2 minut alar
Ömür Ýolunyň Ýolagçysy Şäheriň galmagally köçelerinden bazara tarap ýöräp barýardym. Birdenem gözlerim garryja, saçlary çalaran, köneje eşikli, ýyrtyjak aýakgaply bir ýaşula düşdi. Daşyndan seredip, 60 ýaşlaryndan geçendir diýip çakladym. Egnine haltadan öz elleri bilen tiken kirlije sumkasyny sallapdyr. Bilmedim, ol sumkanyň içinde näme bar?! Belki, bir döwüm çörekdir, suwudyr... Belki-de içinde birnäçe gyzyl alma bolmagam ahmal. Ýöne ol daýy öz elleri bilen tiken şol çuwal sumkasynda, aslynda durmuşyň iň agyr synaglaryny, üstünliklerini we hasratlaryny göterip…