi öwret!"

Senekanyň makalasy maşgala durmuşynyň binýady bolan söýginiň näme üçin krizis ýagdaýyna düşüp, soňam gutarýandygy barada. Häzirki zaman dünýäsinde ýaş ynsanlar esasan öz saýlap-seçenleri bilen söýgi, özara ymtylma, ysnyşyk esasynda maşgala gurýarlar. Öňki nesilleriň iňňän kämil wekilleriniň hem öň tanamaýan ýa-da daşyndan tanaýan ynsanlary bilen gudaçylyk esasynda bagtly maşgala bolup ýaşanlary bolandyr, oňa söz ýok. Bagtly maşgala bolup ýaşamak üçin, belki, nika çenli söýgi hökmanam däldir. Är-aýallyk söýgüsi nikadan soňam başlanyp biler. Käbir beýik şahyrlarymyz üçin…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 5

Onsoň men ol mollaçara Pyragy atamyzyň “Süýji-süýji salar hasaba dünýä, ajy-ajy goýar azaba dünýä” diýlenidir. Sen patyşy bolup, äpet metjit saldyranyňda näme, onuň o dünýäde bir kürüşge süýtçe sogaby boljakdygyna kepil barmy? Allatagalanyň öz hasaby bar. Minnet garyşan ýerinde ybadatyňam, amalyňam, sogabyňam agramy püçekdir” diýip, ýüz görmän öz garaýşymy aýtdym. Bir başlasam meni duruzmak kyn. Görnüşine görä, söhbetdeşimiň özüniň jennetiligine birmahaldan bäri mizemez ynamyna ilkinji gezek şek ýetiren men bolup çykdym. “O nähili beýle bolýar?…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 5

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 1

Tebigat dünýäsinde HÖKMANYLYK kanuny höküm sürýär. Tebigatyň dürli derejedäki kanunlary – mehaniki, fiziki, himiki, biologiki... kanunlary hökmanylyk kanunyna tabyndyr. Biz dünýäde dirikäk hökmanylygyň erk-ygtyýanda. Onuň garşysyna gidip, ynsan tebigat dünýäsinde ýol alyp bilmeýär. Emma oňa tabyn bolup, bimöçber mümkinçilikleri eýe bolup bolýar. Elbetde, munuň üçin akyl-paýhas, tejribe-derňew we ylym-bilim arkaly şol kanunlary ele almaly. Ine, şonda tebigatyň ähli kanunlarynyň binýadynda ýatan HÖKMANYLYK kanuny, Aladdiniň jadyly çyrasynyň jyny ýaly seniň hyzmatyňda bolýar, tebigatyň bir ýekeje kanunyny…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 1

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 2

Görnüşine görä, hut şeýle bolubam çykýar. Emma hak diniň hakykatlary düýbünden başga zat. Hak diniň hakykatlary ynsan biliminiň hakykatlaryna mahsus bolan ählumumylygy hem, hökmanylygy hem, şolara hemra bolan mejburylygy hem bilenoklar. Hudaýyň erki olara baglananogam, olara syganogam, ol – bulardan başga, bularyň üstündäki bir zat. Meselem, aýdaly, ynsanyýet dünýäsinde hukuk diýen zat bar, hukuk namasy bolan kanunlar bar. Kanuna ählumumylyk we hökmanylyk mahsus, şoňa görä-de kanunçylygyň hukuk namalary özleriniň degişli bolan pudagynyň çägindäki hukuk gatnaşyklaryny…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 2

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 4

Beýle ýagdaýa düşen adamyň esasy ýalňyşy − Hudaýyň hemme günälileri ählumymylyk we hökmanylyk kanunyna laýyklykda tutuşlygyna topbaklap, dowzaha salmaga mejbur däldigine, Onuň erkiniň azatdygyna, Allanyň ýalkawynyň we gargyşynyň ynsanyň dünýädäki etmişlerine görä has ezelidigine düşünmeýändikleri. Sen näçe günäkärem bolsaň, entek dirikäň Hudaýyň bu dünýäde-de, o dünýäde-de seniň üçin näme taýýarlandygy saňa mälim däldir. Ýaradandan biidin öz ykbalyňy bir tarapa çözüp oturybermegiň özi küpürligiň we gedemligiň aňrybaşydyr. Allatagalanyň bendesi bolsaň, öňde-soňra Onuň ygtyýaryndasyň. Şonuň üçinem şunça…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 4

