Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Uistleriň çagalary

2 minut alar

Adatça suratkeşleriň hersiniň öz ýykgyn edýän temasy bar. Diňe deňzi, diňe daýhanlary ýa-da diňe atlary çekip öten suratkeşler bar. Olaryň käbirleri adam şeklini  asla çekmändirler. Tebigatyň keşbini çekmek bilen mübtela bolan meşhur rus suratkeşi Isaak Lewitanyň diňe ýekeje “Güýz güni” diýen eserinde bir zenanyň sudury bar, ony hem suratkeşiň dostlary çekipdirler.

Emma munuň tersine-de bolup bilýär. Amerikan suratkeşi Jeýms Makneýl Uistler (1834-1903 ýý.) turuwbaşdan adamsyz surat çekip bilmeýär eken.

Şonuň üçinem 1854-nji ýylda onuň harby okuw jaýynda çyzuwçylyk (чертежник) ugrundan okuwy uzaga çekmändir. Sebäbi ol ähli işlerinde adamlary şekillendirip, mugallymlaryň gaharyny getirýän eken. Meselem,  köprini çekmegi tabşyranlarynda, ol ýaşyl maýsaly kenarlary birikdirip duran owadan daş köprini, onuň üstünde bolsa balyk tutup duran iki sany çagany çekýärmiş.

– Köpriň gowy welin, ol çagalar näme? Bu sap inženerçilik ýumuş ahyryn! – diýip,  mugallym gatyrganýar.

Uistler täzeden ýerine ýetirip tabşyran işinde çagalary köprüden aýrypdyr. Olary aňyrda, kenaryň boýunda balyk tutmaga goýupdyr.

– “Çagalary aýyr” diýdim saňa! – diýip, mugallym gygyrýar – Diňe köprüden däl, tutuş suratdan güm et  şolary!

Talybyň üçünji gezekde elten işini synlan mugallym:

– Ine, bu bolýar, indi çagalar-a ýok. Ýöne kenardaky ho-ol üsti dörtburç daşly iki sany tümmejik näme? – diýip soraýar.

– Çagalar aýryldy, jenap – diýip, Uilster uludan dem alýar – Üsti daşly tümmekler  şol  neressejikleriň  mazary  bolmaly...

Şeýlelikde, ylham-hyýaly inženerçilik çyzgylara sygyşmaýan Jeýms Makneýl Uistler çyzuwçylyk hünärini goýbolsun edip, suratkeşlige ymykly baş goşýar we Ýewropada ady belli ussat bolýar. 1930-njy ýylda onuň heýkeli ABŞ-nyň iň meşhur raýatlarynyň hatyrasyny özünde saklaýan Şöhrat galereýasyna girizilýär (ol ýere adamyň hatyrasy diňe ol ölenden çärýek asyr (25 ýyl) soňra girizilýär).

Şu wakalar bilen baglanyşyklymy, ýa-da tötänleýin gabat gelmemi, garaz, ýadyňyzda bolsa, Gurbannazar Ezizowyň köp dillere terjime edilen bir kiçijik goşgusynda-da hemme zada adamyň şeklini berýän, şonuň üçinem surat mugallymyndan hemişe käýinç eşidýän we ikilik alýan okuwçy barada gürrüň berilýändir. Emma ol oglanjyk her närsäni ynsan keşbinde  şekillendirmese bolanok:

 

 SURATÇY  OGLAN  

  (G.Ezizow)

Çekdi oglan dag suratyn adama meňzeş.
Çekdi oglan bag suratyn adama meňzeş.

Uzyn günläp deňiz çekdi, gül çekdi,
Hemmesine jan  beräýseň,  adam  deý:
«Ah, ýaşamak hezil!» diýip  güljekdi.

Ertesi  gün  surat  dersi
Mäkäm  gysyp  dişlerin,
Ine,  okuwçylaň  hersi
Görkezýär  öz  işlerin.

Otyr  oglan,  ,
Depderinde  ençe  ýürek  müňzeýär.
Günem – Adam.
Gülem – Adam,
Asyl çeken ähli zady adamlara meňzeýär.

Mugallyma  köp  zeýrendi:
«Wah,  seniňki  şol  bir  zat –
Günem  çekseň– Adamzat.
Gülem  çekseň – Adamzat».

Näzik şemal şahalarda  çalyp otyr sykylyk,
Barýar oglan  öýlerine, depderinde ikilik.
Gökde  güneş  adam  ýaly:
«Gam  çekme, oglan!» – diýdi.
Ýerde  güller  adam  ýaly:
«Gam  çekme, oglan!» – diýdi.

...Ertesi  gün  uzakda
Doganda  güneş,
Oglan  ýene  gün  çekdi
Adama  meňzeş!
 

61 |