Teswirler (14)

Ýüklenýär...

ATAMYŇ PENJEGI filmine ýazan goşgym

1 minut alar

Goşgyny filmde aýdym edip ulanmak pikirimiz bardy. Kompozitor sazyny ýazyp ýetişmedi. Ony bärde siziň bilen paýlaşýanymyň sebäbi, kinoda oňa bir bada düşünmek kyn diýdiler. Ünsüňi oglanjygyň hereketleri alýar diýdiler. Filmi Ýou tube goýupdyrlar. Atamyn penjegi diýip ýazylsa çykýar. Atamyňda soňky harp n bolmaly. Film hakyndada pikir alyşsak begenerdim.

Ýürege çalymdaş bägül,

Her säher aglar.

Beýik dag görünmez kä gün,

Dumany baglar.

 

Geçmejegi ýok geleniň, 

Aýlanýar heňňam.

Öz nobatyň gelenin,

Galýarsyň duýman.

 

Penjegiň boýuna deňär,

Adyň dakylan.

Ynsan bir gury töňňe däl,

Gyşda ýakylan.

 

Gynanmagyn gidene,

Galar penjegi.

Garaşar durar geýene,

Öýde penjegi.

126 |