Fizika

Degmek, ellemek çyn zatmy?!

Degmek, ellemek näme zat? Degip bilýärsmi? Degdik diýemizde, çyndanam bir zada degen bolýasmy? Aslynda biz hiç zada degmeýäris. Elim ýüzüme degýär diýip bileris ýöne aslyna seretsek, degmek diýilen zat, beynimiziň atomlaryň bir-birilerini sähel itişine goýan ady. Elimiň atomlary ýüzümiň atomlarynyň ýanyna golaýlanda aslynda olary itýän bir güýç bar-elektromagnetiki güýç . Atomlar bir-birileriniň içine girmez; bize gorä bir-birilerine degip duran iki zadyň negative zaryatly elektronlary bir-birilerini iter. Bu itiş güýjüni duýan wagtymyz beynimiz bize degýändirs öýtdürýär.…

Degmek, ellemek çyn zatmy?!

Temperatura - Kelwin we Selsius

Kelwin we Selsius - bular temperaturanyň ölçeg birlikleridir. Fizika/himiýa bilen gyzyklanýanlar bularyň tapawudyny eýýäm bilýändir, ýöne bular nireden gelip çykýar? Bularyň tapawudyna geçmezden öň, ilki bilen temperatura we gyzgynlygyň nämedigine düşüneli. Temperatura - bu bir maddany emele getirýän atomlaryň biri-biri bilen çakyşyp, wibrasiýa netijesinde emele getirýän energiýasynyň ortaça bahasydyr. Ýagny, pes temperaturada atomlar has haýal hereket edýärler, we biri-birileri bilen has az çakyşyp has az energiýa döredýär. Ýokary temperatura-da bolsa atomlar has tiz hereket edýärler…

Temperatura - Kelwin we Selsius

Meşhur alym Mari Kýuri 1934-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň bedeni we goş-golamlary henizem radiasiýa saçýar

Ylym dünýäsiniň iň möhüm aýallarynyň biri bolan Mari Kýuriniň bedeni we goş-golamlary aradan çykandan bäri geçen 90 ýyla garamazdan, radiasiýa çykarmagyny dowam edýär. Radioaktiwlik boýunça eden işleri üçin diňe bir, iki sany Nobel baýragyna mynasyp bolman, eýsem "häzirki zaman fizikasynyň enesi" diýlip hem atlandyrylýan Mari Kýuri gynansak-da, radioaktiw elementler poloniý we radiý boýunça geçiren barlaglaryndan diri galmady. Bu barlaglar oňa hemişelik ylmy mirasy berse-de, şol bir maddalar hem onuň bedenine hemişelik zyýanly täsirini ýetiripdir. Kýuri…

Meşhur alym Mari Kýuri 1934-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň bedeni we goş-golamlary henizem radiasiýa saçýar

Näme üçin gulagymyzy parta goýamyzda galamyň sesini has gowy eşitýäris?

Sebäbi ses tolkunlary atomlaryň biri-birlerini itişmesi arkaly ýaýraýar. Gaty maddalarda atomlar biri-birilerine has ýakyn bolandygyndan ses tolkunlaryny has tiz we gowy daşap bilerler. Emma gulagymyzy parta goýaýan ýagdaýymyzda ses tolkunlary gulagymyza gaty madda bolan partanyň atomlarynyň üsti bilen gulagymyza ýetýändigi üçin has gowy eşitýäris. Emma howa sereden wagtymyz gaz bolandygy üçin we gazlardaky atomlar biri-birilerinden has daşda bolandygy üçin gaty maddalardaky ýaly gowy ses tolkunlaryny daşap bilmezler. Edil şular ýaly basseýne gidemizde kellämiz çala suwa…

Näme üçin gulagymyzy parta goýamyzda galamyň sesini has gowy eşitýäris?

Älem modelleri 2

Älem modelleri-2 Tükeniksizligi we syry bilen älem-jahan, alymlaryň we filosoflaryň ünsüni özüne çekýän temadyr. Biz bilýän kosmik älem modellerinden başga-da älemiň az bilinýän we gyzykly nusgalary hem bar. Bu makalada älemiň az bilinýän käbir modellerine üns bereris we bu modelleriň nähili işleýändigi barada size umumy maglumat bereris. Albert Eýnşteýniň älem modeli: Eýnşteýniň eplenýän älem modeli Eýnşteýniň älem modeli dartyş güýjüniň kosmosa we wagta nähili täsir edýändigini düşündirmek üçin ulanylýar. Älem-jahanda bar bolan massanyň we energiýanyň…

Älem modelleri 2

Yokary tehnologiyalaryn fizikasy

Ylym elmydama jogap almak ýa-da teoriýany ösdürmek üçin çemeleşmeleriň birleşmesine bil baglaýar. Darwiniň tebigy seçim teoriýasy üçin tohumlar Gerkulyň gözegçilik, maglumatlar we tejribe toplumy astynda ösdi. Lazer interferometr grawitasiýa-tolkun obserwatoriýasy (LIGO) tarapyndan agyrlyk güýjüniň tolkunlarynyň has soňky tassyklamasy teoriýanyň, synagyň we hasaplamanyň onlarça ýyllap özara baglanyşygy boldy. Bu maksada ýetmek üçin desga 2016-njy ýylda ylmy dersler boýunça maglumatlara esaslanýan açyşlara has gowy mümkinçilik berýän hasaplama usullaryny öwrenmek we kämilleşdirmek üçin ALCF Maglumat Ylym Maksatnamasyny 2016-njy…