Kino Syn

ATAMYŇ PENJEGI filmine ýazan goşgym

Goşgyny filmde aýdym edip ulanmak pikirimiz bardy. Kompozitor sazyny ýazyp ýetişmedi. Ony bärde siziň bilen paýlaşýanymyň sebäbi, kinoda oňa bir bada düşünmek kyn diýdiler. Ünsüňi oglanjygyň hereketleri alýar diýdiler. Filmi Ýou tube goýupdyrlar. Atamy n penjegi diýip ýazylsa çykýar. Atamyňda soňky harp n bolmaly. Film hakyndada pikir alyşsak begenerdim. Ýürege çalymdaş bägül, Her säher aglar. Beýik dag görünmez kä gün, Dumany baglar. Geçmejegi ýok geleniň, Aýlanýar heňňam. Öz nobatyň gelenin, Galýarsyň duýman. Penjegiň boýuna deňär,…

ATAMYŇ PENJEGI filmine ýazan goşgym

GELIŇ, KINO HAKYNDA GÜRRÜŇ EDELIŇ

Biziň döwrümizde kino hakynda köp gürrüň edilerdi. Hiç kimiň aladasy görünmek däldi, görenlerini aýtmakdy. Hasam Şükür bagşy kinosy ýaňy çykaýan döwürlerde. Bu kinony gören haýrandy. Hatda Çingiz Aýtmatam ony gowy görüpdir diýişerdik. Uly ýazyjyň Şükür bagşa beren bahasy her kimiň dilindedi. Şükür bagşyny täzelikde-de gördüm. Onuň şol gowulygy. Könelmändirem, “häh şu taýsyny oňarmandyrlar ekenowam” diýdirenok. Soň pikir etdim, bu kino näme üçin şeýle täsirlikä? Şükür bagşy köpçülige görä pikir edenok. Onuň ýaşaýyşa, bolýan wakalara özüçe…

GELIŇ, KINO HAKYNDA GÜRRÜŇ EDELIŇ

Perfect days - pursady ýaşamagyň sungaty

Surat bu çeşmeden alnan: https://news.1242.com/article/486103/photo/486144 Biriniň geçen günleri ýatlap, bu günler barada igenip başlaýan wagty aňyryňa öwrülip, gözüňi agdarasyň gelýär, öňki adamlaryň has mähirli bolandygy barada, öňki aýdymlaryň, durmuşyň has gowy bolandygy barada diňlemäge özüňi taýýarlamak bilen bolýaň. Wim Wenders bolsa muny şeýle bir ussatlyk bilen edýär welin, oňa ynanasyň gelýär, we hat-da biraz gözüňem gidýär. The New Yorker bilen söhbetdeşliginde Wenders özüniň nostalgiýa, köne zatlary küýsemage, ýykgyn etmeýändigini aýtsa-da, onuň soňky filmi “Perfect days”…

Perfect days - pursady ýaşamagyň sungaty

YLMY FANTASTIKI FILMLERDE MAKSATLARYNDAN SOWULAN 8 ROBOT

YLMY FANTASTIKI FILMLERDE MAKSATLARYNDAN SOWULAN 8 ROBOT Giriş Ylmy fantastika, hyýalyň çäklerini öňe sürýän we tehnologiýanyň adam durmuşynda oýnaýan roly baradaky žanry hökmünde hemişe uly ünsi özüne çekýär. Bu filmleriň iň täsir galdyryjy elementlerinden biri, şübhesiz, robotlar we emeli intellekt. Asyl maksadyndan sowulmagy bilen bu gahrymanlar diňe bir hekaýalara ajaýyp ölçeg goşman, eýsem adamzat bilen tehnologiýanyň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklary çuňňur soraglamaga mümkinçilik berýär. Bu makalada Altrondan Skaýnete çenli ylmy fantastika taryhynda iň ýatdan çykmajak 10…

YLMY FANTASTIKI FILMLERDE MAKSATLARYNDAN SOWULAN 8 ROBOT

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

Surat şu çeşmeden alnan: https://www.imdb.com/title/tt13238346/ Daşary ýurtda ýaşap başlanymda ilkinji halan zatlarymyň biri kinoteatra gidip kino görmek boldy. Ýakynda göçen kiçijek şäherime geläýen wagtlarym uly kinolary görmek üçin niýetlenen kinoteatr ýok diýip aldygyna igenýädim: indi men Nolany ýa Villeneuve-y kiçijek ekranda görmelimi (görkezseler elbetde). Ýöne kiçi kinoteatrlaryň gözelligini görmegime köp wagt gerek bolmady. Kinoteatrymyň diňe özi kiçi däl, görkezýän filmlerem kiçi. Ýagny kiçi büjet bilen düşürilen. Oňa barýan adamlar hem ýörite şo kiçi büjetly kinolar…

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

Mynajat / Toýly Jänädow

8-nji mart Halkara zenanlar güni gutly-mübärek bolsun! Mähriban enelerimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, ruhlary belent, görjekleri diňe gowulyk bolsun! Dünýe dursun, bizi dünýä indiren mähriban enelerimiz dursun! Ejiz guluň dileg edýär ýalbaryp, Jan käbäme saglyk bergin Hudaýym! Dogamy kabul et, arşa galdyryp, Jan käbäme ömür bergin Hudaýym! Bar zady ýaradan gudratly Huda, Seniň gudratyňa mätäç men juda, Dilegmi goýmawer bu gün bihuda, Jan Käbäme saglyk bergin Hudaýym! Juma agşam, bu mübärek gijede, Rehim…

Soňky Sözler

Ölümden öňki bir sekuntda tutuş durmuşyň göz öňüňden geçýär diýip aýtýardylar. Birinjiden, şol sekunt asyl sekunda deň däldi. Bir sekunt edil wagt ummany ýaly uzakdy. Meniň gezegimde, skaut lagerinde arkalykgan ýyldyzlara seredişimdi we saralan agaçlardan gaçan ýapraklaryň köçämizi tutyp duruşydy. Ýa-da mamamyň elleri we onuň derisiniň kagyza meňzeşligindedi… we Toni daýymyň alan brend-täze maşynyna birinji gezek synlaşyşymdady; we Jeni … Jeni … hem-de Kerolin . Belki-de başymdan geçiren zatlaryma meniň içim ýanyp bilerdi, emma dünýäde…