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 3

Adamlar diňe tebigatyň kanunlaryna däl, eýsem köplenç öz döreden kanunlaryna hem tabyn bolup, şolaryň çäginde ýaşaýarlar. Bu örän gowy zat. Emma Hudaý barada, aýdaly, jemgyýetiň hukuk sistemasyna analogik bir göz öňüne getiriş arkaly pikir ýöretmek, meselem, Hudaýy adamlara iş kesýän kazy (dünýewi ýa-da dini – tapawudy ýok) mysaly kabul etmek Onuň many-mazmunyny gaty ýöntemleşdirmek bolar. Kazy öz alyp barýan işinde el-aýagy bilen kanuna baglydyr. Eger Siz kanuny bozan bolsaňyz, özüniň Size şahsy garaýşyna bagly bolmazdan,…

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 3

Çaga aklyňa döneýin...

Seýrek duş gelýän agyr kesele uçran gyzjagazyň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýärdi. Onuň hut şol hassalygy geçirip, bir täsinlik bilen diri galan bäş ýaşlyja oglan jigisiniň bardygyny bilen lukman ondan uýasyna gan guýmagyň ýeke-täk çykalgadygyny mälim etdi. Lukman ol oglanjykdan uýasyna gan bermäge razyçylygyny soranda, onuň ýüzi ak tam boldy. Soňra gözlerini mölerdip: − Men ganymy bersem, uýam ýaşarmy? – diýip sorady. − Howa, şeýtsek uýaň hökman ýaşar. Şondan soň oglanjyk aýgytlylyk bilen başyny atdy. Gan guýmak…

Çaga aklyňa döneýin...

Ýeňiş taýýarlygy söýýär / Tymsal

Ir säher bilen meýdanda atyny gezdirip ýören ýaş ýigit ýoldan geçip barýan goja seýis bilen salamlaşandan soň ondan haýyş edýär: − Menem atymy çapyşyga taýýarlamakçy, atam. Kyn görmeseňiz maňa kömek bolar ýaly bir ýekeje maslahatyňyzy beräýiň! − Sen atyňy näçe aýlawa salmakçy? − Sekiz aýlawa. − Beýle bolsa sen ony on iki aýlawa taýýarla, şeýtseň baýrak alarsyň, oglum. Meniň ýekeje maslahatym, ine, şu. Eýsem-de bolsa, bu degerli maslahat diňe seýisçilige degişli däldir. Durmuş atly ullukan…

Ýeňiş taýýarlygy söýýär   / Tymsal

Özi ekeni...

Uçar menzilindäki dükançada satylýan gaýmaklyja kökäniň hyrydary az däldi. Bir ýaş zenan hem ol kökeden bir gutusyny aldy-da, ýantorbasyna saldy. Soňra ol kitaphon gelin golaýdaky kitap-žurnal satylýan dükançada hem ep-esli eglendi. Onuň uçarynyň ugramagyna bir sagat dagy wagt bardy. Ýaş zenan uzyn oturgyçda ýer tapyp, rahat oturdy-da, täze satyn alan kitabyna gümra boldy. Gapdalyndaky kökeli guta käwagt elini ýetirip, agzyny süýjedip oturan gelin ýanyndaky nätanyş ýigidiň arada duran gutudan käte birki kökäni alyp iýýändigini duýdy.…

Özi ekeni...

Uistleriň çagalary

Adatça suratkeşleriň hersiniň öz ýykgyn edýän temasy bar. Diňe deňzi, diňe daýhanlary ýa-da diňe atlary çekip öten suratkeşler bar. Olaryň käbirleri adam şeklini asla çekmändirler. Tebigatyň keşbini çekmek bilen mübtela bolan meşhur rus suratkeşi Isaak Lewitanyň diňe ýekeje “Güýz güni” diýen eserinde bir zenanyň sudury bar, ony hem suratkeşiň dostlary çekipdirler. Emma munuň tersine-de bolup bilýär. Amerikan suratkeşi Jeýms Makneýl Uistler (1834-1903 ýý.) turuwbaşdan adamsyz surat çekip bilmeýär eken. Şonuň üçinem 1854-nji ýylda onuň harby…

Uistleriň çagalary